Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Täzelikler

Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

20.10.2025
18

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

 Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.

 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw berýär. Türkmenistan energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu taslama ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.

 TOPH taslamasynyň gurluşygy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýol infrastrukturasy boýunça taslamalaryň ähmiýetini bellemek gerek.

 ...Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

 Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň resmi adamlary bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistanyň Owganystan bilen özara hormat goýmak we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň esasynda giň gerimli bilelikdäki taslamalary, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda dürli taslamalary üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi. Munuň özi goňşy ýurduň parahatçylykly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi we häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

 Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

 Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady.

 Soňra Gahryman Arkadagymyz dikuçarda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherine bardy.

 Milli Liderimiz Serhetabat şäherinden awtoulagda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasyna bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

 Soňra bu ýerde dabaraly mejlis geçirildi.

 Mejlisiň öňüsyrasynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen bu möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin doga-dileg edildi.

 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän yzygiderli goldawlary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gelmegi we bu günki çärä gatnaşmagy nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin uly buýsanç bolup durýar hem-de mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň adyndan berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli beýik we tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen gündelik iş lybasyny ýadygärlik sowgat hökmünde kabul etmegini uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

 Soňra Milli Liderimize uly hormat bilen söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz şanly waka mynasybetli dabara gatnaşyjylara taryhy çykyş bilen ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de daşarky bazarlara ygtybarly ibermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan täze, halkara ähmiýetli gaz geçirijileri çekmek babatda alnyp barylýan işleriň hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

 Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda eksport etmäge mümkinçilik berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň uly ähmiýetini belledi. Bellenilişi ýaly, bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine täze itergi bermäge gönükdirilendir.

 Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň halkara derejede möhüm wakalaryň biri bolandygyny aýdyp, bu senäniň türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyny görkezýän täze desgalar ulanmaga berildi, möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna badalga berildi.

 Türkmen we owgan halklarynyň özara gatnaşyklary gadymyýetden gözbaş alýar. Bu gatnaşyklar häzirki günde has-da berkeýär. Halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Durmuşa geçirilýän bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder diýip,  Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

 Goňşy we sebit döwletleriň gülläp ösmeginde, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirildi. Ine, bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys.

 Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi we 200-den gowrak täze, häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler we onuň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, tutuş sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer. Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy üçin edermen türkmen gazçylaryna, şeýle hem bu taslamany goldandygy we ony amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

 Goý, türkmen we owgan halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary hemişe gülläp össün diýip, Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara öz arzuwlaryny beýan etdi.

 Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.

 Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradara söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary owgan topragynda mübärekläp, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahundyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bolan TOPH taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu taslama diňe bir gaz geçiriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlygyň, özara ykdysady gatnaşyklaryň hem-de umumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen tagallalaryň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, bu taslama sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin köpri bolup hyzmat edýär hem-de energiýa howpsuzlygyny, durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

 Bu gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge we müňlerçe iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, owgan tarapynyň TOPH taslamasyna diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl-de, eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak möhüm ädim hökmünde garaýandygy bellenildi.

 Nygtalyşy ýaly, bu gaz geçirijiniň ugry bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi, demir ýol, awtomobil ýollary, logistika merkezleri ýaly degişli infrastrukturalar dörediler. Munuň özi sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we energetika hyzmatdaşlygynyň bitewi ulgamyny döreder.

Owgan-türkmen gatnaşyklary dost-doganlyga, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar diýip, Abdul Gani Baradar aýtdy we owgan tarapynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdi.

  Çykyşlar tamamlanandan soňra, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi barada wideoşekiller görkezildi.

 Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biriniň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýandygyny aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp sanly ugurlary öz içine alýar. Bu ugurlara özara söwda, maýa goýumlar hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar degişlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly ähmiýetini aýratyn belledi.

 Köp ýyllardan bäri belli amerikan kompaniýalary Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýärler. Amerikanyň «Boeing», «Case New Holland», «John Deere», «Caterpillar», «General Electriс», «Sikorsky», «Nicklaus Design» kompaniýalary ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belledi. «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Ýakynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat bilen bagly «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

 Gahryman Arkadagymyz bu halkara maslahat bilen bagly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň hem gutlag iberendigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

 Hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!». «Şoňa görä-de, gujur-gaýratyny gaýgyrman, şunuň ýaly uly işleri bitirýän, taryhy taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan nebitgaz toplumynyň işgärlerine, aýratyn hem, edermen türkmen gazçylarymyza şöhrat, şöhrat, şöhrat!» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

 Soňra Milli Liderimiz bu gaz geçirijiniň gurluşygynda ulanyljak täze satyn alnan kuwwatly tehnikalar bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren bu tehnikalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk etmek bilen, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň turbalarynyň kebşirleýiş işleriniň geçirilýän ýerine bardy. Bu ýerde «Türkmengazgurluşyk» ÝGPJ-niň Owganystandaky şahamçasynyň başlygy H.Saparow alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

 Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen ýylyň sentýabr aýynda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçiriji taslamasynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu gaz geçiriji taslamasynyň gurluşyk işleri bilen içgin gyzyklanyp, türkmen gazçylarynyň arasyna gelmegi we olaryň iş şertleri bilen tanyşmagy gazçy hünärmenleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengazgurluşyk» ÝGPJ-niň Owganystandaky şahamçasynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzdan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata bermegini haýyş etdi.

 Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi sebit we dünýä ähmiýetli bu iri gaz taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy barada doga-dileg etdi.

 Soňra Milli Liderimiz kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata berdi. Şol pursat gaz  geçirijiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişildi.

 Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda toý sadakasy berildi.

 Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden dikuçarda Mary şäherine ugrady.

 Gahryman Arkadagymyzyň Mary şäherinden ugur alan uçary birnäçe wagtdan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.

 Şeýlelikde, Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyran sapary Türkmenistanyň sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi. Häzirki wagtda türkmen-owgan gatnaşyklary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup, diňe bir iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga hem saldamly goşant goşýar.

tdh.gov 

 


Bulary hem okaň