18.10.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli
birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Mejlisde ýurdumyzda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen,
“Elektron söwda hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine
alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle
hem Türkmenistanyň Gümrük, Jenaýat, Raýat iş ýörediş kodekslerine we başga-da
birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek
boýunça işler geçirilýär.
Şu
ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitde we bütin
dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde
zenanlaryň orny, gender deňligi, saglygy goraýyş, demografik ösüş, kanun
çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara
alyp maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, “Parahatçylygy
saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar
dialogy, “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly
ikinji halkara maslahat, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki
zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan forumlaryň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren hemmetaraplaýyn goldawlary
üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze
Kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň hem-de bu
ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli pulumyzyň —
manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna gabatlanyp “Milli manat —
täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady” atly ylmy-amaly maslahaty
geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala
aşyrýan özgertmelerini giňden beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler
bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan
hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere milli pulumyzyň — manadyň
dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy
taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmenistanyň nebiti
we gazy — 2026” atly XXXI halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde
geçirilmegi göz öňünde tutulan bu çärelere taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp
barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amatly maýa goýum
gurşawyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Halkara
maslahat “Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” diýen şygar astynda geçiriler we onuň
çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler
hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek, bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, halkara maslahatlaryň we
sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara
maslahaty we sergini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi
dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny
öndürijilikli işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ekiş
geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Häzirki
wagtda pagta ýygymy dowam edýär. Ýygnalýan hasyly pagta arassalaýjy
kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek hem-de gaýtadan
işlemek, şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli
işletmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.
Şeýle
hem wise-premýer şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň
baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam
etmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, pagta ýygymy möwsümini
guramaçylykly geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek
çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň oba
hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda dürli
görnüşli dökünler öndürilýär. Öndürilýän mineral dökünler bilen ýurdumyzyň oba
hojalyk önüm öndürijileri doly üpjün edilip, galan bölegi daşary ýurtlara
eksport edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini
mineral dökünler bilen üpjün etmekde himiýa pudagyna uly ornuň degişlidigini
belledi hem-de wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik
kärhanalaryny doly taslama kuwwatynda işletmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý
Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek “Hytaý halkara import EXPO” sergisine
Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň soňky tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda
öndürilýän ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak üçin giň
mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň iri möçberli halkara sergilere yzygiderli
gatnaşyp, harytlarymyzyň giňden mahabatlandyrylmagy hem milli önümlerimizi
daşary ýurt bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
“Hytaý
halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzda
öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady
we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem halkymyzyň milli
medeni mirasy bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem serginiň
çäklerinde Türkmen-hytaý işewürler forumy guralar. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri
halkara sergilere çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek
«Hytaý halkara import EXPO» sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary
derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek
hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Watanymyzyň dünýädäki belent şan-şöhratyny, milli medeni mirasymyzy we
gadymy gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli
döredijilik adamlaryny ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen,
ýurdumyzda dürli bäsleşikler yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik munuň aýdyň
mysalydyr.
Her
ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy
ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy
bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini hem-de zehinli
çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek
meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 36 ýyllyk baýramy mynasybetli 2027-nji ýylyň
sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge,
medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns
berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek
hakynda» Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny
ösdürmek, ylma we döredijilige höweslerini artdyrmak babatda toplumlaýyn işler
durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geljek aýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetinde Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny,
“Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk:
ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara
ylmy-amaly maslahaty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde
“Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly sanly ulgam arkaly halkara
ylmy-amaly maslahaty, V Açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Türkmen
oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly
sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Myrat Garryýew
adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman
stomatologiýasynyň wajyp meseleleri” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly
maslahaty, biologiýa dersi boýunça V halkara internet olimpiadasyny geçirmek
göz öňünde tutulýar.
Şeýle
hem noýabr aýynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe
dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, “Ykdysadyýetiň durnukly
ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly utgaşykly görnüşde III
halkara ylmy-amaly maslahaty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy
berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly sanly ulgam
arkaly II halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan
başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi
boýunça V halkara olimpiadany hem-de onuň bilen ugurdaş “Himiýa ylmyny we
tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti” atly
utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty, Türkmen döwlet maliýe
institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça III
Açyk halkara internet olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni”
atly II halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ylmy-amaly
maslahatlaryň we ders bäsleşikleriniň geçirilmegi ylym-bilim ulgamlarynda
halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga, bilim işiniň ylmy-usulyýet
binýadyny öňdebaryjy tejribeler bilen baýlaşdyrmaga itergi berer. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny
ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw
mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1»
ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyga taýýarlyk görlüşi barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda dünýäniň dürli
ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet
berilýär. Olaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny görkezmek bolar. ABŞ
bilen uzak ýyllaryň dowamynda milli we sebit derejesinde gyzyklanma bildirilýän
ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmagyň möhüm gurallary ýola
goýuldy. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
arasyndaky «C5+1» görnüşinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.
Bu hyzmatdaşlygy ýola goýmak we onuň işini berkitmek boýunça bilelikdäki
tagallalara türkmen tarapy yzygiderli goşant goşýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň
sentýabryndan 2026-njy ýylyň sentýabry aralygynda bu formatyň sekretariatynda
Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bilelikde başlyklyk
edendigini bellemek zerurdyr.
Türkmen
tarapy bu sekretariatda başlyklyk eden döwründe bu formatyň çäklerinde anyk
mowzugy ilerletmek tejribesini ilkinji bolup ýola goýdy. Has takygy, bu döwürde
Türkmenistan formatyň çäklerinde emeli aňyň mümkinçilikleri bilen bagly mowzugy
öňe sürdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň başlyklyk eden
döwründe, ýagny 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde şu formatyň
döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiziň bu ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça beren
görkezmelerinden we tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen tarapy formatyň
çäklerinde geçirilýän dürli derejedäki çärelere işjeň gatnaşýar. Soňky aýlaryň
dowamynda bu formatyň çäklerinde dürli derejelerdäki duşuşyklaryň geçirilendigi
we olaryň işjeňleşendigi bellenildi.
Şu
ýylyň 19-njy oktýabrynda bolsa Samarkant şäherinde bu formata gatnaşýan
ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşyga görülýän taýýarlyk işleri
barada aýdyldy. Duşuşykda köptaraplaýyn formatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň
möhüm ugurlary babatda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etmek göz öňünde
tutulýar. Bu duşuşyk bilen bir hatarda, Hökümet agzalarynyň we işewürleriň
gatnaşmagynda birnäçe ugurlar, hususan-da, sanly tehnologiýalar, bilim we
saglyk, wajyp minerallar, energiýa we ulag infrastrukturalary, oba hojalyk we
dokma toplumy, maliýe we maýa goýum ýaly ugurlar boýunça işewürler sessiýalary
geçiriler.
Bu
çäräniň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen
ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň dowamynda
gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda şu
ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky
türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlyk işlerini ara alyp
maslahatlaşmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
Merkezi
Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky bu formatyň
ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Döwlet sekretarynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň arasyndaky ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyň sebitiň
durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine
sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşyga gowy taýýarlyk
görmegi we işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli
paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we
elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hususan-da, “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döwrebap enjamlar
toplumlary bilen üpjün etmek babatda netijeli çäreler görülýär. Şunda dünýäniň
öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov