Hormatly halkara
maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Sizi Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň
nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy
bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýyl geçirilmegi asylly
däbe öwrülen bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri
tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary,
nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de önümçiligi
döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär.
Halkara maslahat we ugurdaş geçirilýän giň gerimli sergi innowasiýalar, häzirki
zaman işläp taýýarlamalary, täze taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik
döredýär.
Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Uglewodorod serişdeleriniň
ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz tebigy
baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň
bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde
goýlan maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň hatarynda durýar. Şoňa görä-de,
toplumyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek,
köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek we logistik kuwwatyny berkitmek,
bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek döwletimiziň energetika syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň iýul aýynda «Türkmennebit» döwlet
konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar
toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň täze nebit we nebit önümleri guýulýan
üçünji gämi duralgasynyň ulanmaga berilmegi hem bu ugurda möhüm ähmiýete
eýedir.
Gory boýunça dünýäde öňdäki
orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny
diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň esasy çig mal çeşmesi
bolup hyzmat edýär. Bu gaz käni daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna
tapgyrlaýyn hem-de maksatlaýyn esasda özleşdirilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyz
tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky
möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisini hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen
Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Bu iri gaz
geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge,
goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine
gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar
deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary
üstünlikli özleşdirilýär. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi
dowam etdireris.
Hormatly halkara
maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda nebitiň, gaz
kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny
artdyrmak, geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak,
nebitgazly ýataklary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekip, çalt depginler bilen
özleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerimiz üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ylmy-tehnologik ösüşiň gazananlaryna daýanmak hem-de öňdebaryjy dünýä
tejribelerini ornaşdyrmak arkaly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işlerde daşary ýurt kompaniýalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň
ýola goýlandygyny bellemek gerek.
Biz uglewodorod serişdelerini
gaýtadan işläp, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine
hem aýratyn üns berýäris. Ýakyn geljekde biz uglewodorod serişdelerinden
halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri öndürmäge
mümkinçilik berýän täze toplumlary gurup işe girizmegi, ozal bar bolanlaryny
döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýäris. Bu işlerde daşky gurşawy aýawly saklamak,
zyýanly gazlaryň täsirini peseltmek babatda halkara hyzmatdaşlyk giň gerimde
dowam etdiriler.
Hormatly adamlar!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän
taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň durnukly ösýän
ykdysadyýeti daşary ýurt işewürlerinde ynamy berkidip, geljegi uly taslamalara
maýa goýumlary gönükdirmäge islegleri artdyrýar.
Şu ýyl 30-njy gezek ýokary
derejede geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri
bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda,
geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýe
boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly halkara
maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Türkmenistanyň nebiti we
gazy — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny,
abadan we bagtyýar durmuşy, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw
edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Serdar
BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov