PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Sergileriň sanawy

№03 Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisi

Giriş.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, agrosenagat toplumynyň pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, olara iň täze tehnologiýalar we öňdebaryjy innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar.

 

Serginiň geçirilýän ýeri

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan.

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 15-17-nji maý aralygynda - 09:00 – 18:00

 

Sergä gatnaşyjylar.

Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary hem-de işewürleri.

 

Eksponatlar.

Halkara sergide esasan hem azyk önümlerini öndürmekde ulanylýan enjamlar, gaplama önümleri we enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, damjalaýyn suwaryş, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, dürli görnüşli gaplaýjy maşynlar, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallar, ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalary, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlar, ýyladyşhanalaryň dürli görnüşleri, ekinleri goramak üçin mineral dökünler serginiň esasyny düzerler.