Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara
howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen
netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli,
deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan
strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli
durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege
hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da,
Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk
Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwletara
hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm
orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Malaýziýa
2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlary,
dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda
Türkmenistana bolan saparlary munuň aýdyň mysalydyr. Şol saparlaryň dowamynda
gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk
binýadyny emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji sapary we öňde boljak ýokary derejedäki
gepleşikler hem özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde
nobatdaky tapgyr bolar.
...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly
Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary
bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi
resmi adamlar garşyladylar.
Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet
Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna
uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri
nyzama düzüldi.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiziň
dostlukly ýurduň resmi wekili bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda yzygiderli
ösdürilýän türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen
bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly
mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara
gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Malaýziýa resmi sapary dowam edýär.
tdh.gov