PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Hyzmatlar

Maglumat beriş

  • daşary ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hyzmatlar;
  • ýükleriň gümrük deklarasiýasyny resmileşdirmek;
  • harydyň gelip-çykyş şahadatnamasyny bermek;
  • harydyň ýany bilen berilýän resminamalary taýýarlamak;
  • harydyň san, hil, toplumlaýyn ýagdaýy we harydyň, daşynyň, gaplamasynyň ekspertizasy, tehniki ýagdaýy we nyşany;
  • ýük ýüklenende we düşürlende bitewiligine gözegçilik;
  • harydy haryt nomenklaturasy boýunça şertli belgisini kesgitlemek;
  • ähli görnüşli resminamalary daşary ýurt dillerine we daşary ýurt dillerinden terjimesi we kepillemdirmesi;
  • eksport-import amallarynda, bilelikdäki kärhanalary açmakda, bilelikdäki aragatnaşyklarda mümkin bolan hyzmatdaşlary gözlemek;
  • ykdysady missiýalary, iş saparlaryny, işewür gepleşikleri gurnamak;
  • daşary ýurt emläkleri çekmek üçin maýa goýum taslamalary mahabatlandyrmak;
  • işewür bilimi, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdirmek, Türkmenistanda we daşary ýurtda geçirilýän hünär okuwlaryna gatnaşmak we maslahat bermek;
  • daşary ýurtdan gelip gowşan täjirçilik teklipler barada habar bermek;
  • TSSE-sy tarapyndan daşary ýurt döwletlerinden gelýän wekiliýetler we daşary ýurt kompaniýalar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça gurnalýan gepleşiklere, maslahatlara we hünär okuwlaryna gatnaşmak;
  • söwda gatnaşyklaryny baglaşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, işewür hyzmatdaşy gözlemek we ş.m. meseleler boýunça dilden maslahat bermek;
  • ýerli edaralarynyň haýyşy boýunça daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen geçirilýän gepleşiklere TSSE-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagy;
  • Türkmenistanda we daşary ýurtda geçirilýän sergiler barada maglumaty TSSE-nyň habar beriş ýollary arkaly almak;
  • her aýda çykarylýan täjirçilik tekliplerini ýaýratmak;
  • harytlaryň ekspertiza meseleleri boýunça maslahat bermek;
  • her aýdaky çapynda kärhanalaryň we telekeçilik düzüminiň täjirçilik teklipleri barada maglumaty ýerleşdirmek;
  • TSSE-nyň agzalarynyň beýleki ýurtlaryň kärhanalary, edaralary we kompaniýalary bilen gönüden-göni söwda, önümçilik we ylmy-tehniki gatnaşyklaryny ýola goýulmagynda;
  • TSSE-nyň agzalaryny we beýleki wekiliýeti söwda-ykdysady we ýarmarkalaryň, sergileriň, kongresleriň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň düzüminde ibermek barada teklipleri girizmek;

Sergi-Ýarmarka işi

  • Türkmenistanda we daşary ýurtda geçirilýän halkara, milli, ýöritleşedirilen sergileri, ýarmarkalary, hünär okuwlaryny, maslahatlary, tanyşdyryş dabaralaryny gurnamak we geçirmek;
  • daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerinde we ýarmarkalarynda Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň, edaralarynyň we telekeçileriniň gatnaşmagyny gurnamak;
  • gatnaşyjylara sergi ýüklerini, eksponatlary, mahabat we çykdajy materiallary gümrük taýdan resmileşdirmekde ýardam etmek;
  • sergi-ýarmarka çärelerine, maslahatlara,  işewür maslahatlara, hünär okuwlaryna, ylmy dabaralara gatnaşjak daşary ýurt raýatlaryna wiza çakylyklaryny resmileşdirmek;
  • sergi meýdançasyny gurmak we bezeg işleri;

Hukuk hyzmatlary

  • Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň kada-kanun hukuk delilnamasy;
  • Eksport-import şertnamalaryň we ylalaşyklaryň taslamalaryny taýýarlamak;
  • şertnamalaryň ekspertizasy;
  • esaslandyryjy resminamalary işläp taýýarlamak we kärhanalary hasaba almakda ýardam etmek;
  • Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt ýuridiki şahslaryň wekilhanasyny açmak barada meseleler boýunça düşündiriş bermek;
  • raýat, salgyt, walýuta we gümrük  kada-kanunlary boýunça maslahat bermek;
  • fors-mažor ýagdaýlary boýunça şahadatnama bermek.