Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagyna, döwrebap senagat, maliýe we söwda düzümlerini emele getirmäge, telekeçilik işi üçin amatly şertleri döretmäge, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady, ylmy we tehniki gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermek maksady bilen döredildi.
Ýurtda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny ösdürmäge ýardam bermek Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ileri tutýan wezipesidir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy türkmen edaralaryna we hususy telekeçilere daşary ýurt bazarlarynda işlerini amala aşyrmaga ýardam berýär. Ilkinji nobatda, diňe ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurt telekeçilerine hem gowy hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek, şol sanda:
• Seljerme namalaryny we harytlaryň gelip çykyşy hakynda ST-1 sertifikatlaryny bermek,
• haryt seljermesini geçirmek,
• gümrük beýannamalaryny resmileşdirmek,
• maddy serişdeleriň könelme derejesini tassyklamak üçin maslahat namasyny bermek,
• fors-mažor ýagdaýlaryny tassyklaýan netijenamalary bermek,
• daşary ýurt dillerinden/daşary ýurt dillerine terjime etmek,
• terjime edilen resminamalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň möhüri bilen tassyklamak,
• dürli görnüşli işewürlik çärelerini (maslahatlar, forumlar we ş.m.) guramak we geçirmek ýaly hyzmatlary muňa mysal getirip bolar.
Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilhanalary, hususy kompaniýalary, bilelikdäki kärhanalary açmaga, islendik guramaçylyk-hukuk görnüşli hojalyk subýektlerini bellige almak we olary ýatyrmak meselelerinde maslahat bermäge ýardam berýär, marketing barlaglaryny geçirmek boýunça hyzmatlary edýär, şertnamalary, ylalaşyklary seljerýär.
Halkara hyzmatdaşlygy:
Hyzmatdaşlyk etmek hakynda baglaşylan ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň esasynda TSSE köp sanly daşary söwda-senagat edaralary we birleşmeleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklaýar.
Esasy iş ugurlary:
• Türkmen telekeçiliginiň dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna goşulmagyna ýardam bermek.
• Türkmen haryt we hyzmat öndürijileriniň eksportyna goldaw bermek
• Köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek
• Işewürlik saparlaryny guramak
• Türkmenistana daşary ýurt telekeçilerini çekmek
Yzygiderli esasda geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary muňa köp babatda ýardam berýärler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi-ýarmarka we maslahat işi:
Sergi-ýarmarka we maslahat işleriniň kämilleşdirilmegi ýurdy ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegä itergi bermegiň, hyzmatdaşlaryň (kontragentleriň), üpjün edijileriň, harytlary, işleri we hyzmatlary öndürijileriň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň, tejribe alyşmagyň, kuwwatly senagat we intellektual mümkinçilikleri bolan Türkmenistan barada oňyn we amatly işewürlik düşünjeleri döretmegiň bir guraly bolup durýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara sergi-maslahat çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup durýar. Olary ýokary halkara derejesinde geçirmek üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy halkara standartlaryna laýyk gelýän ähli zerur düzümleri bar.