Düýn
Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy
býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet
Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň
başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli
türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, ŞHG-niň sammitine
gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hormatly
Prezidentimiziň Başlyk Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine ünsi
çekip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady
gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň
ösdürilýär.
HHR-iň
Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana
amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de
pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan
minnetdarlygyny beýan edip, hytaý tarapyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň dowamynda gazanylan
ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ŞHG-niň giňişliginde
abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Din Sýuesýany we Hytaý Halk
Respublikasynyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklar
strategik we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, ýurdumyz ýola goýlan
hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda iki ýurt ýokary döwlet,
Hökümet we ministrler derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Parlament
wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar, sebitara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn özara
hereketleriň üstüni ýetirip, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bilelikdäki
tagallalary utgaşdyrmak, iki ýurduň söwda-ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek
işinde hökümetara komitete uly ähmiýet berilýär.
Energetika
ulgamy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2009-njy
ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň
aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hytaýly
hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň
Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk
bildirdi.
Häzirki
wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem aýratyn ähmiýete eýe. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny işjeň
ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine
ünsi çekdi hem-de hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar
deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika
ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan
täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge
taýýardygyny tassyklap, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin
bilelikde tagalla etmegi teklip etdi. Hususan-da, ýurdumyz Hytaýa dokma, himiýa
senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardyr.
Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň
hataryndadyr. Türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim
alýarlar, Türkmenistanyň birnäçe bilim ojaklarynda bolsa hytaý dili öwredilýär.
Türkmenistan ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi
maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary
tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy
ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň
Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik
komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň
birinji orunbasary Din Sýuesýan iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy has-da
ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap, birek-birege berk jan
saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş
sapary dowam edýär.
tdh.gov