21.11.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “GDA agza döwletleriň ulag
baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň
mümkinçilikleri” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahatyň esasy
maksady ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy we döwletleriň ulag-logistika taýdan
özara baglanyşykly şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak babatda öňdebaryjy
tejribeleri paýlaşmakdan, zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA ýurtlarynyň,
guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Forumyň işine
Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň degişli ygtyýarly we ulag edaralarynyň,
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň zähmeti
kadalaşdyrmakda usulyýet, guramaçylyk-tehniki işlerini üpjün edýän binýatlyk
guramalarynyň, döwletara statistika komitetiniň wekilleriniň, ýurdumyzyň
degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz
öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda
öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guraljak maslahata gowy taýýarlyk görmegi
we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisini geçirmäge görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky
köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda,
hökümetara toparyň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Toparyň nobatdaky mejlisinde
iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we
gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady,
ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag ýaly
ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky
köpugurly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji
mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin
işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny
ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Mary welaýatynda gant şugundyryny
ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek babatda degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň
melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak
ugrunda zerur işler alnyp barylýar.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalar esasynda ideg etmek işlerini geçirmegiň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny soňky
hanasyna çenli ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň “Balkanabat” ýod zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmak bilen,
himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça ýurdumyzda ösen
tehnologiýalar esasynda täze himiýa kärhanalary gurulýar, öňden işleýänleriniň
durky täzelenilýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Bu babatda “Balkanabat” ýod
zawodynda hem degişli işler amala aşyrylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt
kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmek, ýerli çig mal
serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
“Balkanabat” ýod zawodynyň düzüminde tehniki uglerod öndürýän desgany gurmak
boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara
Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda,
dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny guramak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak
göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl
baýramy bilen baglylykda, bazarlarda göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň
wajypdygyny aýtdy hem-de olary dürli görnüşli sowgatlyk harytlar bilen üpjün
etmegi gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri
rejelemek, dikeltmek hem-de gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň,
öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň güýzki möwsüminde Türkmenistanyň
Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky
milli müdirligi tarapyndan ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde
ylmy-barlag we rejeleýiş işleri dowam etdirildi. Şeýle hem halkymyzyň şöhratly
taryhyny, gadymy medeniýetini häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda
öwrenmek maksady bilen, taryhy-medeni ýadygärliklerinde bilelikdäki arheologik
ekspedisiýalary ylmy-barlag işlerini alyp bardylar. Geçirilýän ylmy gözlegleriň
dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek, olar bilen halkara ylmy
jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy
ýygyndynyň dördünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny ylmy
taýdan öwrenmegiň we geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere
taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek hem-de gorap saklamak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary we
olimpiadalary geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny
ösdürmek, olaryň ylma we döredijilige höwesini artdyrmak, hünäre ugrukdyrmak
babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geljek aýda
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda VI Açyk
halkara fizika internet olimpiadasyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň
kabul edilmegi mynasybetli, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetinde I Halkara hukugy bäsleşigini, III Halkara filosofiýa we III
Halkara ykdysadyýet olimpiadalaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmen oba
hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde
biotehnologiýalaryň orny” atly III halkara ylmy-amaly maslahaty, Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Atçylyk pudagynda ylmy barlaglar we
innowasiýalar: halkara tejribe we geljekki ösüş ugurlary” atly halkara
ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny
ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň degişli ýokary okuw
mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze
Kararnama barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, halkara düzümler, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen
köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan
daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. BMG bilen hyzmatdaşlygyň
çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasynda ýurdumyz dünýä ösüşiniň
derwaýys meseleleri boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olar ählumumy
parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün
etmäge, ynsanperwer işler we beýleki gaýragoýulmasyz mowzuklar babatda halkara
hereketleri işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Netijede, Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi boýunça ençeme ugurlarda
wajyp Kararnamalary kabul edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň öňe sürýän halkara
başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyna şaýatlyk
edýär.
Wise-premýer,
daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde
ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 16-njy
noýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde
Türkmenistanyň öňe sürmegi esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi.
Möhüm ähmiýetli resminamanyň Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda
başlyklyk edýän ýylynda we Arkalaşygyň 35 ýyllyk ýubileý ýylynda kabul
edilendigi bellenildi. Täze Kararnama ýurdumyzyň Arkalaşygyň halkara
giňişlikdäki ornuny we abraýyny pugtalandyrmak, onuň Birleşen Milletler
Guramasy bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda uly tagalla edýändigine
şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu Kararnamanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
sebitleýin gurama hökmünde halkara derejede has giňden ykrar edilmegine, onuň
mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen özara
gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň
ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy bu
Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz
Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesine esaslanýan “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýandygyny
belledi. “Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen
Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda
hyzmatdaşlyk” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Biz geljekde hem Birleşen
Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan
işlerimizi dowam etdireris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ählisini
gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, “Türkmenistanyň
biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin
täzelenen Milli strategiýa” we Hereketleriň meýilnamasy barada aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň baý tebigatyny, onuň biologik dürlüligini gorap saklamak,
tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň
esasy ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň 16-njy oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň
Ýerewan şäherinde geçirilen biologik dürlülik boýunça Liderler sammitinde
döwlet Baştutanymyzyň eden taryhy çykyşynda biodürlüligi gorap saklamagyň,
ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek hem-de ýitmek howpy astyndaky
görnüşlerini goramagyň, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm
ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça
Milli strategiýanyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky wezipeleri
durmuşa geçirmekde wajyp gural bolup hyzmat etjekdigi nygtaldy.
Türkmenistan
1996-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik dürlülik hakyndaky
Konwensiýasyny tassyklady. Şeýle hem ýurdumyz 2008-nji ýylda bu Konwensiýanyň
Biohowpsuzlyk boýunça Kartahena teswirnamasyna, 2020-nji ýylda bolsa Genetiki
serişdeleriň elýeterliligi we olary peýdalanmakdan alynýan peýdalaryň adalatly
hem-de deňhukukly paýlaşylmagy baradaky Nagoýa teswirnamasyna goşuldy. Häzirki
wagtda Türkmenistan halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine
ýetirmek, biologik dürlüligi gorap saklamak we degişli mümkinçilikleri
berkitmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. 2023-nji ýylda ýurdumyzyň
“Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” we “Repetek” döwlet tebigy goraghanalarynyň
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurda alnyp barylýan
döwlet syýasatynyň möhüm netijeleriniň biridir.
Wise-premýer,
daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň bu babatda öňde goýýan
wezipelerinden ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy
bilen hyzmatdaşlykda “Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak
boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýanyň” we
Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy. Bu
resminama ýurdumyzyň milli bähbitlerine we ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda
işlenip taýýarlanyldy hem-de 2022-nji ýylda kabul edilen Biologik dürlülik
boýunça Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen halkara
maksatlary we wezipeleri göz öňünde tutýar. Milli strategiýanyň esasy maksady
ýurdumyzyň biologik dürlüligini häzirki we geljek nesiller üçin gorap
saklamakdan, dikeltmekden hem-de tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan
ybaratdyr. Strategiýada birnäçe milli maksat we olara ýetmäge gönükdirilen
maksatlaýyn wezipeler kesgitlenildi.
Bu maksatlara
ýetmek üçin strategiýada birnäçe esasy ugur boýunça degişli çäreleri durmuşa
geçirmek göz öňünde tutulýar. Taýýarlanan resminamada «Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy
ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda” we beýleki degişli döwlet
resminamalarynda kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutuldy. Milli strategiýanyň
taslamasyna degişli döwlet edaralarynyň, beýleki gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda
ýerine ýetirilmeli çäreleri öz içine alýan Hereketleriň meýilnamasynyň
taslamasy hem goşulýar. Bu resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň biologik
dürlüligini gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmaga,
tebigy baýlyklarymyzy geljek nesiller üçin aýawly saklamaga, Türkmenistanyň
halkara ekologiýa başlangyçlaryny we degişli halkara borçnamalarynyň durmuşa
geçirilmegini ilerletmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklip
beýan edildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy baýlyklary gorap saklamak,
daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz “Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027
— 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýa” we Hereketleriň meýilnamasy
boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow şu ýylyň 24 — 26-njy noýabry
aralygynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara
arabaglanyşyk we ösüş — 2026” atly halkara maslahaty we sergini, “Türkmentel —
2026” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu çärelere halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi
300-den gowrak wekiliniň, 600-den agdyk wekiliýetiň gatnaşmagy
meýilleşdirilýär. Sergide sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G
tehnologiýalary we telekommunikasiýa ugurlary boýunça täze innowasion çözgütler
görkeziler. Şeýle hem Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi tarapyndan
kiberhowpsuzlyk boýunça hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Emeli aň
we innowasiýa bilen Türkmenistanyň sanly geljegini emele getirmek” atly okuw
maslahatlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Halkara
ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara
maslahatda ulag ulgamynyň geljegi, sebitleýin baglanyşyk, multimodal üstaşyr
geçelgeler, howa gatnawlarynyň durnuklylygy, ulag-logistika zynjyrynyň
innowasion çözgütleri, olara maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri ýaly
ugurlar boýunça çykyşlar diňlener. Şeýle hem halkara ähmiýetli çäreleriň
çäklerinde “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion bäsleşigiň jemi jemlener we
onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini
kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň alnyp
barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere halkara üstaşyr ulag geçelgelerine
bagyşlanan halkara maslahata we sergä hem-de “Türkmentel — 2026” atly halkara
sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli
başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov