Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli
ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem
ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde milli tejribeden
we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň
Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat,
Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine,
“Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, ykdysadyýetiň
aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan
düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, deputatlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň
hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen
önümçilik-tejribe sapaklary geçirildi.
Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, parlamentara gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň
çäklerinde duşuşyklaryň 3-si geçirildi. Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzüm
birlikleri, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini
kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek
boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 8-sine gatnaşdylar. Deputatlar Gahryman
Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň
kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine
ýetirmek babatda degişli işleri geçirýärler.
Döwlet Baştutanymyz täze kanunlaryň ýurdumyzy
mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala
aşyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam
bermelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna
görä kämilleşdirmek işini dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini
durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat
döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat
pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1
göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar
ulgamynda 9 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy. Ykdysadyýetiň
pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek
satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim
ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4
göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça
aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim
ýokarlandy. Zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3
göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada
hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2022 —
2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda
2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli
işleri alyp barmagyň möhümdigini aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ösüşine, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlary
netijeli peýdalanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak,
pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip,
döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak
babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da,
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 104,3
göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 100,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, dizel
ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, polipropilen öndürmegiň
meýilnamasy 103,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim
berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 124,2 göterim ösüş depgini üpjün
edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
nebitgaz pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, tebigy gazyň we nebitiň
çykarylýan möçberini artdyrmagyň, önümçilik desgalaryny kadaly ýagdaýda
saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini
has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça
önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,9
göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 123,5
göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 101,4 göterime, Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 149,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet
konserni boýunça 104,4 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi
boýunça 269,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 110,4
göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 106,4 göterime, Maldarçylyk we
guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime, “Türkmen atlary”
döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk
pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 388,5 göterim
ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň
çäklerinde welaýatlarda bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine
taýýarlamak, ýazlyk ýeralmanyň ekişini geçirmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýerleşýän howdanlara suw toplamak,
suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak
babatda zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagy dowam etdirmegi, pudak boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy
we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny
ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýatlarda möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum
tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 126,7
göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň
birinji aýynda meýilnama 111,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 122,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe Energetika
ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, amala aşyrylan işleriň meýilnamasy
108 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu
görkeziji 156,6 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwarynda Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan işleriň
meýilnamasy 113,6 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 106,7 göterim
berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini
gazanmagyň, ýurdumyzdaky himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramagyň,
energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak bilen bagly işleri hemişe
üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze ýollary
gurmak we ýollaryň durkuny täzelemek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi
çekdi hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň
gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1
göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş
depgini 117,7 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 154,1 göterime, nah matalaryňky 157,9
göterime, taýýar tikin we örme önümleriniňki 108,5 göterime, gön önümleriniňki
142,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm
öndürmegiň meýilnamasy 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet
haryt-çig mal biržasy tarapyndan 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 178
şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça
ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,9 göterime barabar boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen aýda oba hojalyk we azyk
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 105 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň
üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny hemişe gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary
hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa
geçirmegiň möhümdigini belledi. Söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň,
döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek,
dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
baýramçylyklar mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary,
sergiler, wagyz-nesihat, aýdym-sazly medeni çäreler guraldy. Magtymguly
adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly —
dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji
ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň hem-de
ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen, aýdym-sazly
dabaraly maslahat geçirildi. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde-de dürli çäreler
geçirilip, türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty
festiwalyna gatnaşyp, Baş baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp
bolmagynyň hormatyna Arkadag şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Şeýle-de
hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert
merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmenistanyň Taryhy we medeni
ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm»
birleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýerine ýetiren işleri
barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, ýerlerde
kitaphanalaryň, medeniýet edaralarynyň kadaly işlemegini gözegçilikde
saklamagyň, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur
çäreleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça
işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet
bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar. Ylym ulgamynda-da maksada gönükdirilen
işler alnyp baryldy. Şu ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura
kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine
dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ýanwar aýynda
bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn
işler durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala
aşyryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini
ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara
taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym,
bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap
bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, ösüp gelýän nesilleri watançylyk,
zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi,
ulgama degişli täze desgalaryň gurluşygyny, ýokary hünärli işgärler bilen üpjün
etmek işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat
strategiýasyny durmuşa geçirmek we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň şu
ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek
bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara, sebit
guramalarynyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny
yzygiderli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolandygy bellenildi.
Ýanwar aýynda daşary ýurtlaryň
wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary
ýurtlara amala aşyran saparlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryň okgunly
ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklar, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi
gepleşiklerdir duşuşyklar guraldy. Şu güne çenli halkara resminamalaryň 6-syna
gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça işler yzygiderli
ilerledilýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, bu babatda-da degişli işler
geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
öňümizde birnäçe halkara çäreleriň bardygyna, olara ýokary derejede taýýarlyk
görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede
guraljak çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1 göterime deň boldy. Şu
ýylyň ýanwar aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly
ýük daşamagyň ösüş depgini 101,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini
104,8 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi
boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,1 göterime,
“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111 göterime, “Türkmenhowaýollary”
agentligi boýunça 116,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça
116,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 117,1 göterime deň
boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Watanymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşiş mümkinçiliginden netijeli peýdalanyp,
halkara ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin
oňaýly şertleri döretmegiň, olaryň sanyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp
barmak, bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlary
kämilleşdirmek, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işini hem giň gerimde
dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň
ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň
ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli
ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi. Geçen
aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda
goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri
dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip,
18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenip
geçiljekdigini aýtdy we Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň
öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet
çekýändiklerine ünsi çekdi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz milli
diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov