14.11.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde “Ylmy intellektual
eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, şeýle hem hereket edýän
kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly
Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam
edýär.
Mejlisde Palestina Döwletiniň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Hytaý Halk
Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba
işleri boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet
bilen geçirilen duşuşyklar barada-da aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň
wekilleri BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy we Germaniýanyň
Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti tarapyndan guralan maslahatlara
gatnaşdylar, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen
Parlamentara Birleşigiň 151-nji Assambleýasyna we BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan
Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde guralan çärä gatnaşmak üçin iş
saparlary amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň
talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň hem-de bu
ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni
hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk
görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde
tutulýar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat
pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba
hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty,
medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy
tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, kuwwatly tehnikalaryň hem-de seýsmiki
enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen türkmen geologlary
tarapyndan tebigy baýlyklaryň ýerasty gorlaryny ýüze çykarmak boýunça degişli
işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen
seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlaryň ýüze çykarylandygy
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça netijeli işleriň
alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy
tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri has-da
netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda
bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny
tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Pagta
hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak we
gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Lebap welaýatynda
ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we
talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda,
welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda ýerleri mineral dökünler bilen
gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny
netijeli ulanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Maldarçylyk
hojalyklarynda mallary gyş paslynda dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli
taýýarlyk işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda
alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, ýygnalan hasylyň
talabalaýyk saklanylmagyna, gaýtadan işlenilmegine berk gözegçilik etmegiň,
ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işlerini talabalaýyk geçirmegiň
zerurdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň
medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş we
abadanlaşdyryş, olaryň daş-töwereginde dürli görnüşli agaç nahallaryny, bezeg
güllerini ekmek işleri yzygiderli dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, şanly
senä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabadyň şaýollaryny, köçelerini bezemek
boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden
ýaýbaňlandyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara
derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda abadanlaşdyryş we
bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha
şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara
türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky
mejlisinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, maliýe we bank
ulgamlarynda, energetika, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba
hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynda, bilim, medeniýet, ýaşlar, sport,
syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda Katar Döwleti bilen özara bähbitli söwda-ykdysady
gatnaşyklary berkitmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň
türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn
asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň
taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilmegi asylly
däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda
“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda
“Çalsana, bagşy!” bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen
däneleri” bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi
ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň
sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň
eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu bäsleşige
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň
häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolaryň arasyndan ylymda,
bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba
hojalygynda gazanan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we
daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde
ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek
we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala
getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de
wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji
konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet
saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy.
Ýakyn goňşy we sebit
döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, durnukly esasda
ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Nygtalyşy ýaly, Daşkent şäherinde
geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw
duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda
sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we
sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da,
sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş
çäreleriň birnäçesi guralar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Özbegistan hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly dialogy ösdürmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji
konsultatiw duşuşygynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny
mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
“Özbegistan Respublikasy biziň ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýar.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine konsultatiw
duşuşyga hem-de Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň
kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda durmuşa
geçirilýän çäreler awtomobil ulag serişdelerinde işleriň guralyşyny
kämilleşdirmäge, ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga
we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ulaglary pudagyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady hem-de awtomobil ulagynda
ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak işini kämilleşdirmek baradaky teklibi
makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov