30.10.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň
döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe
Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet
Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan hem-de
taryhyň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk
gatnaşyklary bu gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze
derejä çykarylýar. Iki döwletiň arasynda ýola goýlan ýokary derejedäki netijeli
syýasy dialog söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan
köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup çykyş
edýär.
Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn esasda,
şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýär. Iki ýurduň
döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli dialogy halklarymyzyň abadançylygynyň
bähbidine gönükdirilen giň möçberli bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa
geçirmäge ýardam berýär.
Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bu gün
halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm orun eýeläp, durnukly ösüşi üpjün etmek
hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň
tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli mehanizm bolup çykyş edýär. Bu düzüm
energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hereketleri
utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.
TDG-niň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlyk
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak
ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Türki halklaryň ruhy mirasyny gorap
saklamak, olaryň medeni däplerini giňden wagyz etmek, şeýle hem gatnaşyjy
ýurtlaryň ýaşlar guramalarynyň, ylmy we döredijilik jemgyýetçilikleriniň
arasynda gatnaşyklary giňeltmek guramanyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we
parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna eýermek bilen, synçy ýurt hökmünde
Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama medeni
dialogy ilerletmek hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança
hökmünde garaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri
tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz uly şahsy goşant goşýar. Gahryman
Arkadagymyzyň türki dünýäni jebisleşdirmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
giňeltmäge hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge
gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary gurama agza döwletleriň
Baştutanlarynyň giň goldawyna we ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar
geňeşiniň alyp barýan işi türki halklaryň köpasyrlyk däpleriniň dowamata
atarylýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Bu geňeşiň işine möhüm goşant goşýan
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşuly
nesliň paýhasy, aksakgallaryň baý durmuş tejribesi we abraýy ýaşlary
watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, ahlak ýörelgeleri gorap saklap, geljekki
nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak orun eýeleýär.
TDG-niň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän
halkara başlangyçlary durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, energetika
howpsuzlygyny pugtalandyrmak we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ýaly möhüm
ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine
türki döwletleriň mümkinçiliklerini birleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli
başlangyçlary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk
binýat bolup hyzmat edýär.
...Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň
uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ankara şäheriniň “Etimesgut”
howa menziline gelip gondy.
Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat
garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe
Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi
wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýodajyk
boýunça Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryna tarap ýöredi.
Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň
başynda döwlet Baştutanymyzy Hormat garawulynyň serkerdesi garşylady hem-de
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz esgerlere “Merhaba,
asker!” diýip ýüzlendi, esgerler bolsa, öz gezeginde, “Sag boluň!” diýip jogap
berdiler.
Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan
döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň
geçirilýän ýerine bardylar.
Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli
dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.
Soňra belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag
nahallaryny ekdiler. Taryhy kökleriň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň,
däp-dessurlaryň umumylygyny alamatlandyrýan bu seýilgähde ýaş bag nahallarynyň
oturdylmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Soňra dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary
bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.
Şeýle çykyşlar we medeni çäreler
doganlyk döwletleriň kuwwatly döredijilik mümkinçiligini hem-de ruhy baýlygyny
aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi halklary has-da ýakynlaşdyrmaga, özara
ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýle hem umumy taryhy-medeni mirasy halkara
giňişlikde wagyz etmäge ýardam berýär.
Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde ýadygärlik
surata düşdüler.
Döwlet Baştutanlary türki dilli döwletleriň
milli ak öýlerini synladylar.
Bu ýerde türkmeniň ak öýi dikilip, onda
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we milli aýratynlyklary şöhlelendirilýär. Ak öý
hemişe halkymyzyň myhmansöýerliginiň nyşany bolupdyr. Ak öýüň içinde türkmen
halkynyň gündelik durmuşynda ulanan öý esbaplary, milli lybaslary, saz
gurallary we beýlekiler ýerleşdirilipdir.
Şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda
milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp
nusgalary öz beýanyny tapdy. Joşgunly “küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi
çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary esasynda bu baý taryhy-medeni hazyna
aýawly saklanylyp, yzygiderli baýlaşdyrylýar we halkara derejede giňden wagyz
edilýär. Medeni mirasyň umumylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmagy we
mizemez doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň şerti bolup hyzmat edýär.
Ak öýüň ýanynda halkymyzyň göz guwanjy bolan
ahalteke bedewiniň heýkeli oturdylypdyr. Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz
tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna
öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda
dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, gözelligi we
ýyndamlygy bilen halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi
bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.
Milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy
bolan behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň
gazanýan beýik üstünlikleriniň, ähli ulgamlardaky okgunly ösüşiniň nyşanydyr.
Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlaryny
wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da
ilerletmek üçin täze tapgyry açdy.
Adamzat durmuşynyň dürli
ulgamlarynda gazanylan beýik sepgitlere hem-de wakalara baý bolan türki
halklaryň köpasyrlyk ýyl ýazgysy dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda şöhle saçýan
sahypalaryň biri bolup durýar. Ýewraziýanyň uç-gyraksyz giňişliklerinde ýaşan
türki halklar müňýyllyklaryň dowamynda döredijilikli zähmete, ula hormat
goýmaga hem-de tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga esaslanýan özboluşly durmuş
ýörelgelerini kemala getiripdirler. Şonuň esasynda adamzat jemgyýetiniň
taryhynda öçmejek yz galdyran beýik döwletler döredildi.
Baý halk döredijiligi, şadessanlar we rowaýatlar,
çuňňur filosofik şygyr eserleri türki dünýäniň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi
bolup durýar. Watansöýüjiligi, edermenligi hem-de parahatçylyga ygrarlylygy
wasp edýän ynsanperwer taglymlar nusgawy şahyrlaryň, şol sanda Gündogaryň beýik
akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Bu baky
gymmatlyklar häzirki wagtda ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemek üçin egsilmez
çeşme bolup, türki dilli döwletleriň bu günki nesilleriniň arasynda ruhy
gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Ýewrаziýanyň iň gadymy ruhy we maddy
medeniýetiniň gözbaşynda duran türkmen halky asyrlaryň dowamynda türki
dünýäsiniň umumy siwilizasion baýlygyna uly döredijilik goşandyny goşup gelýär.
Geçmişiň görnükli alymlary, şahyrlary we ussatlary tarapyndan döredilen edebiýat,
binagärlik we amaly-haşam sungatynyň naýbaşy eserleri milletimiziň berk ruhy
sütünini emele getirip, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda orun aldy.
Türkmen topragynyň beýik nusgawy şahyrlary tarapyndan wasp edilen
ynsanperwerlik ýörelgeleri parahatçylygyň, adalatlylygyň, dostlugyň we
döredijiligiň belent taglymlaryny wagyz edip, ähli doganlyk halklaryň umumy
baýlygyna öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary
Türkiýäniň milli halk oýunlaryna tomaşa etdiler.
Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary
“Malazgirt” çäreler merkezine bardylar.
Bu ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde
ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine
uzap gidýän däpleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Täsirli atly
çykyşlar we etnografik görkezilişler türki halklaryň asyrlar aşyp gelýän durmuş
ýörelgelerini açyp görkezdi. Olarda bedew hemişe erkanalygyň, okgunlylygyň we
wepadarlygyň nyşany bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ahalteke
atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan milli
seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek we atly sporty ösdürmek boýunça uly
işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Türkmenistan gadymy döwürlerden
bäri atşynaslygyň iri merkezi bolup durýar. Häzirki döwürde Gahryman
Arkadagymyzyň milli atşynaslygy ösdürmek, onuň gadymdan gelýän däplerini gorap
saklamak, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak
boýunça başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl ýurdumyzda
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary
bilen geçýär. Milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport
düzümlerini, atly sportuň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek
ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk
ösdürilýär. Türkmen çapyksuwarlary şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini
dowam edip, abraýly atly sport ýaryşlarynyň we daşary ýurtlarda geçirilýän köp
sanly at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde
ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke
bedewlerine diňe bir ählihalk däl-de, eýsem, halkara söýginiň hem nyşanydyr.
Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň
naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy
bilen, 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi.
Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda
hem meşhurdyr. Topar dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara
sylaglaryň ençemesine mynasyp boldy.
Çäräniň dowamynda türki döwletleriň medeniýet
we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasy dürli halklaryň
asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän milli aýdym-sazlary
öz içine aldy.
Umuman, türki dilli döwletleriň sungat
ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi türki halklaryň
özboluşly aýratynlyklary, taryhy, medeniýeti hem-de milli däp-dessurlary bilen
tanyşmaga mümkinçilik döretmek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň täze derejä
çykarylmagyna itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe
Respublikasyna iş sapary dowam edýär.