07.11.2026
Düýn Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk
boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki
duşuşygyna gatnaşdy.
...Ir
bilen döwlet Baştutanymyz çäräniň geçirilýän ýerine — Garaşsyzlyk köşgüne
bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýew we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II
mähirli garşyladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Ähli
wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra
sammit öz işine başlady.
Bu
ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň
Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisiniň başlygy, Gyrgyz
Respublikasynyň daşary işler ministri, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň
ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, GDA-nyň ugurdaş
edaralarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, emeli aň howpsuzlygy
ulgamyndaky halkara bilermenler we beýlekiler gatnaşdylar.
Sammitiň
gün tertibine emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek, kiberhowplara garşy
durmak hem-de bu ugurda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ugurdaş
düzümleriniň hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynyň wekilleriniň
tagallalaryny birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş etmek bilen, ýurdumyz
tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz: “Türkmenistan halkara ähmiýetli teklipleri öňe sürmek bilen,
dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasyny
işjeňleşdirmek, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak, şeýle hem
parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek arkaly
üpjün edip boljakdygyndan ugur aldy” diýip belledi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde berk howpsuzlygy
we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny
hem-de Akaba prosesiniň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge
netijeli goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle
hem sammitiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma
bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Gazagystan
Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew
adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe
sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi
adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde,
döwlet Baştutanymyzyň Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmagy
ýurdumyzyň parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy howpsuzlygyň bähbidine
köptaraplaýyn dialoga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Hormatly
Prezidentimiziň ählumumy kiberhowpsuzlygyň täze arhitekturasyny kemala
getirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri bolsa sammite
gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
tdh.gov