PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Sergileriň sanawy

№06 Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara sergisi we maslahaty

2024-nji ýylyň 10-11 sentýabry aralygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunçaHI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara sergisi we maslahaty geçiriler.

Bu çäre emeli intellektiň ösdürilmegi we ornaşdyrylmagy, innowasiýa tehnologiýalarynyň çekilmegi, onlaýn bazarlaryň ösdürilmegi we maýa goýum işleriniň giňeldilmegi ýaly köp sanly meseläni öz içine alar.

Sergä gatnaşyjylar innowasiýa tehnologiýalary pudagynda gazanylan üstünlikleri we önümleri görkezip bilerler, şeýle hem daşary ýurtly we türkmen maýadarlary, öndürijileri we distribýutorlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öz işini halkara derejesine ýetirmäge,  sarp edijileriň gerimini giňeltmäge, öz taslamalaryny hödürlemäge mümkinçilik berýän “B2B” we “B2G” formatlarynda duşuşyklary geçirip bilerler.

 

Serginiň geçiriljek ýeri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň binasynda

Geçirilýän seneleri we wagty: 2024-nji ýylyň 10-11-njy sentýabry - 09:00 - 18:00.

 

Sergä gatnaşyjylar.

IT pudagynda işleýän kärhanalar, guramalar, hünärmenlik we jemgyýetçilik birleşikleri, telekeçiler, Türkmenistanyň, ýakyn we uzak daşary ýurtly fiziki şahslary.

 

Eksponatlar

“HI-TECH Türkmenistan 2024” sergisi gurluşyk tehnologiýalary, akylly şäherler, emeli intellekt we maşyn öwrenmek, täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri, energiýa täsirli tehnologiýalar, internet söwda, 5G we aragatnaşyk torlarynyň indiki nesilleri, lukmançylyk anyklaýyş enjamlary we gurallary, robot tehnikalary, senagatdaky wirtual hakykat, elektron hökümet, maliýe tehnologiýalary ýaly we beýleki toparlar boýunça geçiriler.