Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty okgunly ösdürilip, ol milli
ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegi bolup
durýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün
etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur
gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de
bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär.
Dünýäde
tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyz bu baýlygy
netijeli ulanmaga gönükdirilen strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy
gazdan dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürýän gazhimiýa
senagaty bu strategiýada esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de,
Türkmenistan iri mineral dökünleri öndüriji hökmünde halkara bazarlarda ornuny
barha pugtalandyrýar. Marydaky, Tejendäki, Garabogazdaky öňdebaryjy enjamlar
bilen üpjün edilen döwrebap zawodlarda ýokary hilli ammiak hem-de karbamid
öndürilýär. Munuň özi Türkmenistanyň oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly
kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge
hem mümkinçilik berýär.
Gyýanlydaky
gazhimiýa toplumy milli nebitgaz we himiýa senagatynyň dünýäde iň belli
kärhanalarynyň biridir. Toplum turba önümçiliginden başlap, ýeňil senagat we
awtomobil gurluşygyna çenli köp pudaklar üçin esasy çig mal bolan polietilen
hem-de polipropilen öndürýär. Ýokary hili halkara güwänamalar bilen tassyklanan
bu önümler ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge, onuň bäsdeşlige
ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik
taýdan arassa benzin öndürýän zawod dünýäde iň innowasion taslamalaryň biri
bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň senagaty diňe bir diwersifikasiýalaşdyrmak
bilen çäklenmän, eýsem, ekologik taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary
ornaşdyrmagy maksat edinýändigini hem görkezýär.
Türkmenistan
ýodbromly ýerasty suwlaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini
eýeleýär. Hazar, Balkanabat, Bereket zawodlary tehniki ýody öndürýän iri
kärhanalardyr. Täze maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde goşmaça kuwwatlyklaryň
döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga
goşant goşar. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän
“Garlyk” dag-magdan toplumy üstünlikli hereket edýär. Türkmenabatdaky himiýa
zawodynda goşmaça täze toplumyň gurulmagy bolsa ýurdumyzyň oba hojalygyny
mineral dökünleriň ähli görnüşleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Himiýa
senagatynyň ösüşi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn maýa goýum syýasaty
bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. “Daewoo” (Koreýa Respublikasy), “Mitsubishi” (Ýaponiýa)
ýaly öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk ýokary tehnologiýaly we
ekologik taýdan arassa önümçilik proseslerini ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň ösüşi degişli hünärmenler bilen üpjünçiligi
talap edýär. Türkmenabat şäherindäki “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki
orta hünär okuw mekdebi, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap
önümçilikleri dolandyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlaýar.
...Hormatly
Prezidentimiziň paýtagtymyzdan ugur alan uçary birnäçe wagtdan Türkmenabat
şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň
Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň
häkimi mähirli garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine bardy. Hormatly Prezidentimiz
dabara mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenden soňra, ýörite
gurnalan mejlisler zalyna bardy hem-de bu ýerde gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Döwlet
Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky
himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna
gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň
ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy
ýaly, pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly
möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige
döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde Diýarymyzyň himiýa
senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda
öz ýerli çig mallarymyzy ulanmak arkaly ýokary hilli önümler öndürilýär we bu
önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri
taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi
pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge
gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol
taslamalar amala aşyrylanda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen
tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şonuň
netijesinde, hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrýan iri senagat
taslamalarymyz ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlere we ekologik
talaplara doly laýyk gelýändigi barada abraýly halkara guramalaryň oňyn
bahalaryna mynasyp bolýar.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň
S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň
taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo» kompaniýasy ýerine ýetirer. Düýbi
tutulýan bu toplumyň gurluşygynda ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek
innowasion tehnologiýaly enjamlar we serişdeler ulanylar. Täze toplum
ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary
hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan
getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder.
Toplumda ýylda 350 müň tonna
superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Ol ulanmaga berlenden
soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik
berer. Döwrebap himiýa kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlary
dörediler. Onda zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler üpjün
ediler.
Ýurdumyzyň himiýa senagatynda
täze önümçilikleri döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, ýagny Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan
benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär diýip,
hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şeýle iri taslamalaryň amala
aşyrylmagynyň himiýa senagatyny ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk
edýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Lebap welaýatyny hem durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat
kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli
gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar
Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar
toplumynyň gurluşygy dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de
geljekde-de ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, täze, döwrebap
önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam
etdiriljekdigini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki
himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy bilen
dabara gatnaşyjylaryň ählisini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap,
hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň
çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra ekranda superfosfat we
ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Soňra çykyş etmek üçin Koreýa
Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.»
kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwa söz berildi. Ol, ilki bilen,
bu möhüm taslamanyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu
günki dabaranyň diňe bir zawodyň düýbüniň tutulmagy bolman, eýsem,
Türkmenistanda abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky
ädim bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, mineral dökünleri öndürýän
toplumyň gurluşyk taslamasy ýurduň gazhimiýa senagatynyň hem-de oba hojalygynyň
ösüşine uly goşant goşjak milli taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi
täze iş orunlaryny döretmäge hem-de sebitiň ykdysadyýetini ösdürmäge
mümkinçilik berer.
Işewür çykyşynyň ahyrynda
bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dabara gatnaşyjylara we
ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş
nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli
ýadygärlik ýazga gol çekdi hem-de ol ýörite gutujyga salyndy. Ýadygärlik ýazgy
galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň
binýadyna atyldy. Hormatly Prezidentimiz toplumyň binýadyna ilkinji beton
garyndysyny atýar we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata
berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň
göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem desganyň düýbüne beton garyndysyny
atdylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata
düşdi.
Dabara tamamlanandan soňra,
hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu günki dabara innowasiýalar we strategik meýilnamalaşdyryş arkaly milli himiýa senagatynyň döwrüň talabyna laýyklykda üstünlikli ösdürilýändigini görkezdi. Bu pudak ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini durnukly ykdysady we tehnologik ösüş üçin binýada öwrüp, senagat taýdan kuwwatly ýurt hökmünde Watanymyzyň ornuny yzygiderli pugtalandyrmaga goşant goşýar.