Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň
ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu
ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap
desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän
taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli
ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Şu
günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda
binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler
häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň gözel
künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary batly
depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda başy başlanan asylly işleriň
depginleriniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.
“Akylly”
şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň özboluşly binagärlik
aýratynlyklary, onuň ýokary ekologik derejesi ýurdumyzda şähergurluşyk
maksatnamasynyň toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu
ýerde täze şäheriň gün-günden gözelleşmegine oňyn täsirini ýetirýän giň
möçberli işler ýerine ýetirilýär. Bu bolsa şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň ýokarlanmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda döwlet
derejesinde edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.
...Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherine geldi.
Gahryman
Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek
ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen we ýurdumyzyň ekologik
derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek
dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda bu künjegiň
toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, yssy we sowuk howalara çydamly, elmydama
ýaşyl öwüsýän bag nahallarynyň seçilip alynmagy möhüm talap hökmünde
kesgitlenendir.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň
çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada
aýdyp, ýurdumyzyň ussat bagbanlarynyň ösdürip ýetişdiren türkmen arçasynyň
nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde köpçülikleýin ekilmegini teklip
edýändikleri barada hasabat berdiler.
Alym
Arkadagymyz ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen
arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullap, bag nahallary
ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň
yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we degerli
maslahatlaryny berdi.
Türkmen
arçasy häzirki wagtda Ahal welaýatynda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.
Welaýatda zähmet çekýän telekeçi bagbanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
goldawlary netijesinde ýer böleklerini alyp, ylmy işleri alyp barmak bilen,
türkmen arçasynyň dürli görnüşlerini döredendiklerini, bu baglaryň welaýatyň
etraplarynda ekilýändigini uly buýsanç bilen belleýärler. Hormatly Prezidentimiz
häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny has-da rowaçlandyrýar, bu ugurda
iş alyp barýan hususyýetçileri hemmetaraplaýyn goldaýar.
Soňra
lukman Arkadagymyz täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň
gurluşyklaryny synlady. Önümçilik toplumynyň binalarynda alnyp barylýan
işleriň, önümçilikde ulanylýan çig mallaryň ýokary hilli bolmagy, önümçilik
galyndylarynyň talabalaýyk gaýtadan işlenilmegi möhüm talap bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde önümçilikleriň ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş
ýagdaýyna täsirini ýetirmezden alnyp barylmalydygyna möhüm ähmiýet
berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Soňra
Milli Liderimiz Arkadag şäherinde häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde
alnyp barylýan desgalaryň gurluşyk ýerine tarap ugrady.
Gahryman
Arkadagymyz ikinji tapgyryň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýan ýerine
gelip, bu ýerde şekil taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil
taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň
ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de
hasaba alyş gullugynyň binalarynyň, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň içki
bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.
Milli
Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri
aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadagymyz durmuş we önümçilik
maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň
möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň
Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny
anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň teklip edilýän binalarynyň şekil
taslamalaryny synlady. Binalarda işleri sazlaşykly alyp barmak üçin ähli zerur
şertler döredilmelidir we toplumyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna zerur
üns berilmelidir. Munuň özi awtoulaglara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli
bolmagyny üpjün eder.
Şeýle
hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň muzeýiniň içki bezeg işlerini synlap,
olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Muzeýiň
enjamlaşdyrylyşy, onda ýola goýuljak hyzmatlar bu ýere gelýänlerde oňyn
täsirleri galdyrmalydyr. Umuman, täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan
gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we gurluşyklaryň
bellenen möhletlerde tamamlanmagyna hemmetaraplaýyn ähmiýet berilmelidir.
Arkadag
şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary
taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz
öňünde tutulmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýokary ekologiýa
ýagdaýynyň saklanmalydygyny aýtdy.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň
dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça durmuş maksatly, ýol-ulag
düzümine degişli desgalarda we beýleki ugurlarda ulanylýan, halkara derejede
ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede ykrar edilen reňkleri synlap, olaryň
degişli ugurlarda ulanylmagy teklip edilýän görnüşlerini seljermegiň
ähmiýetlidigini belledi. Soňra reňkleriň saýlanyp alnan görnüşleri hormatly
Prezidentimiziň garamagyna hödürlener. Olaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyz
tarapyndan tassyklanmagy bilen, her ugra mahsus görnüşleri işjeň ulanylar.
Gahryman
Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň
bezegleriniň, ýolýakalardaky germewleriň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň,
saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň
binalarynyň hersiniň mahsus reňkler bilen bezelmelidigine ünsi çekdi. Şol bir
wagtyň özünde, saýlanyp alnan reňkler ýagyş-ýagmyra, Gün şöhlesiniň täsirine
çydamly bolmalydyr. Olaryň uzak möhletleýin kadalara laýyk gelmegi möhüm talap
bolup durýar.
Iş
maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze
şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, lukmançylyk
klasteriniň binalarynyň gurluşygyndaky depginli işler barada hasabat berdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde meýilleşdirilen gurluşyk
işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň
gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm wezipe hökmünde
kesgitlenendigini belledi.
Şeýle
hem Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň
gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan
mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň
hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belläp, Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazowa bu babatda teklipleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Milli
Liderimiz teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, bu meselede
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat güni goňşudan»
diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek
maksadalaýyk bolar diýdi.
Gahryman
Arkadagymyz şeýle edilse türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleriniň
we haýyrly işleriň goňşy halka goldaw bermekde öz beýanyny tapjakdygyna ünsi
çekdi. Türkmen halky taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary
döredipdirler, olaryň häzirki döwürde dowam etmegi bolsa sogap işleriň dowamata
atarylýandygyny görkezýär.
Soňra
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde ählihalk bag ekmek
dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, bu çäräni ýokary
derejede geçirmäge döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol öňde boljak
çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda edilýän işler barada habar berdi.
Ählihalk
bag ekmek dabarasy ýaly sogap işiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi,
oňa uludan-kiçä ähli ilatyň işjeň gatnaşmagy dabaranyň netijeli häsiýete eýe
bolmagyny şertlendirer. Şol bir wagtyň özünde, bu künjegiň howa gurşawynyň
ýakymly bolmagynda, ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde
möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn
esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli
ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Netijeli
we işjeň ýagdaýda geçen iş maslahatynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde
köpçülikleýin gurluşyk işleri bilen bir hatarda, türkmen halkyna mahsus asylly
işleriň ýokary derejede alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Munuň özi ýaş
nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik we sahawatly topraga bolan söýgi esasynda
terbiýelenmeginde ähmiýetlidir.
Hormatly
Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda bina edilýän desgalaryň
we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, şäheriň ähli çäkleriniň,
ýollarynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi
babatda degerli maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
tdh.gov