28.11.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna
laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Şeýle hem milli parlamentiň 25-nji noýabrda geçirilen nobatdaky maslahatynyň
netijeleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda
“Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny
we «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi
hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.
17-18-nji
noýabrda paýtagtymyzda Mejlisiň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň bütin
dünýäde giň goldaw tapýan bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna
bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahaty geçirildi. Hormatly
Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döreden giň mümkinçilikleriniň
netijesinde 19-20-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde
GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisleri ýokary
derejede geçirildi. Mejlislerde parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary,
halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, kanun çykaryjylyk işinde tejribe
alyşmak, parlamentara dialogy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Assambleýanyň mejlisleriniň dowamynda GDA gatnaşyjy
döwletleriň parlamentleriniň wekiliýet ýolbaşçylary bilen parlamentara
gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar guraldy. Türkmenistanyň Mejlisine
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi bolsa Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň umumadamzat abadançylygynyň üpjün edilmegine
gönükdirilen işleriniň, oňyn başlangyçlarynyň halkara giňişlikde barha
rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hormatly
Prezidentimiz milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda
ýurdumyzyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetine seredilendigini aýdyp,
“Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň
Kanunyna gol çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow tebigy gazy we nebiti çykarmak
boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak babatda
görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çykarmakda guýularyň önüm
berijiligini has-da artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunda daşary
ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Kararlara gol çekip,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
alnyp barylýar. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan
hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler
geçirilýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyş paslynda dok we
ýyly gyşlatmak, bu hojalyklarda taýýarlanan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak
ýerlerine daşamak babatda zerur çäreler görülýär. Diýarymyzda daşky gurşawy
gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Milli tokaý
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek
maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär. Möwsümiň dowamynda saýaly,
pürli we miweli bag nahallaryny ekmek, olara ideg etmek, döredilen tokaý
zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek
babatda işleri dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara
görä ideg etmek işlerini alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda galan hasyly ýygnap almak işlerini
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara Bitaraplyk gününe
taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň medeni, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarynda,
seýilgählerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, olaryň daş-töwereginde dürli
görnüşli agaç nahallaryny, bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli ýerine
ýetirilýär. Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabadyň
şaýollaryny we köçelerini bezemek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy
mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyryljakdygyny aýtdy hem-de
wise-premýere ýetip gelýän baýramçylyk bilen bagly paýtagtymyzda
abadanlaşdyryş, bezeg işleriniň geçirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ahal welaýatynyň Bäherden
etrabynda täze tikin fabrigini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň
önümçilik kuwwatyny artdyrmak arkaly içerki we daşarky bazarlarda uly islegden
peýdalanýan dokma önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Bäherden etrabynda Bäherden tikin fabrigini gurmak boýunça
degişli çäreler görülýär. Bu kärhanany häzirki zaman enjamlary bilen üpjün
etmek hem-de onda giň görnüşli önümleriň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak,
önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin
fabrigini gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, geljek aýda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” ýyly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, şeýle hem medeni mirasymyzy
ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleriň geçirilmegi
meýilleşdirilýär. Yglan edilen döredijilik, hünär bäsleşikleriniň, şol sanda
“Merdana nesil”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşikleriniň jemini jemlemek we
ýeňijileri sylaglamak dabaralarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasynyň,
aýdym-sazly baýramçylyk çäreleriniň, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar
köşgünde, welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynda baýramçylyk
konsertleriniň guralmagy meýilleşdirilýär. 31-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç
alyş merkezinde, Arkadag şäherinde, welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi”
binalarynyň öňünde Täze ýyl teleköprüsi geçiriler. Şeýle hem dekabr aýynda
birnäçe binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, şu mynasybetli
medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk
görmegiň, ulanmaga beriljek binalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramagyň
zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara Bitaraplyk
gününe, şeýle-de beýleki meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Türkmenistanyň Demokratik
partiýasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly
maslahat barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döredilen gününden bäri mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň binýadyny pugtalandyrmaga, raýatlarymyzyň
jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaga uly goşant goşup, ýurdumyzyň syýasy
güýjüne öwrüldi. Häzirki döwürde partiýanyň işjeň agzalary hormatly
Prezidentimiziň strategik syýasatynyň, giň gerimli özgertmeleriniň taryhy
ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda,
Demokratik partiýanyň döredilen güni mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — agzybirligiň,
jebisligiň we milli demokratiýanyň dabaralanmagy” atly dabaraly maslahaty
geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň çäginde şanly senä gabatlanyp yglan
edilen “Göreldeli wagyzçy” atly bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly
Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli demokratik ýörelgeleri
pugtalandyrmak, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmek boýunça giň
gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen senesi mynasybetli dabaraly
maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan
bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we onuň degişli edaralary bilen özara
bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp
barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda
bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, durmuş
ugurlaryny öz içine alýar. Syýasy-diplomatik ugurda ýokary derejeli duşuşyklar,
“Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň, parlamentara
hyzmatdaşlygyň we adam hukuklary boýunça dialogyň çäklerinde yzygiderli
gatnaşyklar alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi”
parlamentara dialogynyň nobatdaky duşuşygy, “Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi” ilkinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumy, adam hukuklary boýunça
dialogyň 18-nji mejlisi geçirildi.
Sebitleýin
hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça “Ýewropa
Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli dialogynyň 13-nji mejlisi,
Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi. Noýabr aýynda
Brýusselde geçirilen sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça
2-nji ministrler duşuşygyna hem ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy.
Ykdysady
ugurda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň işi aýratyn
bellenildi. Türkmenistan bilen bu düzümiň arasynda köpugurly dialogy
giňeltmegiň çäklerinde 26-njy martda Aşgabat şäherinde maýa goýumlary çekmek we
durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça işewürlik maslahaty geçirildi.
Maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň
degişli maliýe düzümleri bilen işler alnyp baryldy. Ýewropanyň täzeleniş we
ösüş bankynyň prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyza amala aşyran
saparyny, Ýewropa maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk
binýadyny ösdürmek boýunça gepleşikleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Medeni-ynsanperwer,
durmuş ugurlarynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde noýabr
aýynda Aşgabatda geçirilen Ýewropanyň Medeniýet günleri, beýleki medeni-sport
çäreleri aýratyn nygtaldy. Bilim, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda Ýewropa
Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket”
taslamasynyň çäklerinde ýaşlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, bilim ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, Ýewropa bilim gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň bilim we zähmet ministrleriniň orunbasarlarynyň, Ýewropa
Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda 13-14-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde
ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda
ösdürmek, bilelikdäki taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigi
bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ilerletmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow raýat awiasiýasy pudagy üçin
halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini
taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda halkara talaplara laýyklykda hünärmenleri
taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, Halkara raýat
awiasiýasy guramasynyň (ICAO) degişli maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
babatda netijeli işler alnyp barylýar. Hususan-da, dürli maksatnamalaryň
çäklerinde birnäçe ugurlar boýunça okuwlar geçirildi. Şunda bu ugurda işleýän
halkara guramalar we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga
möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ICAO-nyň standartlaryna laýyklykda,
ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli, tejribeli hünärmenleri
taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmäge
uly ähmiýet berilýändigini aýtdy we raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara
derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov