02.01.2026
Eziz watandaşlar!
2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2026-njy ýyly
garşylarys.
2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça
ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny
ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr,
şöhratymyzdyr.
2025-nji ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze
taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy
başlangyçlary has-da rowaçlandy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar
üstünlikli durmuşa geçirildi.
Berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek maksady bilen, täze etraplar döredildi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde
döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary,
medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga
berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldy.
Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri
taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasy işe girizildi.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen
Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan
böleginiň gurluşygyna badalga berildi.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden
keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzda çüýşe önümlerini öndürýän kärhana,
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suw arassalaýjy desga, Garabogazköl
aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna
badalga berildi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň
gurluşygyna hem girişildi. Şeýle hem Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we
ýetginjekler merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.
Şu ýyl ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly täze, döwrebap
obalar açylyp ulanmaga berildi. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda
häzirki zaman Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Arkadag şäheriniň
ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň,
häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem dowam edýär. Bularyň ählisi
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen
şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Eziz watandaşlar!
Oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz
hem rowaçlyklara beslenýär. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400
müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn
borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban
halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir.
Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa
geçireris.
Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda
toplumlarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu toplumlar berkarar döwletimiziň
gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Eziz watandaşlar!
Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy
biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Tamamlanyp
barýan ýylda Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen
şäherinde köpugurly hassahananyň, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz
şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga
berildi. Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde hem
dowam etdireris.
Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli
özgertmeler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
döwrebap okuw binalar toplumy, Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň binalar toplumy we başga-da köp sanly bilim maksatly desgalar
açylyp ulanmaga berildi.
Ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga
giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek
ugrunda hem uly işleri alyp barýarys. Şu ýyl «Galkynyş» milli at üstündäki
oýunlar topary Monte-Karlo halkara festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy.
«Arkadag» futbol topary hem halkara ýaryşda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň halkara
sport abraýyny has-da artdyrdy. Türgenlerimiz dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli
çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Biz geljekde hem ýurdumyzda
sporty ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Biz milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy
gorap saklamak, wagyz etmek boýunça hem giň gerimli işleri alyp barýarys.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň öwreniji
şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Şeýle hem türkmen alabaý itlerini
ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizildi. Geçip barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler,
Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Balkan
welaýatynda ýokary derejede geçireris.
Eziz watandaşlar!
Şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitaraplyk
syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de
ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede köp
sanly çäreler geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen
Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahaty ýokary derejede geçirildi. Bu ugurda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama
biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler
Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» hem-de
«Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy
orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat hem möhüm
ähmiýete eýe boldy. Halkara maslahatyň jemi boýunça jemleýji resminama kabul
edildi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen halkara forum şanly ýylyň
iň esasy wakasyna öwrüldi. Ýokary derejede geçirilen halkara forum boýunça Aşgabat
Jarnamasy kabul edildi. Bu forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ýurdumyzyň
abraýyny has-da belende göterdi.
Hormatly adamlar!
Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek
maksady bilen, biz ýetip gelen 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip at berdik. Hoşniýetli
arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly
35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna
öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.
Eziz watandaşlar!
Ýene az salymdan täze — 2026-njy ýyly garşy
alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri
arzuw edýärin.
Täze ýyl abadançylygyň, rysgal-berekediň ýyly
bolsun! Maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun!
Täze ýyl rowaçlyk, bagt getirsin!
Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi
maksat-myrada ýetirsin!
Täze — 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!
tdh.gov