Düýn
Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol
menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary
dabaraly ýagdaýda ugratdylar.
Häzirki
wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze
sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda
söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer
ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny
asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran
Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap
görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu
gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
...Biraz
salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli
garşylanyldy.
Günüň
ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.
HHR-iň
Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul
edip Hytaýa gelendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de
pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş
etdi. Şeýle-de Si Szinpin Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýakynda “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol “Merkezi
Aziýa — Hytaý” formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen
bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri
boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si
Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki
işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny,
Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli
geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gahryman
Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň we HHR-iň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara
hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak, olary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek,
halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat
mümkinçilikdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hytaý bilen strategik
hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Gatnaşyklaryň şeýle derejesi syýasat,
ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky özara hereketlere oňyn
täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary
açyklygy, özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň ýokary derejesi, uzak möhletli
bilelikdäki ösüş maksatlaryna aýdyň düşünilmegi bilen tapawutlanýar.
Halkara
syýasatyň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň çemeleşmeleri
ýakyn ýa-da gabat gelýär. Tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş umman
sebitinde berk parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge ymtylyş
şol çemeleşmeleriň esasyny düzýär. Türkmenistan hem-de HHR halkara guramalaryň,
ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Hytaýyň
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna berýän goldawyna, ýurdumyzyň başlangyjy
boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ençeme Kararnamalarynyň
awtordaşy bolup çykyş etmegine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan
eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we onuň Türkmenistanyň halkara
gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady. “Bu gün şanly
senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar
edilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn buýsanç bilen nygtamak
isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamany kabul etmeginde
Hytaý Halk Respublikasynyň möhüm ornuna ünsi çekip, munuň üçin hytaý tarapyna
minnetdarlyk bildirdi.
HHR-iň
Başlygy hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy
bilen gutlap, Hytaýyň ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan
parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady
hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyz birnäçe möhüm ugurlar boýunça
hyzmatdaşlygy ösdürip, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, senagat,
oba hojalyk kooperasiýasyny, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy
höweslendirmegi, dürli ugurly, şol sanda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki
kärhanalary döretmegi maksat edinýärler.
Gaz
pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. 15 ýyldan gowrak wagt
bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý
ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki günde ýurtlarymyz
gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýärler we bu babatda anyk
netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz iri “Galkynyş” gaz käniniň
dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý
tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz
hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň
taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler
esasynda ösdüriljekdigini nygtady.
Dostlukly
ýurduň Lideri Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý
üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda
işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň
bilen baglylykda, Si Szinpin häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz
ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol HHR-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý”
formatynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Ulag-logistika
hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny
gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen
mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň esasynda giň,
açyk we netijeli ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, özara
bähbitlilik, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almak, uzak möhletleýinlik we
durnuklylyk ýörelgeleri esasynda Ýewraziýa yklymynyň çalt depginler bilen ösýän
sebitlerini bitewi geoykdysady giňişlige birleşdirmek ýaly umumy maksatlar bar.
Döwlet Baştutanymyz bu maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa sebitine möhüm ornuň
degişlidigini, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogyny goldaýandygyny
we oňa işjeň gatnaşýandygyny belläp, häzirki günde bu formatyň derwaýysdygyny
hem-de oňa gatnaşyjylaryň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.
Türkmen-hytaý
döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgam, hususan-da,
bilim ulgamy wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw
mekdeplerinde türkmen talyplary dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz olaryň bilim almagyna döredilýän
amatly şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň HHR bilen
bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala
aşyrmagyň, şol sanda ýokary tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda taslamalary
durmuşa geçirmegiň, taryhy-arheologik ylmy barlaglary geçirmegiň, iki halkyň
edebi mirasyny öwrenmegiň we ony özara wagyz etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar
diplomatiýasynyň hem ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu
ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara
parlament diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň toplan baý tejribesini halklaryň
arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmak üçin hytaýly
hyzmatdaşlar bilen bu tejribäni ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
“Türkmenistan we Hytaý gadymy taryhy bolan ýurtlardyr.
Asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz dürli görnüşlerde gatnaşyk saklap,
özboluşly tejribe topladylar. Bu gün Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gurluşy
baradaky garaýyşlary ýakyndyr. HHR-iň Başlygynyň “Adamzadyň bitewi ykbal
bileleşigi” konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we
ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar. 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy
esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Başlyk Si
Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
HHR-iň
Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk
döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan
üstünliklerine ýurdumyzda guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda
HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.
Hytaý
Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu
gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň
uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady.
Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň beýan eden tekliplerini goldaýandygyny
aýtdy.
Duşuşygyň
ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly
halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip,
birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
***
Hormatly
Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen
wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn
duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Intellektual
eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda tejribe alşyp,
innowasiýalary we awtorlyk hukugyny goramak boýunça hukuk binýadyny hem-de
mehanizmleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň bilim
ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim
taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni
hyzmatdaşlyk dialogyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şunda muzeý işine aýratyn
üns berildi. Taraplar medeni mirasy gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek,
sergileri, iki halkyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän beýleki
medeni çäreleri geçirmek babatda pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň
meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maglumatlary alyşmak,
bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma
bildirdiler.
Ulag
ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda taraplar infrastruktura
taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, logistikany
gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek babatda pikir alyşdylar.
Energetika ulgamy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri
bolup durýar. Duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika
infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin
tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar. Degişli
infrastrukturanyň ösdürilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge
ýardam bermek bilen bir hatarda, özara maýa goýumlar üçin hem täze
mümkinçilikleri açýar.
Duşuşyklaryň
netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen
Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda
intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş
sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen
“Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
tdh.gov