Giriş.
Häzirki döwürde milli
ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik
başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp,
hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn
ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar boýunça
belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.
Serginiň geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri,
Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143
Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 17-19-njy mart aralygynda - 09:00 –
18:00.
Sergä gatnaşyjylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary
Eksponatlar.
Ýurdumyzda öndürilýän
giň görnüşdäki azyk harytlaryny, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt,
konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök-önümleri, çörek önümleri,
dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagaty, elektronika enjamlary, dokma we
maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işlerinde, mebel
önümlerini, gurluşyk materiallaryny, mahabat, senetçiler we zergärçiler,
tikinçilik we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary.