17.11.2025
Özbegistan Respublikasyna
döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler
geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna
gatnaşdy. Sammitiň netijeleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň
Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary türkmen we özbek halklarynyň dostluk,
hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk
häsiýetine eýe bolan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda
möhüm ädimdir.
...Ir bilen hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu
ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy.
Özbegistan Respublikasynyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli açylan bu medeni-dynç
alyş seýilgähi ýurtdaky iň iri seýilgähleriň biridir. Döwlet Baştutanymyzy
goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary
garşyladylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýadygärligiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
Heýkel kompozisiýasynyň
ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy
alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň şekili
ýerleşdirilipdir. “Garaşsyzlyk” ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we
gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň
eteginde: “Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň mizemez
hakydasyna” diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi
ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi
Özbegistany ösdürmek boýunça hereketleriň strategiýasynyň bäş ileri tutulýan
ugruny alamatlandyrýar. Toplumda doganlyk özbek halkynyň baý medeni mirasy,
beýik serkerdelerdir esgerleriň, alymlardyr akyldarlaryň şekilleri
şöhlelendirilipdir. Ýadygärligiň barelýeflerinde Özbegistanyň taryhynyň esasy
tapgyrlary, şol sanda ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky
Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk bilen şekillendirilipdir.
Soňra hormatly Prezidentimiziň
awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Köşgüň merkezi
girelgesinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli
garşylady.
Iki ýurduň Döwlet
baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri
belent mertebeli myhmany özbek topragynda mähirli mübärekläp, hormatly
Prezidentimize Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi
üçin hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz
Özbegistana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen
myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli
salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew däp bolan
özbek-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly
goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan
hem-de Özbegistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we
beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň baý many-mazmunly gün tertibini kemala
getirdiler. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara hyzmatdaşlyk depginli
ösüşi bilen tapawutlanýar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň
gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Özbegistanyň Prezidenti döwlet
Baştutanymyzy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu
gezekki döwlet saparynyň iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany bolup durýandygyny
nygtady.
Dostlukly ýurduň Baştutany
söwda, ulag, energetika, suw hojalygy ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda
amala aşyrylan bilelikdäki işe ýokary baha berip, şunda türkmen halkynyň Milli
Lideriniň bitiren ägirt uly hyzmatyny aýratyn nygtady. Prezident Şawkat
Mirziýoýew iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky ýylda
iki esse artdyrylandygyny aýdyp, harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň we erkin
söwda tertibini netijeli ulanmagyň hasabyna bu görkezijini ýene-de köpeltmek
üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de senagat
kooperasiýasyny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk serişdelerini, derman
serişdelerini, azyk önümlerini we beýleki isleg bildirilýän harytlary öndürmek
boýunça täze taslamalara işewür toparlary işjeň çekmegiň möhümdigi bellenildi.
Energetika ulgamynda netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ulag
ulgamy iki ýurduň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy,
gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem
medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp, halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýtdy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly,
ýurtlarymyzyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly
Prezidentimiz köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklar barada aýdyp, Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini
belledi we biziň sebitimiziň taryhyň dowamynda Gündogaryň we Günbataryň
arasynda medeniýet köprüsi, dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin giňişlik bolup
hyzmat edendigine ünsi çekdi.
Araly halas etmegiň halkara
gaznasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň netijeli ugry
bolmagynda galýar. Söwda-ykdysady ulgam barada aýdylanda, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli
ösdürilýär we häzirki wagtda söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika
toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary öz içine
alýar. Özara haryt dolanyşygy ösüş depgini bilen tapawutlanýar.
Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara ulag hyzmatdaşlygyny
ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş
Assambleýasy ulag ulgamyna degişli alty sany Kararnamany kabul etdi.
Türkmenistan bu ugurdaky syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam etdirmek bilen,
2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan
etmek başlangyjyny öňe sürýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň esasy
ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini aýratyn nygtap, Hytaýyň, Merkezi
Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny utgaşdyrmaga
ýardam berýän zerur infrastrukturany hem-de şertleri döretmek üçin tagallalary
birleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gyrgyzystan
— Özbegistan — Türkmenistan we ondan aňryk Hazar deňzine, Pars aýlagyna çykýan
ulag ugrunyň ähmiýetine üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen
halkynyň Milli Lideri bilen ozal geçirilen ýokary derejeli duşuşykda Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan türkmen-özbek serhedinde dünýäniň iri ulag
kompaniýalaryny we halkara maliýe institutlaryny çekmek arkaly Farap — Olot
ulag-logistika merkezini döretmek baradaky meselä seretmegiň teklip
edilendigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki işe taýýardygyny
tassyklady.
Energetika ulgamy iki ýurduň
hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen
elektrik energiýasy Özbegistana eksport edilýär. Gaz pudagynda hem netijeli
hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy
özara kabul ederlikli şertlerde çuňlaşdyrmaga taýýardygyny, gaz ulgamynda
strategik hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegiň
maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem oba hojalygy, himiýa senagaty, maşyn
gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we
derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan
mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak wajypdyr.
Suw meselesi ikitaraplaýyn we
sebit gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň suw-energetika meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalary esasynda garalmalydygyndan, çözgütleriň özara hormat goýmak we
sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda kabul
edilmelidiginden, suw meseleleriniň halkara guramalaryň gatnaşmagynda ara alnyp
maslahatlaşylmalydygyndan ugur alýandygyny belledi.
Medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taryhyň,
diliň, däp-dessurlaryň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ugurdaky
gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet ulgamynyň wekilleri iki
ýurtda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de bilim, saglygy
goraýyş ulgamlarynda, şol sanda lukmançylyk bilimi babatda hyzmatdaşlygy
giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Häzirki wagtda Arkadag
şäherinde ylmy-barlag, bejeriş we önümçilik kuwwatlyklaryny özünde jemleýän iri
lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly
Prezidentimiz bedenterbiýe we sport ulgamlarynda gatnaşyklary has-da
işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna-da ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
sözüniň ahyrynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin
Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň
netijesinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan doganlyk
gatnaşyklarynyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Giňişleýin düzümdäki
gepleşikler tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly
Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna
gatnaşdylar.
Ilki bilen, özbek tarapyndan
Horezm welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berilýär. Ol şeýle desganyň gurlup
berlendigi üçin Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentlerine tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini açmaga ak
pata bermeklerini haýyş etdi.
Soňra türkmen tarapyndan
Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny belläp, türkmen
halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň
Prezidentlerine hoşallyk sözlerini aýtdy we Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda
gurlan söwda merkeziniň açylyşyna ak pata bermeklerini haýyş etdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew şu
günki taryhy wakanyň ähmiýetini belläp, gadymdan gelýän dostlukly özbek-türkmen
gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze derejä çykarylýandygyny, ony has-da
pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryny nygtady we söwda merkezini
açmaga ak pata berdi.
Hormatly Prezidentimiz hem
dabara gatnaşyjylary bu taryhy waka bilen gutlap, Türkmen-özbek serhetýaka
söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegine ak pata berdi. Şol pursatda
Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen
hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý bagyny dabaraly ýagdaýda
kesýärler. Soňra serhetýaka söwda merkezi barada taýýarlanan wideoşekil
görkezildi.
Açylyş dabarasy tamamlanandan
soňra, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet
sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen
sylaglamak dabarasy boldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew
hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet
Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk”
ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle çözgüdiň kabul
edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa goýulýan hormatyň,
döwlet Baştutanymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy,
strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlarynyň Özbegistanyň
halky tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr.
Özbegistanyň Prezidenti şu
günki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça
möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň
Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýoly mynasyp dowam etdirýändigini aýdyp,
Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
ýene-de bir gezek gutlady.
“Siz görnükli döwlet işgäri
hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, meniň gadyrly doganym Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini mynasyp dowam
etdirýärsiňiz. Ozal hem belleýşim ýaly, ýurduňyzda adamlaryň abadan durmuşynyň
ygtybarly binýadyny döredýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Men
her gezek doganlyk Türkmenistana baranymda, Siziň baştutanlygyňyzda amala
aşyrylýan ägirt uly işleriň şaýady bolýaryn” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew
nygtady. Dostlukly ýurduň Lideri şu gün geçirilen gepleşikleriň dowamynda
Arkadag şäheriniň hemmeler üçin nusgalyk bolup durýandygyny belläp geçendigini
aýtdy we Özbegistanyň degişli ýolbaşçylarynyň bu şäherde saparda bolanlarynda,
şäheriň infrastrukturasynyň olarda ýakymly täsirleri galdyrandygyny we
innowasion şäheri gurmakda doganlyk Türkmenistandan köp zatlary öwrenip
boljakdygyna üns çekendigini aýtdy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew
iki döwletiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köp sanly Kararnamalaryň
awtordaşy bolup çykyş edýändiklerini, halkara gatnaşyklarda ýurtlarymyzyň
garaýyşlarynyň gabat gelýändigini we bu gatnaşyklaryň beýleki döwletler üçin
görelde bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimizi Özbegistan
Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlady hem-de bu sylagyň iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň we
strategik hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrülmegini arzuw etdi.
Soňra Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza “Ýokary derejeli dostluk”
ordenini gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz
Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak baradaky kabul edilen çözgüt
üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bu
sylagy Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, köpasyrlyk
türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini
aýtdy. Nygtalyşy ýaly, biziň umumy taryhymyz, medeniýetimiz Türkmenistan bilen
Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan
we Özbegistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň nusgalyk
derejesini görkezýärler.
Döwlet Baştutanymyz köpýyllyk
bilelikdäki işiň dowamynda syýasat, ykdysadyýet we beýleki möhüm ugurlarda
ýokary netijeleriň gazanylmagynyň guwandyryjydygyny aýdyp, Prezident Şawkat
Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk,
döwlet hem-de halkara işlerinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna
bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Soňra ikitaraplaýyn
resminamalary alyşmak dabarasy boldy.
Şolaryň hatarynda
Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň
Daşkent oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we
medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň
Garagalpak Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň arasynda söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan
Respublikasynyň Kaşkaderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan
Respublikasynyň Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we
sebitara barlaglar institutynyň arasynda Türkmen-özbek bilermenler geňeşini
döretmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kanunçylyk we hukuk
syýasaty institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa
ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň
Maksatnamasy; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Özbegistan
Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda
medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; biologik howpsuzlygy üpjün
etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş
we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; halkara
awtomobil ýolagçy we ýük gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 1996-njy ýylyň 16-njy
ýanwaryndaky Ylalaşyga goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
nebit önümlerini we himiki suwuk ýükleri daşamak üçin demir ýol wagonlaryny
üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň
arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda
Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan
Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi
ministrliginiň arasynda 2026 — 2030-njy ýyllarda tokaý hojalygy babatda
hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy”; 2013-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaçalar girizmek hakynda Teswirnama;
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Şertnama bar.
Soňra hemmeleriň el
çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol
çekdiler. Resminamalary alyşmak dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň
Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident Şawkat Mirziýoýew
hormatly Prezidentimizi we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp,
bu taryhy saparyň doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn
gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Özbegistanyň we
Türkmenistanyň halklaryny köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara
goldaw bermek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Türkmenistan Özbegistanyň iň ýakyn
goňşusy, wepaly dosty we ygtybarly strategik hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen
baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz bilen gepleşikleriň
mazmuna baý bolup, açyk we dostlukly ýagdaýda geçendigini nygtady. “Biz
hyzmatdaşlygymyzyň netijeleri barada düýpli pikir alyşdyk, gepleşiklerimiziň
ähli ugurlary öz içine alýan gatnaşyklarymyzy ösdürmekde, iki doganlyk ýurduň
arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde we ony täze belentliklere
çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýarys. Şu gün biz syýasy,
söwda-ykdysady, ulag, suw-energetika, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki
işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik” diýip, özbek Lideri belledi.
“Soňky ýyllarda özara söwda
dolanyşygy ep-esli artdy. Şunda «Şabat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyna
aýratyn orun degişlidir. Şu gün biz hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow
bilen ony işe girizmek dabarasyna gatnaşdyk. Biz bu tejribäni beýleki
serhetýaka sebitlerde, ilkinji nobatda, Olot — Farap sebitinde durmuşa
geçirmegi maksat edinýäris” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüniň üstüni
ýetirdi. Şeýle-de ol gepleşiklerde energetika meselesine aýratyn üns berlendigini,
taraplaryň elektrik energiýasyny ibermekde we üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlygy
has-da çuňlaşdyrmaga, iki ýurduň çäginde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga
ygrarlydyklaryny tassyklandyklaryny belledi.
Özbegistanyň Prezidenti
sebitara hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugurlaryň biridigini, onuň uly gyzyklanma
bildirilýän we geljegi uly formatdygyny belläp, muňa bilelikdäki tagallalar
arkaly göz ýetirilendigini, Buharada we Türkmenabatda Özbegistanyň hem-de
Türkmenistanyň sebitleriniň forumynyň üstünlikli geçirilendigini, ýakyn wagtda
Hywada iki ýurduň ähli sebitleriniň gatnaşmagynda üçünji forumyň
geçiriljekdigini aýtdy hem-de Hökümetlere bu ugurda ulgamlaýyn iş alyp barmak
üçin bilelikdäki “Ýol kartasyny” kabul etmegiň tabşyrylandygyna ünsi çekdi.
“Biz düýn Daşkentde geçirilen
ýedinji konsultatiw duşuşygyň netijeleriniň integrasiýa proseslerine we
ýurtlarymyzyň jebisligini pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdik.
Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara
goldaw bermegiň tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadyk. Sebit hem-de
halkara gün tertibiniň ähli möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň doly
gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin” diýip, Prezident
Şawkat Mirziýoýew aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet
saparynyň netijeleriniň köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostluk we
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini,
taraplaryň ýurtlarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmegi hem-de belent sepgitlere ýetmegi maksat edinýändigini
belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli, many-mazmunly gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygynyň tassyklanandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ugurlaryň kesgitlenendigini hem-de birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Özbegistan Respublikasyna bu döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky
dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge uly ýardam
berjekdigine ynam bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleriň
dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp
maslahatlaşylandygyny, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün
tertibiniň wajyp ugurlary boýunça pikir alşylandygyny nygtady.
“Biz berk dostluk, hoşniýetli
goňşuçylyk, doganlyk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine
esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
taýýardygymyzy tassykladyk. Hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyryna has okgunly
häsiýeti bermek barada ylalaşyk gazanyldy” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy
hem-de şunda halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns
berlendigini belläp, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy
berkitmäge, energetika we ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen halkara
başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň
Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly,
gepleşiklerde umumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak
meselelerine aýratyn orun berildi, ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde,
şeýle-de halkara düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklary
tassyklanyldy. “Daşoguz — Şabat” söwda merkeziniň açylmagynyň ähmiýeti
nygtaldy. Şu gün iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda onuň dabaraly
açylyşy boldy. Şeýle-de energetika, ulag-kommunikasiýalar, senagat, oba
hojalygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ulag ulgamynda taraplar
Merkezi Aziýanyň ulag ulgamlaryny birleşdirýän we ýurtlarymyza iri halkara
ugurlara çykmagy üpjün edýän döwrebap ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça
ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirerler. Hususan-da, Türkmenistan Pars aýlagyna we
Hazar deňzine çykýan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ulag
geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini
ulanmak baradaky teklibiň ýene-de bir gezek beýan edilendigini, Özbegistan —
Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag ugrunyň taslamasyny tiz durmuşa
geçirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdiginiň bellenilendigini
aýtdy. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa meselelerine-de aýratyn üns berildi. Şunda
Aral sebitinde ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen
esasy sebit düzümi bolan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Iki ýurduň halklarynyň
arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak maksady bilen, taraplar medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş,
bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan
etdiler. Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň
Liderine we özbek wekiliýetiniň agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin
ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Soňra Prezidentler Serdar
Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline bardylar.
Iki dostlukly ýurduň döwlet
Baştutanlary ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine we gazanylan
ylalaşyklara kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky
hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini tassykladylar we birek-birege
iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz
Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, bu ýerden Watanymyza
ugrady.
Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň
uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly
Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Hökümet agzalary hormatly
Prezidentimizi Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk”
ordeni bilen sylaglanylmagy hem-de dostlukly ýurda amala aşyran döwlet
saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza
we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan
asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz
gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sebitiň ýurtlary, şol sanda Özbegistan
Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň
daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi we hemmelere
üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde, hormatly
Prezidentimiziň şu gezekki döwlet sapary Türkmenistan bilen Özbegistan
Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr
bolup, onuň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik häsiýete
eýedigini tassyklady. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda gazanylan ylalaşyklar,
şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw
duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri ikitaraplaýyn hem-de
sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmäge
gönükdirilendir. Bu döwlet sapary diňe bir Türkmenistan bilen Özbegistanyň
arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Merkezi
Aziýa sebitinde durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmäge hem uly goşant goşup,
ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge
ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.
***
Hormatly Prezidentimiziň
Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary özbek
kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda
özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri
ara alnyp maslahatlaşyldy.
tdh.gov