“Türkmenistanda öndürilen” milli nyşany döretmek boýunça bäsleşigi geçirmegiň
Tertibi
1. Umumy düzgünler
Şu Tertip “Türkmenistanda öndürilen” milli nyşany döretmek boýunça bäsleşigi (mundan beýläk - Bäsleşik) geçirmegiň şertlerini we tertibini kesgitleýär.
Bäsleşigi guraýjy - Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy.
2. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
2.1. Bäsleşigiň maksady –“Türkmenistanda öndürilen” Milli nyşanyň şekili boýunça tekliplere seretmek we iň gowy şekili saýlap almak.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz işinde Türkmenistan Watanymyzy baý taryhy we medeniýeti bolan, dünýä bileleşiginde harytlary we hyzmatlary öndürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde görkezmeli.
2.2. Bäsleşigiň esasy wezipeleri:
1) Ýokary hilli harytlary üpjün edýän ýurt hökmünde dünýä bazarynda Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmak;
2) ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsir etmek;
3) Türkmenistanda öndürilýän önümleriň, syýahatçylyk obýektleriniň maglumat taýdan öňe sürülmegine ýardam bermek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek.
4) ýurdumyzyň harytlary we hyzmatlary öndürijileriniň abraýyny ýokarlandyrmak, olaryň hilini we ygtybarlylygyny tassyklamak.
3. Bäsleşigiň iş guramalary
Bäsleşigiň guramaçylyk we tehniki meselelerini çözmek üçin Bäsleşigiň Guramaçylyk komiteti (mundan beýläk - Guramaçylyk komiteti) döredilýär. Bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemek üçin Bilermenler geňeşi döredilýär.
3.1. Guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň hataryndan düzülýär. Guramaçylyk komiteti Bäsleşigiň işini we resminama dolanyşygyny utgaşdyrýar, aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýär hem-de iş ýüzünde ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Bäsleşige ugurdaş bolan ähli çäreleri taýýarlamak we geçirmek babatyndaky işi utgaşdyrýar.
Guramaçylyk komitetiniň aýratyn ygtyýarlyklaryna aşakdakylar degişli:
1) Bäsleşigiň çäklerinde tehniki, guramaçylyk, maliýe we gaýry meseleleri çözmek;
2) bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek.
3) Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň web-saýtynda bellige alnan teklipleriň üstünde işlemek;
4) Bilermenler geňeşiniň işini guramak;
6) Bäsleşigiň maglumat binýadyny we arhiwini kemala getirmek;
3.2. Bilermenler geňeşi, bäsleşik işleriniň adalatly seçimini amala aşyrmak, gatnaşyjylaryň hödürlän işlerine baha bermek we ýeňijileri kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden düzülýär.
Bilermenler geňeşiniň aýratyn ygtyýarlyklaryna aşakdakylar degişlidir:
1. Bäsleşige hödürlenen işlere seretmek.
2. Bäsleşige hödürlenen işlere işlenip taýýarlanan ölçütlere, şertlere we talaplara laýyklykda baha bermek.
3. Ýeňijini kesgitlemek we ony sylaglamak.
4. Bäsleşik işlerine bildirilýän talaplar
4.1. Bäsleşige ýurdumyzyň şu ugurlarda iş alyp barýan ýuridiki we şahsy taraplary gatnaşyp bilerler: suratkeşlik, dizaýnerçilik, sanly tehnologiýalar, şeýle heme ýörite çeperçilik mekdepleriniň we çeperçilik akademiýasynyň talyplary, raýatlar.
4.2. “Türkmenistanda öndürilen” Milli haryt nyşanyny döretmek boýunça bäsleşige gatnaşmak üçin, bäsleşige gatnaşyjylar aşakdakylary hödürlemeli:
1) Logotip – Türkmenistanyň halkara bazarlarda tanymallygyny ýokarlandyrmak üçin ulanyljak grafiki nyşan. Logotip jpeg, png, giff formatynda, 1000x1000 px ölçeginde görkezilmeli.
2) Sarp edijileriň ünsüni çekmek üçin Milli nyşan mahabat gatnaşyklarynyň ähli görnüşlerinde ulanylýan habary gysgaldylan görnüşde geçirýän “Türkmenistanda öndürilen” şygaryny özünde jemlemeli.
3) Milli nyşan boýunça konsepsiýa erkin görnüşinde beýan edilip, döwlet dilinde taýýarlanmaly we hödürlenmeli. Milli nyşanyny dürli önümleriň (şol sanda sowgatlyk ruçkalaryň, açara dakylýanlaryň, trikotaž we sport eşikleriniň, başgaplarynyň we ş.m.) ýüzlerinde şekillendirmegiň mysallaryny öz içine alýan albom görnüşinde, şeýle-de mahabat şitleriniň taslamalary, web-saýtlar üçin bannerler we beýleki mahabat önümleri görnüşinde şekilleriniň hödürlenmegi makullanýar. Mundan başga-da, konsepsiýada işiň merkezi pikirini beýan etmek, logotipleriň esasy nukdaýnazarlary boýunça düşündirişleri bermek maksada laýyk hasap edilýär.
5. Bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemegiň tertibi
5.1. Dalaşgärleriň işleri olaryň özleri tarapyndan Bilermenler geňeşiniň öňünde tanyşdyrmalar arkaly hödürlenýär.
5.2. Bilermenler geňeşi işlere seredýär we olara baha berýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda aşakdaky ölçütler boýunça iň netijeli iş kesgitlenýär:
1) Pikiriň üýtgeşikligi we täzeçilligi
2) Aňsat kabul edilişi we ýatda galýanlygy
3) Milli aýratynlyklaryň (milli medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ykdysadyýetiň, syýahatçylygyň gymmatlyklarynyň) şöhlelendirilmegi
4) Çeper keşbiniň bütewiligi
5) Ýerine ýetirilen işiň hili we estetikasy
6) Ýerine ýetiriliş tehnikasynyň özboluşlylygy we çeper usullaryň ulanylmagy
8) Özüne çekijiligi
9) Ýurduň innowasion ösüşe ymtylyşynyň beýany
11) Ulanyş taýdan netijeliligi
5.3. Işlere baha bermegiň netijeleri boýunça Bilermenler geňeşi bäsleşigiň ýeňijisini kesgitleýär.
Bäsleşigiň ýeňijisi Diplom we gymmat bahaly sowgat bilen sylaglanýar.
6. Awtorlyk hukuklary
Bäsleşige gatnaşýan işiň awtorlyk hukuklarynyň berjaý edilmegi üçin degişli dalaşgäriň özi jogapkärçiligi çekýär.
Bäsleşige gatnaşmak bilen, dalaşgär hödürlenen maglumatlary ulanmak babatyndaky hukugyny bäsleşigi guraýjylara geçirýär.
Bäsleşige iberilin işler yzyna gaýtarylmaýar.