Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hereket edýän kanunlary
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek
maksady bilen, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat, Arbitraž iş
ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Maşgala, Ilaty durmuş
taýdan goramak kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli
üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.
Daşary döwletler we halkara
guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda,
Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri bilen duşuşyklaryň
geçirilendigi barada aýdyldy. Duşuşyklaryň çäklerinde dostlukly hyzmatdaşlygy
we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak, ynsanperwer
syýasatyny hem-de bu ugurda toplan tejribesini parlament diplomatiýasynyň üsti
bilen dünýä ýaýmak maksady bilen, utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary
toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog —
dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly ikinji
duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki
döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32
ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 1-nji
noýabrda guraljak foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň
ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan, ýokary we
ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan
özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan
ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pul-karz
syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap
bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara
maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly
meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32
ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ony
guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX
halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren
daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy
telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba
alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a
golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa,
energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk”, “Türkmen tebigy gazynyň artýan
orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek”
atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn
mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy»
atly halkara maslahatyň we serginiň ýangyç-energetika toplumynyň işini
kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara forumy ýokary derejede
geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin
işleriň barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu günler
ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda
ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hasyly pagta arassalaýjy
kärhanalarda gaýtadan işlemek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary we
beýleki tehnikalary netijeli işletmek babatda zerur çäreler geçirilýär. Geljek
ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk
tehnikalaryny öndürijilikli işletmäge aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky
ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly
çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam
etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň,
pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli
geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ak
pata bermegi bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow
adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna
badalga berilmeginiň taryhy wakalaryň biri bolandygyny aýdyp, bu döwrebap
toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutup berendigi üçin himiýa pudagynyň ähli
işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra wise-premýer hasabatyny
dowam etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagat desgalaryny
döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler dünýäniň
öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Munuň özi
kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmaga, öndürilýän önümleriň möçberini
artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalaryny doly taslama
kuwwatynda işlemegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik
kärhanalarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Germaniýanyň Frankfurt şäherinde
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumda
ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary,
häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar,
saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň
lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde
ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli
resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu foruma
gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan edara-guramalarynyň,
kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.
Wise-premýer Türkmenistanyň
ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oňa
ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, “Arkadag Medisina
Klasteri Menejment” kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz
öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary
mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy
taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek “Hemişelik Bitaraplyk —
dost-doganlyk binýady” atly hepdelige görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde
teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal
sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň
birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik
Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik
Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeligi ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini
ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony tassyklamak
hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygy esasynda şu Strategiýanyň hem-de ony
amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada, hususan-da,
ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli
tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet
bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň
we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary,
sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň
milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet we halkara
akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli kämilleşdirmek,
professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär derejesini
yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara
baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, ýokary okuw mekdepleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň
öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işlerini
kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji
ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň
awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi.
Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň
46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde
plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si,
ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi.
Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen
bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Hususan-da, ylym, bilim,
innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly infrastrukturany döretmek,
howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek
baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işi dünýäniň
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Maslahatyň
netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministri bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy
we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 14-nji
oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji
sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly
Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Ol
pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy bu
şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Bitarap
Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary
ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny,
BMG-den gelip gowşan hoş habaryň hem muny aýdyň görkezýändigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip,
“Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň
çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly,
bu geňeş 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda
döredildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen
parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi
we ynsanperwer syýasat boýunça hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp
maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli strategik maslahat beriş geňeşiniň
mejlisleriniň 4-si geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary
işler ministri geňeşiň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen 4-nji mejlisiniň
netijeleri barada hasabat berdi.
Mejlisiň gün tertibine möhüm
meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, “Türkmenistan bilen BMG-niň
arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň
Çarçuwaly maksatnamasyna” gutarnykly görnüşde seredildi we ol deslapdan
makullanyldy. 2005-nji ýyldan şu güne çenli ýurdumyzda jemi dört sany Çarçuwaly
maksatnama amala aşyryldy. Nobatdaky maksatnama Durnukly ösüş maksatlaryna
ýetmekde milli, sebit we halkara derejede syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa
ugurlarynda bilelikdäki hereketleriň esasyny düzýär. Şeýle hem BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda
beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler
ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
ýubileý sessiýada eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň
ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan giňden goldanylandygy hem-de olaryň iş
ýüzünde amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygy
nygtaldy.
Mejlisde BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri
we onuň dowamynda kabul edilen resminamalary, hususan-da, Awaza syýasy
Jarnamasyny we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny iş
ýüzünde amala aşyrmak boýunça meseleleriň giň toplumyna seredildi. Şeýle-de
bilelikdäki maksatnamalaryň taslamalary, olaryň çäklerinde ýaşlar syýasaty,
metan zyňyndylaryny azaltmak, sanly tehnologiýalar, energetika ulgamlarynda
maksatnamalaryň häzirki ýagdaýy hem-de ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli işler
ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat
beriş geňeşiň dördünji mejlisinde öňe sürlen teklipler hödürlenildi.
Türkmenistanda Durnukly ösüş
maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny” ýerine
ýetirmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, BMG-niň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw
maslahatyny şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky hepdesinde guramak teklip edildi.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji
sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriniň
Maksatnamasyny taýýarlamak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen
resminamalary durmuşa geçirmek babatda milli “Ýol kartasyny” işläp düzmek
teklip edilýär. BMG-niň ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrylmagy
meýilleşdirilýän maksatnamalaryny we taslamalaryny ulgamlaýyn esasda ara alyp
maslahatlaşmak, olaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, pudagara
utgaşdyryjy topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr
aýynda geçirmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat
beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň
möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
hödürlenen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň çäklerinde gämileri
abatlamaga we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet
berilýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik
kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagaty döwrebap enjamlar bilen
üpjün etmegi göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary ulgamynyň ösüşine,
gämigurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzyň senagat
kuwwatynyň artmagyna uly goşant bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmek
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen Milletler
Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. “BMG-niň Baş Assambleýasynyň
80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy jarnamasy» atly
Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly
ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu
Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň
üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryny gelip gowşan hoş habar — «Awaza syýasy
jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli
başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh