16.11.2025
Şu
gün Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly
Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw
duşuşygyna gatnaşýar.
Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň,
Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň,
Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri
gatnaşýarlar.
Forumda
ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary özara haryt dolanyşygyny
giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, şeýle hem möhüm
ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp
maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika,
medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak
meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistan
halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesine laýyklykda, bu dialogda umumy meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini
işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.
Konsultatiw
duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary hemişe toplumlaýyn
häsiýete eýe bolup, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly
ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk
formatynda eýeleýän netijeli ornuny tassyklaýar.
tdh.gov