13.10.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de
welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur
işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta
arassalaýjy kärhanalary hem-de kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmek
üçin zerur çäreler görülýär.
Bu
işler bilen bir hatarda, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu ugurda oba
hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlere ideg
etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek işleri utgaşykly
alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan
gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösdürilip ýetişdirilen
pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň, bugdaý
ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny belledi we häkime bu
ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, Balkanabat
şäherinde birnäçe saglygy goraýyş düzümleriniň açylyp ulanmaga berilmegi
mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize
hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk,
uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk
saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şunuň
bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki
möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde
işledilmegini üpjün etmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak
boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp,
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň
bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda,
häkime pagta ýygymynyň hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň
möhümdigini belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli we
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda
ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen
zerur çäreler görülýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär, ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul
edilýär.
Welaýatda
bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Bu
ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde hem-de netijeli
işledilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük
gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen
hasyly ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär. Bu işler bilen
bir hatarda, welaýatda şaly hasylyny ýygnamak işlerine girişilip, möwsümi öz
wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Şeýle
hem häkim ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde
alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen
baglylykda, häkime welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, bugdaý
ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri
berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde şu günler welaýatda
ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna
tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk
tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş
harmanhanalaryny bökdençsiz işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär.
Şunuň
bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsüminde oba hojalyk
tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde
gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba
hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen
ekinleriň hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler guramaçylykly
alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýetişdirilen şaly
hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri ýerine
ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan
möwsümleýin işlere ünsi çekdi we häkime bu işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň
we bugdaý ekişiniň depginleriniň güýçlendirilmegini hem-de agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häkim, ilki bilen, Mary şäherinde
saglygy goraýyş desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli welaýatyň
ýaşaýjylarynyň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman
Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür,
il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň babadaýhanlary tarapyndan
ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler
geçirilýär. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmäge,
ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda
bökdençsiz kabul etmäge aýratyn üns berilýär.
Bu
işler bilen bir hatarda, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini
ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş
suwuny tutmak we kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň
güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda
ideg hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant
şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň bellenen
agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň
hatarynda kesgitledi hem-de şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatda bu ugurda
alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we
ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul
ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek hem-de gaýtadan işlemek boýunça
zerur çäreler görülýär.
Şunuň
bilen birlikde, ýurdumyz boýunça bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsümini
bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen degişli
işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen
bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük
ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler
bilen içerki bazarlary üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Ýurdumyzyň
Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda
bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý
ekişiniň öz wagtynda hem-de ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini
belledi we wise-premýere ýurdumyz boýunça bu ugurda alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba
hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň hem-de bugdaý ekişiniň
dowam edýändigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi,
hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi,
bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bu işlerde oba
hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov