Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe
meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň
kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk
ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, halkara hukugyň umumy
ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň
taslamasyny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň
birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan,
administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we
diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň geçirilýändigi aýdyldy.
Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ÝHHG-niň Aşgabatdaky
merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna hem-de Germaniýanyň Halkara
hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan geçirilen duşuşyga, bu guramanyň Gazagystan
Respublikasynyň Astana şäherindäki maslahatyna gatnaşdylar. Mundan başga-da,
Mejlisiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda guralan metan zyňyndy gazlaryny
azaltmak boýunça tanyşlyk okuw saparynda boldy.
Şeýle
hem deputatlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanylýan
üstünlikleri, geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işleri giňden wagyz etmek we
kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin
maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
yzygiderli çykyş edýärler.
Döwlet
Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň täze kanun taslamalaryny işläp
taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek boýunça alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmeginiň möhümdigini
belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat
berdi.
Döwlet
býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň
hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasy” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda
işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň
gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň
kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy
saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly
ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek
ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň
hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki
durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny
belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa
goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl
üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna
iberilýändigini aýtdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne
degişli “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek
babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi
we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň
alnyp barlyşy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da,
welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreş çärelerini geçirmek
işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli
ýygnap almak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur çäreler görülýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyryny ýygnamak we hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler
geçirilýär.
Welaýatlarda
geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça ekiljek
meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini
geçirmek, tehnikalary netijeli işletmek boýunça işler geçirilýär. Ilaty
ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja, miwe we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri
bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, güýzlük ekilen azyklyk
ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary
üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle-de önüm öndürijilerden kabul
edilip alnan güýzlük azyklyk ekinleriň hasylyny sowadyjy ammarlara
ýerleşdirmek, olary talabalaýyk saklamak boýunça çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara
laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň hem-de
ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamagy we gaýtadan işlemegi berk gözegçilikde
saklamagyň, ýetişdirilen şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak boýunça
zerur çäreleri görmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli
işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän
çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Garabogazkarbamid” zawodynyň
bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig
mal bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak, esasy tehnologik enjamlary
abatlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm
öndüriji kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip
beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň
önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň, “Türkmenhimiýa”
döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz
işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu zawodda toplumlaýyn
tehniki hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň
tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji
sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, 20-nji noýabrda agzalan serginiň açylyş dabarasynyň, sebitara forumyň
geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky
döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň
bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip edilýär. 21-nji noýabrda bolsa söwda
ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça
maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde
ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde
tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri
B.Goçmollaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony, işde goýberen düýpli
kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Soňra hormatly Prezidentimiz
wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, onuň ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola
goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigini belledi hem-de ony, özüne
ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.
Mejlisiň
dowamynda döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
müdiriýetiniň başlygy N.Atagulyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesini 6 aý synag
möhleti bilen ýerine ýetirmegi onuň üstüne ýükledi. N.Atagulyýew özüne bildirilen
uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, bu wezipede
tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan
saglyk, uzak ömür, asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň
wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministriniň orunbasary K.Kurbanowyň üstüne ýükledi.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipä täze bellenen
orunbasaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, bu ugurda Özbegistan
Respublikasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 20-21-nji noýabrda Türkmenabat
şäherinde geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň milli sergisine we Ikinji
sebitara foruma ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu
babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz
möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan
arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»
atly ajaýyp eserinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri
goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar
akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri
«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň,
öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde
arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini üstünlikli dowam etdirdiler.
Hususan-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe
ýadygärliginde, Gökdepe galasynda, Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abu Seýit
kümmetinde, Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, Balkan welaýatyndaky
orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar kerwensaraýynda, «Köneürgenç» döwlet
taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV
asyra degişli binagärlik ýadygärliginde, Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr
Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan
galasynda geçirilen işler barada aýdyldy.
Şeýle-de
Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda
baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan
2024-nji ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde
arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz
tagallalary netijesinde geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan
maglumatlary öz wagtynda çap etmek hem-de olar bilen halkara ylmy
jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Asyrlaryň yzlary” atly
ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň neşir edilmegi ýola goýuldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden
öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň
biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni
ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam
etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň
möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Akylly” şäher: dolandyrmak,
sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly
halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy
ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen
“World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan
“akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024”
halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy.
Häzirki wagtda daşary ýurtly IT hünärmenleri, alymlar, professor-mugallymlar
bilen “akylly” öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny,
kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen
bagly döwrebap tejribeler yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn
esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasynyň
tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak
maksady bilen, şu ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly,
“akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara
ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de
innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda
daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli
mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz halkara ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa
geçirilýär, ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi.
Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet
syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny
görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze
çykarmak boýunça bäsleşik yglan edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary,
ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň
häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si
saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy noýabrynda Ýaşlar baýragynyň
eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde
tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly,
milli mirasymyza sarpa goýýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda
netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, dürli pudaklarda üstünlik gazanyp,
ýokary döredijilik başarnygyny görkezýän ýaşlarymyz üçin geljekde hem ähli
şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary
sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary
syýasy işiň habarlar üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň diplomatik
gullugynyň işini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça tagallalar täze
başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Daşary işler
ministrliginiň düzüminde Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa
departamentiniň işe başlamagy munuň aýdyň mysalydyr. Departamentiň esasy
wezipesi ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda halkara maglumat
giňişliginden has netijeli peýdalanmakdan, döwrebap habar beriş usullary,
jemgyýetçilik diplomatiýasy, täze maglumat-kommunikasiýa tilsimatlary arkaly
Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmakdan
ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli teklipler
taýýarlanyldy.
Türkmenistan
hem-de onuň içeri we daşary syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça
işler köp ýyllaryň dowamynda belli bir derejede ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky
ilçihanalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary
ýurtlarda alnyp barylýan maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen,
käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen
hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak
baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we
diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş
neşirleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda
ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary
ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.
Döwletimiziň
halkara gatnaşyklar ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň
öňdebaryjy sanly görnüşlerini ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu
işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda
sanly ulgam boýunça zähmet çekýän ukyply ýaşlaryň bardygyny nazara alyp,
Türkmenistanda sanly ulgam bilen bagly ähli işleri we oýlap tapyşlary
merkezleşdirmek üçin halkara tejribeleriň esasynda “Sanly birleşme” atly ýörite
bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, hasabatyň dowamynda başga-da birnäçe
teklipler beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige
esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini
has-da kämilleşdirmegiň, munuň üçin häzirki zaman usullaryny giňden
peýdalanmagyň, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi hem-de taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary
işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny
ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň etraplarynyň we
şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak
göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek
babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol
stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal
welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly
demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi
goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov