Düýn
Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.
“ŞHG+”
formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama
agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri,
dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp,
hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has
giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
“ŞHG+” formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga
ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň
döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary
gatnaşdylar.
HHR-iň
Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere
hoşallyk bildirdi we “ŞHG+” formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu format
özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Başlyk Si Szinpin şu gün sebitde
parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk
ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň netijeli
geçjekdigine ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine
hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de
işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde
gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy
ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk
edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine
uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy
proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly,
deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.
Düýn guramanyň sammitiniň
“ŞHG+” formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy
hormatly jenap Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip — Ählumumy dolandyryş
başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň
arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk,
adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak
babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär. Biz bu başlangyjy goldaýarys
hem-de hytaýly kärdeşlerimiz bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça
işlemäge taýýardygymyzy beýan edýäris.
ŞHG-niň
halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň,
çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin
şertleri döretmek boýunça çemeleşmelerini goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda,
guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, biziň Bitaraplygymyza, halkara
başlangyçlarymyza hemişe oňyn garaýandygyny nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz
tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup
çykyş edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar. Men bu gün
taryhy wakanyň — şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen
aýdýaryn. Biz Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna
agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat bolarys
diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet
Baştutanymyz ykdysady ulgamyň Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky
gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýandygyny aýdyp, ulag-logistika,
kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri
tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Ägirt uly serişde binýady, geografik
taýdan ýerleşmegiň artykmaçlyklary, senagatyň we infrastrukturanyň çalt
depginler bilen ösmegi, özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi — bularyň
ählisi ykdysady taýdan ýakynlaşmaga, bilelikde ösmäge, bar bolan
mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, ŞHG-niň giňişliginde we Türkmenistanyň
çäginde yklym, geljekde bolsa ählumumy ähmiýetli iri ykdysady merkezleri
döretmäge ýardam berýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de
Türkmenistanyň we ŞHG-niň hyzmatdaşlygynyň dürli formatlarynyň we nusgalarynyň
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirmäge hem-de baýlaşdyrmaga,
hyzmatdaşlygy uzak möhletli, özara bähbitli esasda giňeltmäge, iri sebit we
halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek üçin şertleri
döretmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ulag ugruna aýratyn ünsi çekdi.
Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek
Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika
magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys.
Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady
serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil
taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary
— Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we
Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan
bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply
bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň
gatnaşmagynda has ýakyn özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, Türkmenistanyň
we ŞHG-niň obýektiw artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy
geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag
strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz bu babatda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn
belledi. Biz gurama hökmünde ŞHG-niň hem-de Türkmenistanyň bu ugurda
bähbitleriniň gabat gelýändiginden, onuň özara gabat gelmegiň ýokary derejesine
eýediginden ugur alýarys. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy
wezipämiz diýip hasaplaýaryn. Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we
önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä
bazarlaryna doly derejede çykmak, Ýewraziýa geoykdysady giňişliginde uzak
möhletli we güýçli ornumyzy pugtalandyrmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde
garaýarys. Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek
hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň
Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy
mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýakynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda amatly we gysga ugur
hökmünde Hazar deňziniň ähmiýetiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we ŞHG-ä
agza birnäçe döwletleriň bu foruma iň ýokary derejede gatnaşandygyny aýdyp,
munuň üçin olara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi
hem-de bu mowzugyň gatnaşyklaryň şu formatynda hem dowam etdiriljekdigine ynam
bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine
ünsi çekip, ýurdumyzyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady.
Deňizüsti
ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda
hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu
ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli
gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri
getirer diýip hasaplaýaryn. Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap,
köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet
berýäris. Ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde Owganystana uzaýan demir
ýollary gurmak başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem başga-da giň möçberli
başlangyçlarymyz bar. Demir ýol we awtomobil ulaglary bilen ýük daşamak
ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri
görýäris we bu babatda öz tekliplerimizi tanyşdyrmaga taýýardyrys diýip,
hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistanyň häzirki
wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti
bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany
durmuşa geçirýändigini belläp, gurama täze giň möçberli taslamalaryň
geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etdi.
Energetika
ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG
döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Biz häzirki
wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny
ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak üçin açykdyrys. Umuman, elektroenergetika pudagyna ŞHG bilen
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we senagat kooperasiýasyny tagallalary
birleşdirmek üçin ugurlaryň ýene biri hökmünde görkezdi. Ýurtlarymyzyň okgunly
ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän
harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi — bularyň ählisi ykdysady
hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň senagat kooperasiýasy strategiýasyna
gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Men
öz çykyşymyň başynda ynsanperwer ulgamy agzap geçdim. Taryhy tejribe,
gymmatlyklaryň ýakynlygy, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylyk, tüýs ýürekden
hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň
binýadydyr, aýawly saklaýan we artdyrýan umumy baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de,
ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, medeni, ylym,
bilim, durmuş ulgamlaryndaky beýleki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hemişe
aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bu gatnaşyklaryň zerurdygyna we ähmiýetlidigine
berk ynanýarys.
Bu ýokary döwlet derejesindäki duşuşyga Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde garaýar.
Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa
geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga
ygrarlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi hem-de şu iri sammite
gatnaşmaga çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Mejlisiň
dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda
ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar
ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek,
infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen baglanyşykly
we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary
derejeli duşuşygyň ahyrynda Başlyk Si Szinpin hormatly Prezidentimize çakylygy
kabul edip, Hytaýa gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we döwlet
Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşynyň ähmiýetini belledi.
Hormatly
Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
tdh.gov