Giriş.
2024-nji ýylyň 19-22-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler, bu waka çagalaryň önümleri
we hyzmatlary pudagynda möhüm pursat bolup, işewürler üçin bu bazar segmentiniň ösmegine goşant goşmak üçin
ajaýyp mümkinçilik döreder.
«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän
kompaniýalaryň innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, bazary täze
mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp biljek platformasy bolar. «Kids Ekspo» diňe bir ýerli
kärhanalar üçin meýdançany bermek bilen çäklenmän, eýsem türkmen söwda markalar
üçin bütin dünýäniň bazaryna çykmaga döredilen bir açyk penjire hökmünde
mümkinçilik bolar. Sergimiziň
ekspozisiýasy, dünýäniň dürli künjeklerinden halkara hyzmatdaşlaryň,
maýadarlaryň we çagalar pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekmäge gönükdiriler.
Serginiň
geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy.
Aşgabat şäheri, Türkmenistan.
Serginiň
geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 19-22-nji awgust aralygynda - 09:00 – 18:00
Sergä gatnaşyjylar.
Türkmenistanyň, ýakyn we uzak ýurtlarynda çagalar
harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän kärhanalar, guramalar, hünärmenler we
jemgyýetçilik birleşikleri, telekeçiler, hususy şahslar.
Eksponatlar.
Sergi-ýarmarkasy oýunjak, bilim, saglyk,
güýmenje we beýleki goşmaça hyzmatlar ýaly çagalar üçin harytlaryň we
hyzmatlaryň ähli ugurlaryny öz içine alar. Sergi ýarmarkada hil taýdan başgada,
oýunlar we çagalar önümleri pudagyna aýratynlygy bilen tapawutlanýan we
ugurtapyjylygy görkezýän adaty we az tanalýan markalar hem görkeziler. Sergi-ýarmarkanyň
bölümleri:
• Täze
doglan çagalar we bäbekler üçin önümler.
• Mekdep üçin harytlar (kanselýariýa, çagalar mebeli)
• Çagalar üçin bilim we okuw.
• Oýnawaçlar we okuw esbaplary.
• Çagalaryň durmuşynda tans, aýdym-saz we sungat.
• Çagalaryň saglygy we howpsuzlygy.
• Çagalaryň biliminde innowasiýa tehnologiýalary.
• Çagalaryň edebiýaty we kitap okamak.
• Sport we beden taýdan ösüş.
• Döredijilik we çeperçilik işjeňligi.
• Daşky gurşawy goramak we durnuklylyk.
• Çagalaryň modasy we stili.
• Çagalar üçin güýmenje we çäreler (dynç alyş üçin hemme zat).
• Sungat we aýdym-saz bilimi.
• Inklýuziw bilim we aýratyn zerurlyklary bolan çagalara ideg.
• Maşgala gymmatlyklary we terbiýe.
• Çagalar üçin howpsuzlyk tehnologiýalary.
• Çagalar üçin iýmitlenmek we sagdyn iýmitlenmek.
• Maşgala güýmenjesi we çagalar bilen syýahat etmek.
• Çaga psihologiýasy we ösüşi.
• Çagalar üçin interneti howpsuz ulanmagyň tehnologiýalary.
• Çagalaryň ösmeginde ene-atalaryň orny.
• Çagalaryň syýahatçylygy we syýahaty.
• Çagalar üçin interaktiw açyk meýdançalar.
• Çagalar üçin döredijilik çäreleri we ussatlyk sapaklary.