10.11.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul
ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul
edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, hususan-da, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleri ekilen
meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap
almak, ýygymyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak,
gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini hem gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, welaýatyň
edermen daýhanlarynyň pagta öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny
üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna “ak altynyň” bol hasylyny
tabşyrandyklary baradaky hoş habary ýetirdi we döredilýän ähli şertler,
berilýän goldaw-hemaýatlar üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra
häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam
edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş hem-de ösüş suwuny tutmak, gögeriş
alnan ýerlerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli
artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda güýzlük ekilen
ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de häkim şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ussat babadaýhanlarynyň Watan
harmanyna pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli
ýerine ýetirmekleri bilen welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny, oba hojalyk
işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi. Döwlet
Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak
babatda-da degişli görkezmeler berildi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak
boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk
tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine, ýygnalan hasylyň kabul ediş harmanhanalarynda
bökdençsiz kabul edilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatda bugdaý ekişini
ýokary hilli geçirmek ugrunda degişli işler ýerine ýetirilip, ekiş geçirilen
meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Sebitde şaly hasylyny ýygnap almak işleri
guramaçylykly dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak
barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük
gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata
ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagy, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki
möhletlerde tamamlamagy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işlerini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş
harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär.
Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Ýetişdirilen şaly hasylyny öz wagtynda ýygnap almak ugrunda degişli işler alnyp
barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň
hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen ak bazarlary üpjün etmek boýunça zerur
çäreler görülýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagy, bugdaý ekişini agrotehniki
möhletlerde, ýokary hilli geçirmegi, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek
işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak,
ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli
işler dowam edýär. Möwsümde ulanylýan kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň
netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Sebitde bugdaý ekişi tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barlyp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş, ösüş suwuny tutmak
hem-de ideg etmek işleri berjaý edilýär. Ýetişdirilen gant şugundyrynyň
hasylyny ýygnap almak babatda taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Häzirki
wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki
azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek boýunça zerur
çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky
hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi
we bu ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmegi, olary berk gözegçilikde
saklamagy, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, ekiş geçirilen meýdanlarda
ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek,
hususan-da, gögeriş, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
işleri dowam edýär. Welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki azyklyk
ekinleriň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek
üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen
şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna
başlamaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi we wise-premýere ýurdumyz boýunça oba hojalyk
ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetini belläp, pagta hasylyny soňky hanasyna
çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, gögeriş
alnan ýerlerde ideg etmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda
ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işlerini berk
gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk
alyp barmagy, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi, gögeriş
we birinji ösüş suwlaryny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz içerki bazarlarymyzy üpjün etmek
üçin welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini
talabalaýyk ýygnap almagyň, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny
ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga
gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz welaýatlarda bugdaý, pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça
hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda
gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov