Giriş.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we
ösüş» atly halkara maslahaty we sergisi, halkara ulag pudagynda netijeli
halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura
mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we
howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan
ybarat bolup, ara alnyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň ulag-logistika
pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi, ulag-aragatnaşyk toplumyny
sanlylaşdyrmak, durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl
infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk
toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň ähmiýeti bilen baglydyr.
Serginiň geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri,
Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143
Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 26-27-njy noýabr aralygynda –
sagat 09:00 – 18:00 çenli.
Sergä gatnaşyjylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary
Eksponatlar.