PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Hil dolandyryş ulgamynyň syýasaty

Hil dolandyryş ulgamynyň syýasaty

(Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergileri we ýarmarkalary 

guramak we geçirmek bölüminiň hil dolandyryş ulgamynyň syýasaty) 

 

Sergileri we ýarmarkalary guramak we geçirmek barada:

Türkmenistanyň Söwda-senagaty edarasy (TSSE), Türkmenistanyň çäginde we beýleki ýerlerde geçirilen sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlarynyň guramaçysydyr. Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işleri netijesinde, döwletimiz Halkara Sergi býurosynyň (Halkara hökümetara guramasy, 1928-nji ýylda gol çekilen Halkara sergiler baradaky Pariž konwensiýasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün ediji) howandarlygynda geçiriljek Bütindünýä sergisinde (EKSPO) üstünlikli wekilçilik edilýär. 

Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda geçirilýän ähli sergi-ýarmarka çärelerine we konferensiýalara degişlilikde, Türkmenistandaky sergiçilik işewürliginiň umumy hukuk, ykdysady we jemgyýetçilik esaslary "Sergileri we ýarmarkalary guramak hakynda" Düzgünnamasynda, şeýle hem TDS 1706-2021 "Sergi we ýarmarka işi. Adalgalar we kesgitlemeler" kesgitlenen.

Hil dolandyryş ulgamynyň syýasaty Düzgünnamany durmuşa geçirmäge we berilýän hyzmatlaryň yzygiderli ýokary hiliniň üsti bilen ähli gyzyklanýan taraplaryň kanagatlanmak derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

 

Işewürlik wezipesi: 

Sergi we ýarmarka işi sergä gatnaşyjylaryň işini göz öňüne getirmäge, özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin işewür gatnaşyklary gurmaklygy üpjün edýär we şeýlelik bilen döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegine möhüm goşant goşýar.

 

Öňden görüjilik: 

Berilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, halkara ülňüleriniň talaplaryna we ýörelgelerine laýyklykda, sergä gatnaşyjylaryň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmakda ýurduň içindäki we daşary ýurtly işewür wekiller bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy üpjün edip bileris.

 

Strategiki maksat:

Ýurtda we daşary ýurtlarda sergileri we ýarmarkalary guramakda hem-de geçirmekde, Türkmenistanyň sebitdäki iri sergi-ýarmarka we kongress merkezi hökmünde abraýyny pugtalandyrmak üçin liderlige tarap barýarys.

 

Ýolbaşçylyk borçlary:

Hil syýasatyny we Sergi-ýarmarka işewürligini ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin edaranyň ýolbaşçylary aşakdakylary ýerine ýetirmäge borçlanýar:

- gyzyklanýan taraplaryň zerurlyklarynyň dinamikasyny yzygiderli öwrenmeli we olary ýerine   ýetirmäge taýynlygy üpjün etmek üçin öňüni alyş çärelerini ulanmaly;

- esasy öndürijilik görkezijilerini kesgitlemek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

- gazananlarynyň netijeliligine yzygiderli gözegçilik etmek bilen işewürlik amallary üçin hil maksatlaryny kesgitlemek;

- halkara ülňüleriniň talaplaryna hemişelik laýyk gelmäge we hil dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri meýilleşdirmek;

- zerur serişdeler bilen üpjün etmek bilen amallary dolandyrmak tehnologiýalarynyň möhüm ýokarlandyrylmagyny meýilleşdirmek we oňa ýetmek;

- hil maksatlaryna ýetmek üçin serişdeleriň paýlanyşyny optimizirlemek;

- döwletiň içinde we daşynda ýokary hilli hyzmatlary ösdürmek;

- sergileri, ýarmarkalary we kongressleri guramakda we geçirmekde, hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda dünýä tejribesini öwrenmek we ulanmak;

- bölümiň işgärleriniň hünärlerini yzygiderli öwretmek we ýokarlandyrmak;

- döwlet edaralary, raýat jemgyýeti gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we döwletiň içinde we daşynda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak.

- edaranyň işi bilen göniden-göni baglanyşykly Türkmenistanyň we halkara guramalarynyň kanunçylyk we kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek.

Ýolbaşçylyk jogapkärçiligi:

 

Syýasaty durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmekden we Syýasatyň maksatlaryny ähli derejedäki işgärlere we gyzyklanýan taraplara ýetirmek üçin jogapkärdir.