Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe
meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz
berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde
ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan
teklipler esasynda milli hem halkara tejribe öwrenilip, kazyýet edaralarynyň
işini kämilleşdirmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak,
ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan
düzgünleşdirmek, hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de
goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar. Mejlisiň
deputatlary öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek, milli kanunçylygy
kämilleşdirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm
birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren
maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, milli
kanunçylyk ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň
zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow ýurdumyzda menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we
görnüşlerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan
bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, hususan-da, “Galkynyş” töleg ulgamyny
işläp taýýarlamak babatda degişli işler geçirildi. Munuň özi edaralardyr şahsy
taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny
hödürlemäge, olaryň gerimini giňeltmäge, bank işiniň netijeliligini artdyrmaga
ýardam berer. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, bu ugurda
sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet daşary ykdysady
iş bankynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän “Galkynyş” töleg ulgamy bilen bagly
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň
hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde
paýtagtymyzda we welaýatlarda täze ýaşaýyş toplumlaryny, senagat zolaklaryny,
dürli önümçilikleri döretmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer nebit önümleri bilen sarp edijilere hyzmat edýän
nokatlary has-da artdyrmak üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp,
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda içerki sarp edijileri hem-de üstaşyr geçýän ulaglary ýangyç
serişdeleri bilen üpjün etmek babatda döwrebap hyzmatlaryň ýola goýulýandygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz sarp edijilere edilýän hyzmatlary has-da
gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda dowam edýän işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlarda
tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça
çigidini, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler
görülýär. Bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ideg işleri, ilatymyzy
ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek arkaly azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek,
mallaryň baş sanyny artdyrmak we talabalaýyk idetmek, olaryň önüm berijiligini
ýokarlandyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok hem ýyly gyşlatmak
babatda degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli
peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak babatda-da
degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda
geçirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemegi
hem-de tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamagy gözegçilikde saklamagyň
wajypdygyny nygtady. Şeýle-de bugdaý ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg
işlerini alyp barmagyň, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek
meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygy
bellenildi. Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly
gyşlatmak boýunça işleri netijeli ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp,
wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”,
“Garabogazkarbamid” zawodlary tarapyndan karbamid dökünleri öndürilip,
ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri bu önüm bilen üpjün edilýär we olar
daşary ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda zawodlaryň bökdençsiz,
ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin bu kärhanalary önümçilikde ulanylýan
tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly
ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky karbamid dökünini öndürýän
zawodlara toplumlaýyn hyzmat etmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň ýerine
ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew şu ýylyň 19-20-nji fewralynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hökümetara toparyň
nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça iki
ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri
ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk
toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk edýändigini,
şunda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem netijeli ösdürilýändigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň
türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň şöhratly taryhy we baý
medeniýeti barada maglumatlary özünde jemleýän hem-de ýaş nesillerimizi
watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan taryhy-medeni
ýadygärlikleri gorap saklamak, düýpli öwrenmek, rejelemek, olaryň kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek hem-de halkara talaplara laýyk getirmek ugrunda giň
gerimli işler alnyp barylýar. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap
saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 —
2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ýazky
möwsüminde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş-dikeldiş
işlerini dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri giňden öwrenmek üçin ähli şertleriň
döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan
işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze
çykarylýan arheologik tapyndylary halkara derejede giňden wagyz etmek işlerini
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýylyň fewral-mart
aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahaty we olimpiadalary
geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan Türkmenistanyň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan
ugurlarynyň Konsepsiýasyndan ugur alnyp, 28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň BMG-niň
agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli “Dil — hoşniýetli
gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahaty, 10 — 15-nji
martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden
IV Açyk halkara internet olimpiadasyny, 18-nji martda Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk
halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara okuw-usuly
maslahata we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary,
professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, RF-niň, HHR-iň, ABŞ-nyň,
Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýa Respublikasynyň, GFR-iň, Rumyniýanyň,
Türkiýe Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň,
Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň abraýly bilim ojaklarynyň zehinli
ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi ylym-bilim ulgamynda
halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda, ýokary bilimli
hünärmenleriň taýýarlanylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň
zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm
ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary
okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahatyny hem-de
halkara internet olimpiadalaryny geçirmek baradaky teklibi makullap,
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl
üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.
Abraýly halkara guramalar bilen netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda ÝHHG hem bar. Bu gurama bilen gatnaşyklar
dürli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dowamynda
ÝHHG-niň esasy düzüm birlikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara
başlangyçlaryny öňe sürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi.
Ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemek maksady bilen, 2024-nji ýylyň
5-6-njy dekabrynda Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde gurama agza
ýurtlaryň her ýylda geçirilýän geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky
maslahaty boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebit derejesinde
parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen
başlangyçlary beýan edildi. Şunda halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk syýasatynyň
mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň
başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bilelikde dabaraly bellemek, parahatçylyk we
ynanyşmak ýörelgelerini bu guramanyň gün tertibine girizmek teklip edildi.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler
ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary
hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine
ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny
habar berdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk
çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýyl taslamalaryň
40-syny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, syýasy ulgamda
parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny
ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala
aşyrylar. Şeýle-de ykdysady we ekologiýa ugurlarynda birnäçe taslamalary
durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik
howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň
çözülmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary
pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe taslamalar meýilleşdirildi. Olaryň
çäklerinde ylym we bilim, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň
demokratik institutlarynyň binýadyny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün
etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini
ösdürmek ulgamlarynda degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolup durýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk
we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş
meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady
özgertmeleriň çäklerinde gözegçilik edýän toplumynyň, hususan-da,
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek hem-de
awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamak üçin ulag serişdelerini bökdençsiz we
netijeli işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, ulag serişdelerini netijeli
peýdalanmak üçin bu ugurda taýýarlanylan teklibi makullady we agentligiň
ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov