Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden
bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim
ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm
ädim boldy.
Ylym-bilim
ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň
öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim
edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döredilýän mümkinçilikler ösen
aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaş nesliň kemala
gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin
ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga
hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim işini dolandyrmagyň
umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, bilimiň, ylmy işleriň önümçilik
bilen arabaglanyşygyny üpjün etmek, talyplaryň nazary bilimlerini amaly
şertlerde has-da kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Telekeçiler
bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüdir. Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we
orta telekeçiligi goldamak babatda öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda
gysga döwrüň içinde ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, hyzmatlar
ulgamyny ösdürmäge ukyply işewürler jemgyýeti kemala geldi. Telekeçiler milli
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barmak bilen, giň gerimli
özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant
goşýarlar. Hususy işewürleriň döwletimiziň jemi içerki önüminiň ösüşinde hem
mynasyp paýy bar. Olar “Türkmenistanda öndürildi” diýen milli nyşanly
harytlaryň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyryp, ekologik taýdan
arassa, ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da
berkidýärler. Şu ýyl jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6
göterime ýetirmek maksat edinilýär. Munuň özi Diýarymyzda telekeçiligi
ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy hem hususy
işewürligi ösdürmek, ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň
möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda täze möhüm sahypanyň açylýandygyny
alamatlandyrdy. Halkara uniwersitet ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda,
gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik
we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň
şu ýylyň 27-nji iýunynda gol çeken Permany esasynda döredildi. Ýokary bilimiň
hususylaşdyrylmagy bilim edarasyna okuw, ylmy-önümçilik işini dünýäniň
öňdebaryjy gazananlaryna esaslanyp özbaşdak guramakda, okuw maksatnamalaryny
döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri açýar. Paýtagtymyzda
açylan täze uniwersitet Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda
nobatdaky ädim bolar.
...Irden
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň öňündäki meýdançada
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary,
Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, işewürler bileleşiginiň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halk köpçüligi we talyplar
ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk-şowhun bilen
garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli
Gutlag sözi bilen çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dabara
gatnaşyjylary mübärekläp, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň
hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň toýlanýan ýylynda
ýurdumyzyň her bir gününiň täze taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýändigini
aýdyp, şu gün hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp
ulanmaga berilýändigini belledi hem-de dabara gatnaşyjylary we halkymyzy
Bilimler we talyp ýaşlar güni, gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşjak bu täze
bilim ojagynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilimi
ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna
we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bilim ähli ösüşlerimiziň,
bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de
geljegimiziň röwşen ýoludyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Milli
Liderimiz ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Okan il
ozar...», «Bir — okana, bir — dokana» diýen parasatly sözleriniň bardygyny, bu
pähimlerden ugur alyp, ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak
boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de berkarar
döwletimiziň nurana geljeginiň şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi,
terbiýesi bilen aýrylmaz baglydygyna, häzirki wagtda alnyp barylýan beýik
işleri üstünlikli dowam etmegiň ýaşlaryň paýyna düşýändigine ünsi çekdi.
Ylymly-bilimli,
giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, zähmetsöýer, arassa ahlakly, eziz Watanymyza
wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Şoňa
görä, Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalar
amala aşyrylýar. Bu ulgamy ösdürmäge maýa goýumlar gönükdirilýär,
maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary,
öňdebaryjy tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Hormatly
Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça
okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň»
kabul edilmegi hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky
möhüm ädim boldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,
ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, dünýä ýurtlarynyň belli
ylym-bilim merkezleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklanylýandygyny, ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ylym-bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge
gönükdirilen bilelikdäki halkara taslamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz şu gün dabaraly açylyp ulanmaga
berilýän täze ýokary okuw mekdebiniň hem ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan
halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, ýurdumyzyň hususy pudagy üçin
hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika
instituty üçin 2 müň talyba niýetlenen goşmaça döwrebap okuw binalar toplumynyň
we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň hem ulanmaga beriljekdigini, şu okuw
ýylynda Aşgabat şäherinde, welaýatlarda köp sanly täze orta mekdepleriň,
çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açyljakdygyny belledi hem-de ýaş
nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ösen tehnologiýalardan baş
çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin 1-nji synpa gadam
basan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň
sowgat beriljekdigini aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetiň hususy pudagyny goldamak we ösdürmek
biziň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Garaşsyz
ýurdumyzda hususy pudaga hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta
telekeçilik işi yzygiderli ösdürilýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, 2010-njy ýylda telekeçileriň
«Rysgal» gazetiniň, 2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň,
2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
döredilmegi Diýarymyzda hususy pudagy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy. 2011-nji we 2014-nji ýyllarda ýurdumyzyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň edara binalary hem gurlup ulanmaga berildi.
Ilkibaşda
türkmen telekeçileriniň ýöredýän kärhanalary kuwwatlylygy kiçiräk, ýönekeýje
kärhanalardy. Döwletimiziň berýän hemaýat-goldawlaryny netijeli peýdalanyp, bu
günki gün şol kiçi kärhanalar uly kuwwatly önümçilige öwrüldi. Olar dünýä
ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Ýurdumyzda şeýle
kuwwatly kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň 29 müňden gowrak agzasy bar. Olar ýurdumyzda kabul
edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly
mümkinçiligini görkezýän Arkadag şäheriniň gurluşygyna hem birleşmäniň agzalary
mynasyp goşant goşýarlar diýip, Milli Liderimiz çykyşynda belledi we käbir
maglumatlara ýüzlendi: «akylly» şäheriň birinji tapgyrynda birleşmäniň
agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý
bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda
birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 3 milliard 400 million manada
golaý bolan 120 sany desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalary jemi bahasy 2 milliard 300 million amerikan
dollaryna deň bolan, umumy uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem alyp barýarlar. Häzirki günde
bu döwrebap ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.
Gahryman
Arkadagymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen wagtyndan bäri
onuň agzalary tarapyndan bahasy 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard
amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslamanyň üstünlikli durmuşa
geçirilendigini, 425 müňe golaý iş orunlarynyň döredilendigini aýtdy. Munuň özi
«Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» şygarynyň durmuş hakykatyna öwrülýändigini
görkezýär.
Häzirki
wagtda Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler esasynda
hereket edýän hususy kärhanalar alyp barýan işiniň gerimini has-da
giňeldýärler. Olar innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman
kärhanalaryny gurýarlar we döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny
döredýärler. Hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Şeýle hem
içerki bazary azyk önümleri we halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek
bilen bir hatarda, olaryň artýan möçberini dünýäniň 50-den gowrak ýurduna
eksport edýärler. Ine, bu gün bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň tagallasy bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz ýokary
okuw mekdebini açýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady
hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmeginiň
ýurdumyzda telekeçilik, işewürlik işini ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly
ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.
Täze
bilim ojagy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.
Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany
her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany,
naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär. Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny
bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Bu ýerde
okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Täze bilim ojagynyň okuw
maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we
işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.
Şular barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz uniwersitetde bir wagtyň
dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli
işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini, ýakyn geljekde bu ýere sapaklary
okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň çagyrylmagynyň
bilim bermegiň hilini halkara derejä çykarmaga ýardam etjekdigini belledi.
Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy innowasiýalara
esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek
ýolunda möhüm ädimdir. Şoňa görä-de, bu döwrebap uniwersitetde bilim aljak
ýaşlarymyzyň ýakyn geljekde ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup, Garaşsyz
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna
berk ynanýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de hemmeleri
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Bilimler we talyp
ýaşlar güni, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar
toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Gahryman
Arkadagymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.
Dabaranyň
tolgundyryjy pursady gelip ýetdi: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary
astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow toý
bagyny kesdi.
Gahryman
Arkadagymyz uniwersitetiň baş binasynyň eýwanyndaky diwarlaryň ýüzünde mozaika
görnüşinde ýerine ýetirilen, gadymyýetde söwda eden türkmen täjirlerini
şekillendirýän, häzirki döwürde telekeçileriň dürli ugurlarda, şol sanda
ylymda, bilimde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda ýeten sepgitlerini beýan
edýän surat eserini synlady. Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda
ýerleşen türkmen topragy taryhyň iň irki döwürlerinde senetçiligiň,
ekerançylygyň, söwda gatnaşyklarynyň ösen merkezi bolupdyr. Gündogardan
Günbatara uzaýan kerwen ýollarynyň üsti bilen täjirler dünýä medeniýetiniň
naýbaşy gymmatlyklaryny, ylmyň gazananlaryny ýurdumyza getiripdirler. Bu ýerden
bolsa ussat senetçiler, zergärler tarapyndan taýýarlanylan önümler, nepis el
halylary uly isleg bildirilýän gymmatly baýlyk hökmünde dünýäniň çar künjegine
iberilipdir. Bu gadymy ýoluň taryhy ähmiýeti, onuň türkmen halkynyň durmuşyna
ýetiren täsiri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň
ýüregi” atly iki jiltden ybarat eserinde giňişleýin beýan edilýär.
Ata-babalarymyzyň
senetçilik, täjirçilik däplerini häzirki zaman usullarynda ösdürýän türkmen
telekeçileri öndürilýän önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyryp, bu gün
dünýäniň önümçilik we söwda ulgamyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwürde olaryň
hödürleýän önümleri we hyzmatlary diňe bir içerki bazary kanagatlandyrmak bilen
çäklenmän, eýsem, daşary döwletleriň sarp edijileriniň hem ýokary bahasyna
mynasyp bolýar.
Uniwersitetiň
eýwanynda ýurdumyzyň hususy işewürleriniň üstünlikleriniň subutnamasy bolan
diplomlar we güwänamalar ýerleşdirilipdir. Açylyp ulanmaga berilýän ýokary okuw
mekdebi hususy pudagyň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak bilen, daşyndan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmäge,
täzeçil, toplumlaýyn işewürlik başlangyçlaryny işläp düzmäge hem-de durmuşa geçirmäge
ukyply, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşýan ýaş nesli kemala getirmekde
esasy merkezleriň biri bolar.
Soňra
bu ýerde ýörite gurnalan monitorda uniwersitetiň desgalary, olarda göz öňünde
tutulan mümkinçilikler, okuw ugurlary bilen tanyşdyrýan wideoşekiller
görkezildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar
toplumynyň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda girişildi. Jemi 8 gektar
çäkde ýerleşýän ýokary okuw mekdebiniň desgalarynyň gurluşygy «Nur bina
gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ýerde talyplaryň
bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, dynç almagy we wagtyny peýdaly
geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki
ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, bu ýerde dil öwreniş bölümi, hünär
derejesini ýokarlandyryş; işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk
işewürligi; sanly tehnologiýalar; binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri,
şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 kafedra, 42 sany tejribehana hereket eder.
Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrar.
Bu
ýerde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary
bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly
professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar. Okuwlar,
hususan-da, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barlar. Şunuň
bilen baglylykda, ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda önümçilikde zähmet
çekýän ussat işewürleriň talyplara bilim bermekleri, sapaklaryň dowamynda
önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmekleri göz öňünde
tutular. Munuň özi ýokary telekeçilik mekdebinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň
ösdürilmegine hem ýardam eder.
Täze
bilim ojagynda okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup, talyplar okuwa kabul
edilende belli bir taýýarlyk ugruna, ýagny hünäre kabul edilmän, eýsem, bilim
ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna kabul edilýär. Bilim ulgamlarynyň ulaldylan
toparlary bir wagtda taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň üçin
talyplar, ilki bilen, bir ýyllap türkmen we iňlis dilleri boýunça dil
taýýarlygyny geçerler. Soňra birinji okuw ýylynyň dowamynda bakalawr
maksatnamasy boýunça taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýan bilim
ulgamynyň ulaldylan toparlaryna degişli hökmany we umumy dersler boýunça bilim
alarlar. Şeýlelikde, talyplar birinji okuw ýylynyň ahyrynda öz isleglerine
görä, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň degişli
ugruny saýlap bilerler. Ikinji okuw ýylyndan olar saýlan taýýarlyk ugruna
degişli ýörite we saýlama dersler boýunça bilim alarlar. Şunlukda, talyplar
ikinji, üçünji, dördünji okuw ýyllarynda taýýarlygyň belli bir ugruna
ýöriteleşip, üçünji okuw ýylynyň ahyrynda ýyllyk ylmy işini, dördünji okuw
ýylynyň ahyrynda önümçilige gönükdirilen diplom işini ýazyp, ony döwlet synag
toparynyň öňünde goramak bilen, öz saýlan hünär ugry boýunça bakalawr bilim
derejesini alarlar. Uniwersitetde okuwlaryň, esasan, amaly maksatly we tejribä
gönükdirilen görnüşde alnyp barylmagy ýurdumyzyň senagat önümçiligi pudagyndaky
meseleleriň öwrenilmegine hem-de oňyn çözülmegine, akademiki bilimiň,
tejribäniň utgaşdyrylmagyna, ylym-bilimiň senagat hem-de zähmet bazary bilen
arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap ýokary okuw mekdebiniň
barlag-tejribehana otaglaryna baryp, olarda döredilen şertler we
enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň
halkara maliýe we birža barlag-tejribehana otagyna bardy. Täze uniwersitetiň
mugallymy Milli Liderimizi mübärekläp, şu günki tejribe sapagynda dürli
görnüşli maliýe amallarynyň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi. Bellenilişi
ýaly, gymmatly kagyzlar bazarynda biržalar esasy orny eýeleýär. Şol pursatda
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Aşgabat gazna biržasynda
hasaba alnan ýuridik taraplaryň gymmatly kagyzlary barada maglumatlar, dünýäniň
ösen döwletleriniň gazna biržalarynyň hereketi hakyky wagt tertibinde görkezildi.
Talyplaryň tejribehanadaky kompýuterler arkaly birža gatnaşyjysy hökmünde
öwrediji hasabyň üsti bilen gazna biržalarynyň maglumatlaryny öwrenmäge,
seljermäge we amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilikleri bar.
Halk
Maslahatynyň Başlygy dünýä biržalarynyň häzirki ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de
bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň ýurdumyzyň gazna bazaryny ösdürmäge uly
goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Uniwersitetiň mugallymy özleri barada
edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri uniwersitetiň ilkinji talyby bolmak bagty
miýesser eden ýaşlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň öz öňlerinde goýan
maksatlary bilen gyzyklandy. Uniwersitetiň talyby okamak we bilim almak üçin
ýurdumyzda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de öz saýlap alan ugry boýunça
ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrunda ähli gujur-gaýratyny
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyzda bank we birža edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine,
ulgama häzirki zaman iş usullarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Şundan ugur alyp, ugurdaş edaralar öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek bilen,
sanly ulgam arkaly hödürleýän hyzmatlarynyň gerimini barha giňeldýärler. Bu
ýerde maliýe we birža edaralarynyň işleriniň guralyşy, olary sanly
tehnologiýalar esasynda ösdürmegiň ugurlary görkezme esbaplaryň, şekilleriň
üsti bilen çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň
ýaşlary emeli aň, maglumat we blokçeýn tehnologiýalary boýunça taýýarlamak
baradaky görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde
ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. Şeýle
maksatnamalar bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, zähmet bazarynyň
talaplaryna laýyklykda hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem sanly maliýe we birža bazarynyň
häzirki zaman ýörelgelerini milli tejribä ornaşdyrmaga ukyply hünärmenleri
taýýarlamak işine goşant goşar.
Soňra
hormatly Arkadagymyz uniwersitetiň ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy barlag-tejribehana
otagyna bardy. Uniwersitetiň mugallymy Milli Liderimizi bu ýerde döredilen
şertler bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ekinleriň ýokary hasyl
berýän, toprak-howa şertlerine durnukly görnüşlerini synagdan geçirmek, olary
has-da kämilleşdirmek üçin barlaglary alyp barmaga ähli mümkinçilikler bar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn, ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp
barylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda
toplan baý ekerançylyk tejribesi bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylýar.
Mugallym döwrebap mümkinçilikler bilen üpjün edilen uniwersiteti gurduryp
berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Oba
hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň dolanyşyga girizilmegi Türkmenistanda
ekerançylygy täzeçil esasda ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda
güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze sortlarynyň
döredilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hormatly Arkadagymyz bu
otagda döredilen şertleriň ýokary derejeli seçgiçi hünärmenleriň ýetişdirilmeginde
möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi we talyplara okuwlarynda üstünlikleri
arzuw etdi.
Soňra
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze uniwersitetiň gurluşyk
materiallary we konstruksiýalary barlag-tejribehana otagynda döredilen şertler
bilen tanyşdy. Bu ýerde uniwersitetiň mugallymy gurluşyk gurnamalarynyň we
serişdeleriniň hil barlagyny geçirmäge mümkinçilik berýän enjamlaryň,
hususan-da, Italiýanyň “Sara” kompaniýasynyň seýsmiki signallary we
ýertitremeleri, geofiziki maglumatlary ýygnamaga we ýazga almaga, seljermäge
niýetlenen seýsmograf enjamynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi
ýaly, şeýle enjamlar arkaly geçirilýän tejribeler talyplaryň nazary bilimlerini
has-da ösdürýär. Munuň özi işine ussat gurluşykçylary, binagärleri
taýýarlamagyň möhüm şertidir.
Soňra
barlaghana otagynda uniwersitetiň talyby Gahryman Arkadagymyzy Italiýanyň “IDS”
kompaniýasynyň enjamy bilen tanyşdyrdy. Nygtalyşy ýaly, bu enjam beton
gurluşyklaryny barlamak, turbalary we kabelleri tapmak, betonyň galyňlygyny
ölçemek üçin ulanylýar. Şeýle-de enjam betonyň içindäki boşluklary we zeperleri
anyklamak bilen, gurluş bitewüligini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu
enjam diwaryň içindäki näsazlyklary, çat açmalary 3D görnüşinde görmek üçin
niýetlenendir.
Uniwersitetiň
talyby ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleriň
döredilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza
tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik
edýän orunbasary B.Annamämmedow Gahryman Arkadagymyza talyplaryň özleşdiren
bilimlerini tejribede berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Milli Liderimiz ýaşlaryň gurluşyk we seýsmologiýa ugry boýunça alan
bilimlerini has-da kämilleşdirmek üçin ony gurluşyk meýdançalarynda dowam
etmelidigine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Iňlis
dili otagynda talyplaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döwrebap
tehnologiýalar we lingafon enjamlar, kompýuterler ornaşdyrylandyr. Häzirki
döwürde iňlis dili halkara işewürligiň dili hökmünde dünýäde öz ornuny barha
berkidýär. Tehnologik we maglumat ulgamynyň ösüşi bu diliň ähmiýetiniň
artmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini
okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde çagalaryň we ýaşlaryň
dünýä dillerini özleşdirmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn çäreler
görülýär. Ýokary okuw mekdebine kabul edilen ýaşlaryň ilkinji okuw ýylynda
türkmen we iňlis dilleri boýunça taýýarlyk okuwlaryny geçmegi hem olaryň
geljekki okuw ýyllaryny üstünlikli dowam etmeklerine ýol açar. Şunlukda, iňlis
dili boýunça taýýarlyk okuwlary geljekki telekeçileriň, kompaniýalary
dolandyryjylaryň, ykdysatçylaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni
işewürlik gepleşiklerini geçirmeklerine ýardam berip, olaryň özara düşünişmek,
dialog alyp barmak medeniýetini has-da ýokarlandyrar. Şoňa görä-de, bilim
ojagynda talyplara iňlis diliniň işewürlik adalgalaryny we söz düzümlerini
öwretmek, gepleşikleri netijeli alyp barmak boýunça sapaklar berler.
Ýurdumyzyň
telekeçileri milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça özgertmelere hem
işjeň gatnaşýarlar. Olar dürli programmalary we mobil goşundylary işläp
taýýarlap, sanly ulgam arkaly ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň
artmagyna uly goşant goşýarlar. Uniwersitetiň sanly tehnologiýalar fakultetinde
superkompýuter tehnologiýalary, serwer, kompýuter tory, maglumat goragy, mobil
programma, programmirlemek boýunça barlag-tejribehanalaryň 6-sy hereket edýär.
Talyplara sanly dünýä baradaky bilimleri çuňňur öwretmekde bu otaglaryň
ähmiýeti uludyr.
Ýokary
okuw mekdebiniň serwer barlag-tejribehana otagynda nazary bilimleri iş
şertlerinde has-da çuň özleşdirmek üçin innowasion we kuwwatly enjamlar ornaşdyrylypdyr.
Şeýle hem bu ýerde serwer enjamlarynyň gurluşy, görnüşleri, işleýiş
aýratynlyklary öwredilýär. Serwer — munuň özi tordaky beýleki kompýuterlere
maglumatlary we hyzmatlary ýetirmek üçin niýetlenen kuwwatly kompýuter hem-de
programma üpjünçiligidir. Ol faýllary saklamak, buýruklary gaýtadan işlemek,
web saýtlaryň, mobil goşundylaryň ulanyjylara elýeterli bolmagyny üpjün etmek
wezipesini ýerine ýetirýär.
Mälim
bolşy ýaly, gurluşyk pudagy we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi milli
ykdysadyýetiň batly depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Şunuň bilen
baglylykda, halkara uniwersitetde bu babatda ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamak maksady bilen, ýörite fakultet döredildi. Türkmen hususy gurluşyk
kärhanalary Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli gurluşyk taslamalaryna
işjeň gatnaşyp, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpli özgerdýärler.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň abraýly halkara guramalaryň,
kompaniýalaryň we ylym merkezleriniň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini
tassyklaýan güwänamalaryňdyr baýraklaryň ençemesine mynasyp bolmagy milli
işewürleriň gurluşykda toplan tejribesiniň ykrarnamasydyr. Binagärlik-gurluşyk
işewürligi fakultetinde gurluşyk desgalarynyň we serişdeleriniň barlaglaryny
geçirmäge ýöriteleşdirilen enjamlar gurnalan barlag-tejribehanalaryň 12-si
hereket edýär.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
uniwersitetiň howlusynda ýaýbaňlandyrylan, Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide
ýurdumyzda elektron senagatyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan “Aýdyň
gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümlerine möhüm orun berlipdir. Hojalyk
jemgyýetiniň sergi diwarlygynda häzirki zaman elektron önümleriniň köp görnüşleri
görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda soňky ýyllarda elektron senagatyň
önümlerini öndürmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi.
Häzirki
döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurluşyk we senagat toplumyny
innowasion taýdan we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işler
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga,
gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn
ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça amala aşyrylýan döwlet
strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri
bilen üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga,
hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly möçberli
maýa goýumlar gönükdirilýär.
Döwletimiz
tarapyndan berilýän ýeňillikleriň we goldawlaryň netijesinde telekeçiler
döwrebap tehnologiýalara esaslanýan önümçilik toplumlaryny döredýärler.
Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi kiçi we orta işewürligi
ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, raýatlaryň telekeçilik
başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet
eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek,
bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak
ýaly başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri gurluşyk taslamalaryny
ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna wajyp orun degişlidir.
Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmekde mynasyp paýy bolan telekeçiler
önümçilikleri giňeltmek bilen, gurluşyk senagatynyň ösüşine saldamly goşant
goşýarlar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri sergide plastmassa turbalaryň, keramiki bezeg
plitalarynyň we sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Häzirki
wagtda hususy gurluşyk kärhanalary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri gurluşyk
taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Şunuň bilen bir
hatarda, gurluşyklarda ulanylýan zerur gurluşyk serişdelerini öndürmekde olara
möhüm orun degişlidir. Munuň özi gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebaplaşdyrmak
we oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny
yzygiderli pugtalandyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň täze
önümçiliklerini döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala
aşyrylýandygynyň güwäsidir. Hormatly Arkadagymyz 2008-nji ýylda Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredileninden bäri hususy işewürligiň
başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny, hususy bölegiň ýurdumyzda amala
aşyrylýan iri döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine has-da işjeň
gatnaşýandygyny belledi.
Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi
mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergä gatnaşýan ýurdumyzyň telekeçileri netijeli
işlemek, täze önümçilikleri ýola goýmak, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda döredilýän amatly şertler
üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Milli
Liderimiz türkmen telekeçileriniň döwletimiz tarapyndan mundan beýläk-de
goldanyljakdygyny aýdyp, olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň rektoryna şanly waka mynasybetli hormatly
Prezidentimiziň adyndan sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Ýokary
okuw mekdebiniň ýolbaşçysy açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin türkmen
halkynyň Milli Liderine, şeýle döwrebap bilim ojagyny gurduryp berendigi üçin
döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uniwersitetiň
professor-mugallymlarynyň, ähli işgärleriniň adyndan sagbolsun aýtdy.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň sport toplumynyň binasyna bardy.
Uniwersitetiň sport toplumynda dürli sport çärelerini geçirmek, bedenterbiýe
bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Milli Liderimiz halkymyzyň
“Saglyk — beglik” diýen pähimine ünsi çekip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelgäniň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny
aýtdy. Ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde
paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň beýleki künjeklerinde täze sport desgalarynyň
yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
uniwersitetiň mejlisler jaýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli
talyplaryň, professor-mugallymlaryň öňünde beýanat bilen çykyş etdi. Gahryman
Arkadagymyzyň beýanaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegi nazarlaýan,
öňdengörüjilikli daşary hem-de içeri syýasatyna bagyşlandy. Türkmen halkynyň
Milli Lideri talyplara ýüzlenip, şeýle ajaýyp günde olar bilen duşuşýandygyna
örän şatdygyny, halkymyzyň “Toýlar goşa-goşadan gelýär” diýen sözleriniň şu gün
durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz şu günler Hytaý Halk
Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý
gatnaşyklary özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň, açyklygyň ýokary derejesi bilen
tapawutlanýar. Ýurtlarymyz strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça
yzygiderli we netijeli ösdürýärler. Türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat
goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly bolup
durýar. Bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Taryhdan mälim
bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp
gaýdýar. Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmen hem-de hytaý halklary
“Kasam şertnamasy” diýlip atlandyrylan şertnama gol çekipdirler. Şertnamada:
“Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly
bolsun!” diýlip bellenilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz şol
“kasama” eýerip, dostlukly ýurda sapary amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň
ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy kökleri taryha uzap
gidýän dostluga ygrarlylygyň aýdyň nyşanydyr diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz HHR-e saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirýär.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşyklaryň iki ýurduň
arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.
Gahryman
Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar gününde özüne ýurdumyzyň talyplary bilen
duşuşmagyň miýesser edendigini, 19-njy sentýabrda bolsa Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy. Munuň özi halkymyzyň “Agzybire
Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” diýen pähiminiň dowamata atarylýandygynyň aýdyň
beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watan diňe halky bilen
Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! Bu bolsa halk bilen döwletiň aýrylmaz
bir bitewüdigini aňladýar diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Halk
bilen maslahatlaşmak türkmençiligiň asylly däpleriniň biridir. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisinde
halkymyz bilen ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň, onuň dowamynda kabul
ediljek çözgütleriň ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşyny mundan
beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzda birnäçe baýramçylyklaryň
belleniljekdigini aýtdy. Hususan-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy,
ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden belleniler.
Türkmenistanyň
parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary
halkara giňişlikde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk
hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurtdur. Ýurdumyzyň Bitaraplyk
hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň ýubileý ýylynyň Birleşen Milletler
Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna
eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu şanly seneleriň ýokary
derejede we guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur işleriň alnyp
barylýandygyny belledi.
Soňra
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda
ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we
baýraklar gowşuryldy.
Ilki
bilen, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas
Demirji şu dabarada çykyş etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de
Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi täze uniwersitetiň açylyp
ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Milli
Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň bilim
ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu gün Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.
Soňra
Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we
uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we
innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw
mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy.
Soňra
sertifikatlaşdyrmak boýunça “CERT International” guramasynyň direktory Riad
Ibragimow Gahryman Arkadagymyza ýüzlenip, Türkmenistanda giňden bellenilýän
Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze ýokary okuw mekdebiniň açylyp ulanmaga
berilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň ykdysadyýeti yzygiderli ösdürilýär. Şunda innowasion
çemeleşmelere möhüm ähmiýet berilýär. Myhman pursatdan peýdalanyp, Gahryman
Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi täze ýokary okuw mekdebiniň açylyp
ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň
ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini
tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
“Saybolt”
kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili D.Aganyýazow Gahryman Arkadagymyzy
we hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden
gutlady. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýokary
derejeli hünärmenleriň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. “Saybolt”
kompaniýasynyň wekili Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini
tassyklaýan barlag güwänamasyny gowşurdy.
Soňra
“Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Ahmet Kahraman Türkmenistanda
giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň aýratyn many-mazmuna
eýedigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzy we döwlet Baştutanymyzy bu şanly
waka bilen tüýs ýürekden gutlady. “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň
wekili Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde gurnalan POLIGHT
yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015
we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny
hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini
tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.
Şeýlelikde,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine gowşurylan degişli
şahadatnamalar we güwänamalar bu ýokary okuw mekdebiniň hil we enjamlaşdyrylyş,
tehnologiýalar babatda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini
alamatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary okuw mekdebini mynasyp
bolan halkara baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň ýurdumyzyň bilim
ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bilim ulgamy tutuş dünýäde täzeçil tehnologiýalara
esaslanýar hem-de kosmiki tizlik bilen ösýär. Täze uniwersitetiň gurlup
ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň döwrüň talaby bilen aýakdaş ösýändiginiň
subutnamasydyr.
“Durmuşda
öz ornuňy tapmak üçin bilime möhüm orun degişlidir. Bilim her bir adam üçin
täze-täze mümkinçilikleri açýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şunuň
bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen ýaşlarynyň gazanýan
üstünlikleri barada durup geçdi. Nygtalyşy ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji
tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň pikirleriniň
peýdalanylmagy gurluşyk işlerinde innowasion çemeleşmelere aýratyn ähmiýet
berilýändiginiň güwäsi boldy.
Milli
Liderimiz sözüni dowam edip, şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň hem möhüm
ähmiýetini belledi. Institutyň täze binasynda Gün panelleriniň, “Gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň bolmagy ýurdumyzda
“ýaşyl” energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň
beýanydyr.
Soňra
bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda
ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Milli
Liderimizden şanly waka mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň işgärleriniň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan ajaýyp türkmen
halysyny Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat hökmünde gowşuryp bermegi uly
hormat bilen haýyş edildi.
Ýurdumyzyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazlaryň
ýaňlanmagy şu günki dabaranyň ajaýyp jemlemesine öwrüldi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz döwrebap ýokary okuw mekdebiniň açylmagy bilen ýygnananlary ýene
bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu
ýerden ugrady.
Şeýlelikde,
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa
geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň
güwäsi boldy.
tdh.gov