Giriş.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.
Serginiň geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143
Serginiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 17-19-njy mart aralygynda - 09:00 – 18:00.
Sergä gatnaşyjylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary
Eksponatlar.
Ýurdumyzda öndürilýän giň görnüşdäki azyk harytlaryny, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök-önümleri, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagaty, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işlerinde, mebel önümlerini, gurluşyk materiallaryny, mahabat, senetçiler we zergärçiler, tikinçilik we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary.