PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Sergileriň sanawy

№02 Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi

Giriş.

Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, sanly ulgam arkaly ilata edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek.

 

Serginiň geçirilýän ýeri

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda 09:00 – 18:00

 

Sergä gatnaşyjylar.

- Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi,

- Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi,

- Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy,

- «Türkmenhaly» döwlet birleşigi

- Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy,

- Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi,

- Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary

 

 

Eksponatlar.

Ýurdumyzda öndürilýän giň görnüşdäki azyk harytlaryny, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök-önümleri, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagaty, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işlerinde, mebel önümlerini, gurluşyk materiallaryny, mahabat, senetçiler we zergärçiler, tikinçilik we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary.