16.11.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi
adamlary ugratdylar.
Garaşsyz, baky Bitarap
ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasaty
sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni-ruhy
gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we özara
goldaw bermek däpleri birleşdirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi
Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi
umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň
ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderli, sazlaşykly hem-de
toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň diňe bir yklym
däl, eýsem, ählumumy derejede hem ornunyň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen,
aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan bilen Özbegistan
Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli
goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki
wagtda köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy
bilen baglanyşýan iki doganlyk halky has-da ýakynlaşdyrmak ugrunda yzygiderli
tagalla edilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki bilen
türkmen-özbek gatnaşyklary soňky ýyllarda ösüşiň hil taýdan täze derejesine
çykaryldy. Ýokary derejedäki özara döwlet we resmi saparlary döwletara
gatnaşyklarda ynanyşmagyň hem-de açyklygyň aýdyň beýanydyr. Bu işjeň dialog
dürli meseleleri, şol sanda halkara giňişlikdäki strategik hyzmatdaşlygy ara
alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan hem-de Özbegistan halkara
guramalaryň çäklerinde möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryny
utgaşdyryp, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, bilelikdäki kärhanalary döretmäge, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini döretmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu taslama söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, serhetýaka söwdanyň möçberini artdyrmaga, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Ulag-logistika pudagy-da
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurtlarymyz sebiti dünýä bazarlary
bilen baglanyşdyrýan bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak
boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hazar deňzinde döwrebap port
infrastrukturasy bolan Türkmenistan goňşy ýurtlara, şol sanda Özbegistana ulag
geçelgelerini döretmek üçin bähbitli ugurlary teklip edýär. Mundan başga-da,
ýurtlarymyz strategik taýdan ähmiýetli energetika ulgamynda, suw serişdelerini
rejeli peýdalanmak meselelerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Halk diplomatiýasyny,
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Taryhy we ruhy umumylyklar medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda
gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýady döredýär. Iki ýurtda özara Medeniýet
günleri, festiwallar we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa baý medeni
mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde,
köpasyrlyk dostlugyň mizemez binýadyna esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklary
häzirki günde strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezip, Merkezi
Aziýada durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň, abadançylygyň möhüm şerti bolup çykyş
edýär.
...Birnäçe wagtdan hormatly
Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Daşkent
şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki
tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.
Howa menzilinde iki ýurduň
Prezidentleriniň söhbetdeşligi boldy. Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli
türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi
üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki
ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga
itergi berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz mähirli
kabul edilendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp,
Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
Soňra Türkmenistanyň
Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz
Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, Prezident Şawkat Mirziýoýew
bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýdular.
Soňra Özbegistan
Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitiň bäş ýurdunyň arasynda
hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy we integrasion prosesleri pugtalandyrmak
maksady bilen döredilen möhüm sebit meýdançasydyr. Sammitlerde özara gyzyklanma
bildirilýän esasy meseleler boýunça dialogy ösdürmäge üns berilýär. Ykdysady
meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa
goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek
bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw
hojalygy, energetika ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda serhetüsti
suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, bitewi energetika ulgamyny ösdürmek
meselelerine aýratyn üns berilýär. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy,
ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek
bilelikdäki işiň wajyp ugurlarynyň biridir. Her duşuşygyň netijeleri boýunça
Bilelikdäki Beýannamalar we konseptual maksatnamalar kabul edilýär.
Türkmenistan dünýä bileleşigi
tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu
dialogda umumy meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň
gatnaşýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýa Ýewropany we Aziýany, Demirgazygy hem-de
Günortany baglanyşdyrýan möhüm merkez hökmünde garaýar we üstaşyr ulag
arabaglanyşygyny ösdürmäge gönükdirilen gün tertibini öňe sürýär. Hususan-da,
ýurdumyz sebit üçin täze bazarlara we deňiz portlaryna ýol açýan multimodal
ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Uglewodorod
serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa
serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we deňhukukly
hyzmatdaşlyk ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Konsultatiw duşuşyklarda ýurdumyz
sebitde hem-de onuň çäkleriniň daşynda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga
gönükdirilen taslamalary öňe sürýär. Türkmenistan energiýa serişdelerini
ibermegiň täze ugurlaryny döretmek bilen, sebitde durnuklylygyň, integrasiýanyň
pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.
Saglygy goraýyş ulgamy öňe
sürülýän başlangyçlarda aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa
sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny bellemek gerek. Bu başlangyç
Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda
ylmy hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin uzak möhletli institusional mehanizmleri
döretmäge çalyşýandygyny görkezýär. Şeýle-de ýurdumyz bilelikdäki festiwallary,
Medeniýet günlerini, ylmy maslahatlary yzygiderli geçirmegi teklip edip,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly üns berýär. Türkmenistanyň bu
başlangyçlary üstünlikli syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan özara
düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk binýadyny döredip, sebitiň halklarynyň
taryhy-medeni umumylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň konsultatiw
duşuşyklaryň çäklerindäki başlangyçlary hemişe toplumlaýyn häsiýete eýe bolup,
tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmegi
maksat edinýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk formatynda eýeleýän
netijeli ornuny tassyklaýar.
...Ýokary derejeli duşuşygyň
geçirilýän ýeri bolan Kongres merkeziniň foýesinde döwlet Baştutanymyzy
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan
döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan
soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki
duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan
Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri, BMG-niň Baş
sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň
5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gahryman Arkadagymyzyň
başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygyň şu formatyna
Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew
belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip
gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de şu gezekki sammitiň Merkezi Aziýa
döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi
berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň
2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek
döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmegi bilen
gutlady. Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik
hem-de şu sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň şu formata doly hukukly agza
hökmünde goşulyşmagy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz sebit
derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde
ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly
mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, ulag,
energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany
hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Ykdysady, maýa goýum işjeňliginiň Gündogar we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara geçýändigini nazara almak bilen, sebitimiziň bu ornunyň barha artjakdygy mälimdir. Biziň ýurtlarymyza ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Munuň üçin Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistan
energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga
taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar
barada barmaýar. Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň,
sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp
ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini nygtaýarys. Şeýlelikde, bolup biläýjek
daşarky oňaýsyz şertleriň täsirine durnukly elektrik üpjünçilik ulgamy üçin
ygtybarly serişde binýady dörediler.
Senagatda we obasenagat
toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde
dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň
gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň
hatarynda görýäris. Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak,
özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi.
Umuman, sebitde ekologik
meselelerde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde
bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris. Merkezi
Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde
onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýarys diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly
ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine
halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz
ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitiň ýurtlary üçin möhüm
ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, ýurtlarymyzyň
agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek,
sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki
ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ähli
tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Özbegistanyň Prezidenti çuň
manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk
bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady
hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, sebit ulag
geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek,
serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamynda
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, “ýaşyl” energetika boýunça
taslamalary ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we onuň täsirlerini
peseltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça
Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiziň
Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.
tdh.gov