parcipants-events
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

Baş sahypa

Çärä gatnaşyjylar üçin

    Sergi ýükleriniň, eksponatlaryň we mahabat harajatlarynyň resmileşdirilmegi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hökümet kararyna laýyklykda, Edara tarapyndan geçirilýän sergiler üçin Türkmenistana iberilýän sergi ýükleriniň, eksponatlaryň we mahabat harajatlarynyň gümrük taýdan resmileşdirilmeginde sergä gatnaşyjylara kömek eder. Sergä gatnaşyjy Guramaçylyk komitetine sergi ýükleriniň, eksponatlaryň we mahabat harajatlarynyň gümrük taýdan resmileşdirilmegini haýyş edýän nusgadaky haty tabşyrmaly. Hat kompaniýanyň blankasynda ýazylan, guramanyň direktory tarapyndan gol çekilen we guramanyň möhüri basylan bolmaly. Hata transport ýükleri we olaryň aýratynlyklary baradaky maglumat goşulmaly. Eger sergi eksponatlary, enjamlary ýa-da mahabat harajatlary guramanyň ygtyýarly wekili bilen iberilýän bolsa, onda Guramaçylara ygtyýarly wekil baradaky onuň familiýasyny, wezipesini, pasport maglumatlaryny, geliş senesini, uçuşyny we serhetden geçirilýän ýük baradaky maglumatlary özünde jemleýän hat iberilmeli.

     Ähli maglumatlar çäräniň başlanmagyndan 30 gün öň exhibition@cci.gov.tm salgysyna iberilmeli.

     

    Sergä gatnaşyjylar kataloga goşmak üçin Guramaçylyk komitetine 100 sözden köp bolmadyk möçberde jemlenen maglumatlary, şol sanda salgy maglumatlaryny, aragatnaşyk maglumatlaryny we gatnaşyjynyň işiniň gysgaça beýanyny iňlis we rus dillerinde tabşyrmaly. Mahabat berijiler mahabat materiallaryny e-poçta arkaly ýa-da CD-R formatynda,  TIFFformatynda, mümkinçiligi 400 T/D bolan görnüşde, CMYKreňk modelinde ibermelidirler. Maglumatlar serginiň başlanmagyndan 30 günden gijä galman kataloga iberilmelidir.

     

     

    Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy sergä gatnaşyjy hökmünde hasaba alnan kompaniýalara, firmalara, kärhanalara we guramalara wiza goldawyny berer. Wiza goldawyny almak üçin gatnaşyjylar Guramaçylyk komitetine bellenen görnüşde arza tabşyrmalydyrlar. Hat guramanyň blankasynda bolmaly, direktor tarapyndan gol çekilmeli we guramanyň möhüri goýulmalydyr. Hatda Türkmenistana gelýän gatnaşyjynyň familiýasy, ady we wezipesi görkezilmeli. Suratly sahypalary görkezilen pasportlaryň nusgalary hem hata goşulmalydyr. Wiza üçin arza bermegiň adaty möhleti sergi başlanmazdan azyndan 30 gün öň, tassyklanan wiza çakylygy bolsa 21 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Sergi başlanmazdan 30 günden az wagt öň arza berlen halatynda wiza goldawy çaltlaşdyrylan esasda berler. 

    Sergä gelýän gatnaşyjynyň pasportynyň azyndan alty aý möhletli bolmagy möhümdir.