03.12.2025
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary
welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine
ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet
Baştutanymyz bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan
ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça milli
ykdysadyýeti, şol sanda oba hojalyk toplumynyň pudaklaryny özgertmek bilen baglanyşykly
giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi netijeli zähmet çekmäge,
sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam
berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ýurdumyzda
bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem oba hojalyk pudagynyň ähli düzümleriniň
sazlaşykly ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Iş
maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew häzirki
wagtda Ylmy-barlag däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan
ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda
ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önüm öndürijileriň, daýhanlaryň yhlasly
zähmetiniň oňyn netije bermegine, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga,
pudaga täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini
ornaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň
oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete
eýedigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň
dowamynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk
ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag
etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu
işde döwrebap tehnikalar, täze tehnologiýalar giňden peýdalanylýar. Şeýle-de
häzirki wagtda seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine
laýyk gelýän we ýokary hasyl berýän sortlary döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri
boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet
berilmelidigini, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, döwrebap agrotehniki
usullaryň netijeli öwrenilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz alymlaryň bu
ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň
yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov