16.11.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna bardy.
Paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň
ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasaty sebit
boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de
giňeltmäge gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni
we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden uzap gelýän dostluk we
özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär.
Daşkentiň howa menzilinde
döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.
Türkmenistan bilen Özbegistan
Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli
goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Köpasyrlyk
taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan
iki doganlyk halk häzirki wagtda has-da ýakynlaşýarlar.
tdh.gov