Düýn Malaýziýanyň
paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň
Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji
dekabrynda döwlet
Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Bu sapara ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet
berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary
ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy
pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak
ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş
depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna
girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.
Düýn ir bilen döwlet Baştutanymyz motosikletçiler
kerweniniň ugratmagynda Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna —
Perdana Putra geldi.
Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Malaýziýanyň Premýer-ministri
Anwar Ibrahim mähirli garşylady. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň
Premýer-ministri birek-biregi mübärekläp, haly ýodajygynyň ugry bilen resmi
garşylamak dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar. Iki ýurduň Döwlet
senalary ýaňlandy.
Hormat garawulynyň serkerdesi hormatly Prezidentimize dabaraly hasabat berdi. Döwlet
Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçdi hem-de
Malaýziýanyň goşun baýdagyny sarpalady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda,
Premýer-ministr Anwar Ibrahim hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary
bilen tanyşdyryldy.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyryldy.
Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly
Prezidentimiz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Malaýziýanyň Hökümetiniň
binasyna bardylar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy
galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda çäkli düzümdäki
gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany belent mertebeli
myhmany mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul
edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin
Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime iberen salamyny
ýetirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden
peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan we öz adyndan Malaýziýanyň Ýokary
Baştutany Sultan Ibrahime salamyny hem-de çuňňur hormatyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa şu resmi saparynyň
iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam
berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürmäge uly üns berýändigini belledi.
Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji
nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň,
Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler.
Türkmenistan Malaýziýa bilen bilelikde halkara işlerde deňhukuklylyk we
adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş edýärler
diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat
ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän
başlangyçlaryny goldaýandygy üçin malaý tarapyna minnetdarlygyny bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýa bilen
gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe
taýýardygyny tassyklap, Malaýziýanyň myhmansöýer topragynda mähirli kabul
edilendigi üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek çuňňur
minnetdarlygyny beýan etdi.
Söhbetdeşler netijeli syýasy dialogy mundan beýläk-de
giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky pikirlerini beýan
edip, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan hem-de
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga
ýardam berýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini
nygtadylar. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara
syýasatyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň
Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam
etdi.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim belent mertebeli myhmany
hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, Malaýziýanyň Türkmenistan
bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi we türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza öz
adyndan hem-de Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Sultan Ibrahimiň adyndan salamyny
we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Premýer-ministr Milli Liderimiziň 2016-njy
ýylda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleriniň uly ähmiýetini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň hem ýurtlarymyzyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri
döredýändigi nygtaldy.
Premýer-ministr nebitgaz pudagyndaky özara
gatnaşyklaryň meselelerine ünsi çekip, Türkmenistanda “PETRONAS” döwlet
nebitgaz kompaniýasynyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň
döredilýändigini belledi we munuň üçin kompaniýanyň hem-de öz wekilçilik edýän
ýurdunyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Premýer-ministriň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer
ulgam Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm
ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmenistanyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti bar.
Şu ýyl ýurtda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy giňden bellenildi. Söz ussady öz şygyrlarynda ynsanperwerlige,
agzybirlige, adalatlylyga çagyrypdyr. Malaýziýanyň ylmy işgärleridir alymlary
Magtymguly Pyragynyň eserlerini malaý diline terjime etmek bilen
meşgullanýarlar. Şahyryň şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň
aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz Malaýziýa sapar bilen gelmäge
çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan
minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň
indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini, şu ýyllaryň dowamynda
hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny we ikitaraplaýyn şertnama-hukuk
binýadynyň döredilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet derejesinde
birnäçe özara saparlaryň guralandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
hemişe özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn bähbitlere
esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda alnyp barylýan ýakyn gatnaşyklaryň
hem-de şu gezekki saparyň hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil
taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary
yzygiderli ösdürmek üçin ugurlary kesgitlemegi teklip edip, biz iri halkara
guramalaryň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris
hem-de birek-birege goldaw berýäris. Malaýziýanyň Türkmenistanyň alyp barýan
daşary syýasy ugruna hormat bilen garaýandygyna ýokary baha berýäris diýip
belledi we Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, Malaýziýanyň halkara
parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny amala
aşyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamagy dowam etdirjekdigini
tassyklady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda halkara
giňişlikde parlament diplomatiýasynyň uly orun eýeleýändigini we şunuň bilen
baglylykda, türkmen-malaý parlament hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidigini
nygtap, parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeň alyp barmagy, kanun
çykaryjylaryň iki ýurtda geçirilýän iri halkara forumlara gatnaşmagynyň
meýilnamasyny düzmegi teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daşary
syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen,
yzygiderli syýasy geňeşmeleri ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý
gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy,
dokma senagaty, energetika we ulag pudaklary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň
meselelerine jikme-jik seretmek teklip edildi.
Bu meselede ýurtlarymyzyň işewür toparlaryna aýratyn
orun degişlidir. Biz 2015-nji ýylda Kuala-Lumpurda bilelikdäki Türkmen-malaý
işewürlik maslahatyny geçirdik diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we
nobatdaky forumy Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz
ýurtlarymyzyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni iş gatnaşyklary ýola
goýmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu edaralaryň iki ýurduň kärhanalarynyň we
kompaniýalarynyň birek-biregiňkide geçirilýän sergilere, ýarmarkalara,
forumlara gatnaşmagyny üpjün etmelidiklerini belledi. Şunuň bilen birlikde,
hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary ulgamlaýyn ösdürmek üçin
Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-malaý
hökümetara toparyny döretmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer
gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berýändigini, iki döwletiň hem-de
olaryň halklarynyň arasynda, medeniýet, sungat ussatlarynyň we döredijilik
işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleriniň, halkara festiwallaryň,
sergileriň geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 2015-nji
ýylda Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini belläp,
indiki ýyl Aşgabatda Malaýziýanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi.
Türkmen raýatlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw
mekdeplerinde okamaga gyzyklanmasy artýar. Häzirki wagtda Malaýziýada
Türkmenistandan 300-e golaý talyp okaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
iki ýurduň paýtagtlaryny birleşdirýän howa gatnawlarynyň gaýtadan ýola
goýulmagynyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga
mümkinçilik berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz 2028-nji ýylda Sarawak ştatynda
Bütindünýä suw kongresini hem-de sergisini geçirmek baradaky çözgüdiň
Malaýziýanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhümdigini ýene-de
bir gezek tassyklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýokary derejede geçiriljek şu
forumyň işine ýakyndan gatnaşjakdygyny nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp,
malaý tarapyna bu iri çäreleri geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz geçirilen netijeli gepleşikler,
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi we
hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de
bir gezek minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk
baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim çuň manyly çykyşy üçin
hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, syýasy-diplomatik, maliýe, oba
hojalygy, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky
gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini belledi we bu babatda beýan eden
başlangyçlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Anwar Ibrahim hormatly
Prezidentimiziň Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns
berýändigini aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam
etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Malaýziýa Türkmenistan bilen söwda ulgamynda
hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, azyk
önümleriniň söwdasy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de
tejribelerimizi paýlaşmaga taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, Premýer-ministr
aýtdy. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy
bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belläp, bu babatda berilýän goldaw
üçin kompaniýanyň adyndan hoşallygyny beýan etdi. Anwar Ibrahim bilim ulgamynda
hem hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigini aýdyp, hünärmenleri taýýarlamak
boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini nygtady.
Biz Kuala-Lumpur bilen Aşgabadyň arasyndaky
gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýäris. Iki ýurduň arasynda
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Siz Türkmenistanda
“ýaşyl” we “akylly” şäheri gurmak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýärsiňiz,
bu ugurda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrýarsyňyz diýip, Anwar Ibrahim
belledi we bu babatda gazanylýan üstünlikler bilen hormatly Prezidentimizi tüýs
ýürekden gutlady.
Premýer-ministr Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm
meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň
bu ugurda toplan tejribesiniň Malaýziýa üçin hem wajypdygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda göni howa
gatnawlarynyň ýola goýulmagy netijesinde syýahatçylyk pudagynda uly ösüşler
gazanylýar. Iki ýurduň syýahatçylarynyň sanynyň artýandygy hem muňa şaýatlyk
edýär. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylyk üçin dürli ýeňillikleri girizmäge
we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edildi. Munuň özi raýatlaryň
arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşar.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň
energetika, ulag, tehnologiýalar ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň geljegi uly
ugurlary hökmünde görkezendigini aýdyp, Malaýziýanyň bu ugurdaky taslamalary
durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň “Merkezi
Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjyny goldaýandygyny we bu formatyň
çäklerinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Anwar Ibrahim Türkmenistanyň daşary
syýasatda Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýändigini we Malaýziýanyň bu syýasaty
goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara giňişlikde gazanan
üstünlikleri bilen gutlady.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra,
hormatly Prezidentimiziň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda
ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we
Premýer-ministr Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary
astynda resmi saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda
Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda wiza talaplaryny kem-käsleýin ýatyrmak
hakynda Ylalaşyk hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň
Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiasiýa senagaty
babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş
pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik
notalary; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda
syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda
Ähtnamany; Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-I» şertnamalaýyn
çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik
şertleri barada Teswirnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen
Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnamany; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli
söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany alyşdylar.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz we Malaýziýanyň Hökümetiniň Baştutany metbugat wekillerine
ýüzlendiler.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim gepleşikleriň
netijelerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Iki ýurduň daşary syýasat
edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we geçirilýän geňeşmeler, hyzmatdaşlyk
boýunça indi dörediljek toparlar hem bu gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orny
eýelär.
Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideriniň dürli
ýyllarda Malaýziýa amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da
ilerletmäge itergi berendigini belledi we “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň
Türkmenistanda netijeli işlemegine döredilýän şertler üçin ýurdumyzyň
Hökümetine hoşallygyny bildirdi. Şeýle-de ol Malaýziýanyň dürli ugurlarda
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň
ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Anwar Ibrahim söwda, maliýe ulgamlaryndaky
hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize
hoşallygyny beýan edip, şular bilen bir hatarda, oba hojalygy we durnukly ösüşe
gönükdirilen täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygyň has-da
giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.
Ol türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilen
çäreleriň ähmiýetini belläp, Malaýziýanyň Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanasynyň türkmen alymlary we dilçileri bilen bilelikde şahyryň
goşgularyny malaý diline terjime etmek boýunça iş alyp barýandyklaryny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy tutuş dünýäde giňden
meşhurdyr. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň döredijiligine
Malaýziýada hem uly hormat goýulýar. Onuň şygyrlarynyň malaý diline terjime
edilmegi malaýziýaly okyjylaryň şahyryň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk,
özara düşünişmek, agzybirlik taglymlaryna ýugrulan eserleri bilen ýakyndan
tanyşmagyna mümkinçilik döreder diýip, Anwar Ibrahim aýtdy hem-de
medeni-ynsanperwer ulgamdaky bilelikdäki tagallalaryň özara hormat goýmagy,
düşünişmegi, açyklygy, ählumumy ösüşi esasy ugur edinýän ýurtlarymyzyň we
olaryň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine
berk ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz metbugat wekillerine
ýüzlenip, çakylygy we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin Malaýziýanyň
Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan
minnetdarlyk bildirdi.
“Şu gün biz halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen,
ykdysady ösüşlerimiziň geljekki ugurlaryny kesgitleýän örän netijeli
gepleşikleri geçirdik. Sebit we halkara syýasatyň meselelerini ara alyp
maslahatlaşdyk” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýokary derejedäki
gepleşikler üçin Malaýziýanyň wekiliýetine öz hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz halkara bileleşigiň gün
tertibindäki möhüm meselelerde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň garaýyşlarynyň
gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, iki ýurduň hem parahatçylyk
söýüjilik, deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk
kadalaryna esaslanýandygyny, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy hem-de
durnuklylygy berkitmek ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa ähli
döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmak hem-de ösüp barýan ýurtlaryň dünýä
syýasatyndaky ornuny pugtalandyrmak esasynda adalatly we sazlaşykly halkara
gatnaşyklar ulgamyny gurmagyň berk tarapdary bolup çykyş edýärler. Geçirilen duşuşyklardyr
gepleşikler iki tarapyň hem bu maksatlara ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanda dünýä giňişliginde iri halkara guramalaryň,
ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Malaýziýa bilen deňhukukly we özara
bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi.
Geçirilen gepleşikler hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz
içine alýar. Hususan-da, olar söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge
iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Şu nukdaýnazardan, döwlet
Baştutanymyz energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, gurluşyk, nebiti we
gazy gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher
gurluşygy, syýahatçylyk ýaly birnäçe ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek
üçin bilelikdäki işleriň uly geljeginiň bardygyny belläp, Türkmenistanyň
ykdysady hyzmatdaşlyk babatda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigi bilen
gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
“Gepleşikleriň dowamynda biz özara gatnaşyklaryň oňyn
tejribesiniň toplanandygyna, maýa goýumlary artdyrmak üçin bar bolan
mümkinçiliklere ünsi çekdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzda köp ýyllardan bäri üstünlikli işläp gelýän Malaýziýanyň «PETRONAS
Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň işi özara bähbitli ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. “Medeni-ynsanperwer ulgamda hem
gatnaşyklary berkitmek wajyp ugurlaryň biridir. Dostlukly halklarymyzyň
arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy üpjün etmäge, bu ugurda ikitaraplaýyn
gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada
ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa amala aşyrýan saparynyň
netijelerine ýokary baha berip, saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we
kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da
çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini
nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Malaýziýanyň
Premýer-ministri Anwar Ibrahime myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň dostlukly halkyna
parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
...Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow “PETRONAS” binasyna bardy hem-de bu ýerde Malaýziýanyň
“PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
hem-de döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara
alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin
giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän
pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň ulanylmagyna
Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn
bellenildi. Kompaniýa 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod
serişdelerini çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýar.
Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda
degişli işleri alyp barýar. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen
Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola
goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan
ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik
üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze
ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
«PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary Gahryman
Arkadagymyzyň ozal Malaýziýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belläp,
Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilen amatly şertler üçin döwlet
Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz “PETRONAS” binasynyň
“Skybridge” syn ediş köprüsine bardy. Bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçylary
hormatly Prezidentimizi binanyň taryhy hem-de aýratynlyklary bilen
tanyşdyrdylar.
Bu meşhur bina 88 gatdan ybarat bolup, beýikligi 451,9
metre deňdir. Bina 6 ýylyň dowamynda gurlupdyr. Onuň taslamasy argentinaly
arhitektor Sesar Pelli tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Täsin desga diňe bir
ägirt uly ölçegleri däl, eýsem, gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen hem
tapawutlanýar. Onuň ähli otaglarynyň tutýan meýdany 213 müň 750 inedördül metre
deňdir. “PETRONAS” binasynda sergi we maslahat zallary, çeperçilik galereýasy,
iş otaglary ýerleşýär. Binanyň gurluşygy üçin diňe Malaýziýada öndürilýän
gurluşyk serişdeleri ulanylypdyr. Onuň üçin berk, şol bir wagtyň özünde çeýe
beton işlenip taýýarlanylypdyr. Şoňa görä-de, ol şol ölçegdäki polat gurnama
binalardan iki esse agyr gelýär. “Skybridge” syn ediş köprüsi binanyň 41-nji we
42-nji gatlarynda ýerleşýär. Köpriniň uzynlygy 58,4 metre, agramy bolsa 750
tonna barabardyr. 170 metr belentlikde gurlan “Skybridge” dünýäde iň beýik iki
gatly köprüdir. “PETRONAS” binasynyň bu aýratynlyklary onuň syýahatçylyk taýdan
ähmiýetini artdyrýar.
Şunda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň hem-de
öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň, gurluşyk, binagärlik, dizaýn, şäheri
abadanlaşdyrmak boýunça täze işläp taýýarlamalaryň giňden ulanylmagynyň
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk
maksatnamasynyň hem ileri tutulýan ugurlarydygyny bellemek gerek. Bu
maksatnamanyň aýdyň nyşanlary bolan Aşgabat we Arkadag şäherleri sebitiň iri
işewürlik we medeni merkezlerine öwrülýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Kuala-Lumpur şäheriniň
Halkara howa menziline bardy.
Howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Malaýziýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki
ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ugurlaryň giň gerimi boýunça
yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Wekil pursatdan peýdalanyp, döwlet
Baştutanymyzy resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de iki
ýurduň ýokary derejedäki özara saparlaryna bagyşlanan ýörite neşiri sowgat
berdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler hem-de sowgat üçin minnetdarlyk
bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Watanymyza
ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi
adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Malaýziýa resmi saparynyň we
onuň çäklerinde guralan ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegi
bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk
bildirip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri iki ýurduň
hem deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklary mundan
beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.
***
Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Kuala-Lumpurda
malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli
ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar
türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn
duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika,
söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer,
ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri
girizildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly
toplumyna gol çekildi. Şolaryň
hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa
uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý
uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý
uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet
ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem duşuşyklarda
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary
ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
tdh.gov