Hormatly
aragatnaşyk pudagynyň
işgärleri!
Gadyrly
myhmanlar!
Sizi
ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary
durmuşa ornaşdyrmakda, aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş
tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII
halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan öz çäginde halkara
ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik
Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasion merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu
taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar,
Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup,
goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär. Biz dünýäniň ösen
innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetimizi
döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri
gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny
döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri
we iri taslamalary durmuşa geçirýäris.
Häzirki
döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze
innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny
ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda,
aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmek we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maýa
goýumlar gönükdirilýär. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk
hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça
yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga
hem uly üns berilýär.
Hormatly halkara sergä we
ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly
ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine
öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti
ornaşdyrmak, «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmek boýunça
alnyp barylýan işleriň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalary
döwrebaplaşdyrylýar. Maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary babatda işleriň
hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny kämilleşdirmek çäreleri dowam etdirilýär. Milli
şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri, binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman
meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan Arkadag şäherinde hem öňdebaryjy sanly,
maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy.
Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa
geçirmek arkaly hyzmatdaş ýurtlar bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň
medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden
dikeldilmegine işjeň gatnaşýar hem-de öz goşandyny goşýar. Ýurdumyzda bu ugurda
sebit hem-de ählumumy ähmiýetli maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär.
Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny
kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa
geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we
teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň
we ylmy maslahatyň ähmiýeti hem örän uludyr.
Hormatly aragatnaşykçylar!
Gadyrly myhmanlar!
Bu ýöriteleşdirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň
ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribe
alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara
bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, olary durmuşa geçirmekde uly
ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Sizi telearagatnaşyk, telemetriýa,
habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel —
2024» atly XVII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy
bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk,
abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Serdar
BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov