Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe
meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara
laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň,
adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyny,
saýlawlaryň kämilleşdirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda degişli
işler geçirilýär. Şeýle-de Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, Özbegistanyň we
Ermenistanyň doly ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi, olaryň
dowamynda dostlukly ýurtlaryň arasynda deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine
esaslanýan hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp
maslahatlaşylandygy aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz döwrebap kanunlary işläp
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan”, 2025-nji ýylyň Döwlet
býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan “Türkmenistany 2025-nji ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy
barada hasabat berdi. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň dowamynda
makroykdysady görkezijileri we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly
saklamaga, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň
ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli
we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak, senagat
kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak,
sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Eksport ugurly we importyň ornuny tutýan
önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrmak we netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik
taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk, beýleki azyk önümleriniň öndürilişini
artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek,
daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, mundan beýläk-de
döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dürli
ulgamlarda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy
wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, amatly işewürlik
gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet-hususy
hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak,
ýurdumyza maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goldamagyň kanunçylyk
binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda işler geçiriler. Şunuň bilen birlikde,
ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli
artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler
göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2025-nji
ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary
boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar,
Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň
bellenilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, özleşdirilmegi
meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri barada anyk sanlar we maglumatlar
getirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, ähli pudaklarda döwrebap önümçilikleri
döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça
giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu özgertmeleri Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirmegiň zerurdygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de
ösdürmek maksady bilen taýýarlanan “Türkmenistany 2025-nji ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny
makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň nebiti gaýtadan işlemek, içerki
sarp edijileri nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, bu önümleriň
daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli
kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak barada berýän tabşyryklary
esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny döwrebap derejede ösdürmäge, nebiti gaýtadan
işleýän zawodlaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz içerki sarp edijileri we daşarky bazarlary nebit önümleriniň
zerur möçberi bilen üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi
goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, gowaça ekiljek ýerleri tekizlemek, geriş
we çil çekmek, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek işleri geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady
bilen, welaýatlarda ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş
möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Maldarçylyk pudagyny
ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň önüm berijiligini
ýokarlandyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli
peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak babatda hem
netijeli işler geçirilýär.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna
laýyklykda, döwlet tebigy goraghanalarynda ösümlikleriň seýrek duşýan we
gymmatly görnüşlerini köpeltmek, olary tebigy ösýän ýerlerinde ýaýratmak
boýunça ylmy-synag meýdançalarynda ylmy-tejribe işleri alnyp barylýar. Ýabany
haýwanlary, göçüp geçýän, ýurdumyzda gyşlaýan guşlary gorap saklamak hem-de
olaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny hasaba almak we köpeltmek boýunça
ylmy-barlag işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
berkitmegiň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny, gowaça ekiljek meýdanlarda
degişli agrotehniki işleri, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ýerleşýän
biokärhanalarda abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de işi döwrebap guramak,
ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary ylmy taýdan
öwrenmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzda şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli maksatly binalaryňdyr
desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, gurluşyk
pudagyny ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň beren
tabşyryklaryna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet
ministrlikleri tarapyndan beýleki ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen
bilelikde “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we
maýa goýum Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda, şu ýylda maýa
goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan “Galkynyş” gaz känini
özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm
bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň
gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly
dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna, Jebel şäherçesindäki täze Halkara
howa menziline, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna,
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler. Sebitde iri
taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn
üns berler.
Şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýum serişdeleri ýaşaýyş
jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň,
awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk
ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şähergurluşyk syýasatynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň
gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we
maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynda göz öňünde tutulan binalaryň we
desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini
gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň onlarçasy
hereket edip, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak babatda zerur işler
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini, dokma senagatynyň hem milli ykdysadyýetimiziň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak
maksady bilen taýýarlanylýan teklibi makullady we wise-premýere bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa “Medeniýet hakynda”, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň
Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda
taýýarlanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy
ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň
gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda
kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar. Hususan-da, kitaphanalaryň
gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümleri, şol
sanda has köp okalýan kitaplar, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlar, çeper eserler,
ensiklopediýalar, sözlükler neşir ediler hem-de kitaphanalara ýaýradylar.
Maksatnamada bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi kitaphana hyzmatyny
guramak işiniň hilini ýokarlandyrmaga we many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, ilatyň
ylym öwrenmek, bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmaga, Türkmenistanyň halkara
derejede kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Garaşsyz ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny has-da pugtalandyrmaga
ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, kitaphana
işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmagyň möhümdigini, merkezi kitaphanalarda
döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyna hem aýratyn orun degişlidigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen,
“Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekip, ony wise-premýere
sanly ulgam arkaly iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, ýaş nesliň daşary ýurt
dillerini öwrenmekleri babatda toplumlaýyn işler geçirilýär. Konsepsiýa üç
tapgyrda amala aşyrylyp, bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň
yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamy döredildi. Birleşen Milletler Guramasy
tarapyndan ykrar edilen esasy dillerde we türkmen dilinde elektron sözlükler
taýýarlanyldy, ykjam programmalar işlenilip düzüldi, okuw kitaplary neşir
edildi. Ýurdumyzyň okuw merkezlerinde daşary ýurt dilleri boýunça bilimi
bahalandyrýan halkara derejeli şahadatnamalary almak üçin ýörite taýýarlaýyş
okuwlary ýola goýuldy. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde daşary
ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, halkara derejeli bilim merkezleri
bilen hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara ölçeglere
laýyk gelýän innowasion usulyýeti ulanmak arkaly 2024-nji ýylda ýurdumyzda
daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmak boýunça monitoring
geçirildi. Onuň netijeleri bilen bagly jemleýji halkara ylmy maslahat guraldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.
Bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny we
tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy hem-de bu işi kämilleşdirmegi dowam etdirmek,
täze okuw kitaplary bilen yzygiderli üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-20-nji ýanwarda Monako
Knýazlygyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. Munuň özi saparyň ähmiýetini
has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Monakonyň Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe
sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji ýanwarda Monakonyň Şazadasy Alber II bilen
geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary,
ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda
taraplaryň özara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly halkara guramalaryň
çäklerindäki gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy
bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek
hakynda kabul eden Kararnamasyna üns çekildi. Onuň çäklerinde birnäçe iri
çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň
30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Şazada Alber
II-ni Aşgabada çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli
döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri, şol sanda daşky gurşawy goramak
ugry gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Türkmenistan we Monako möhüm başlangyçlar
bilen çykyş edýärler. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara uly üns
berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly
mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam
etdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan bilen Monako halkara giňişlikde sporty we Olimpiýa hereketini
ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Munuň özi özara bähbitli
hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.
Medeniýet we sungat ugry boýunça gatnaşyklary
pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda,
Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli
at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga hem-de
ýörite baýraklara mynasyp bolandygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi Gahryman
Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dünýä derejesine çykan atly sportuny we sirk sungatyny
ösdürmek boýunça giň gerimli işleriniň aýdyň netijesi bolup durýar. Şunda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň,
hususan-da, Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä
çykarmaga itergi berjekdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Monako Knýazlygy bilen ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony has-da giňeltmek üçin uly
mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu döwlet bilen
özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň
zerurdygy nygtaldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow
hasabatyny dowam edip, diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan
beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bu ugurda
kanunçylygy kämilleşdirmek üçin yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň halkara guramalaryň
ýanyndaky hemişelik wekilhanalary hakynda we Türkmenistanyň daşary ýurt
döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýanyndaky metbugat attaşesi hakynda
Düzgünnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň
Dessuryny işläp taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan
köptaraplaýyn halkara şertnamalaryň 189-synyň agzasy bolup durýar. Şolaryň
arasynda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar
tarapyndan kabul edilen konwensiýalar, şertnamalar, ylalaşyklar, teswirnamalar
bar. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmagy we
olaryň çäklerinde hereketleri amala aşyrmagy bilen bagly degişli işleriň
geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň 2019-njy ýyldaky
ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ählumumy
Konwensiýasyny hem-de 1952-nji ýyldaky ösümlikleriň karantini we goragy hakynda
halkara Konwensiýasyny görkezmek bolar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen
dünýä ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
şertnamalaryň müňlerçesine gol çekildi. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň 156
döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurtlaryň
döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyza ýokary derejedäki saparlarynyň çäklerinde gol
çekiljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp
barmak teklip edilýär. Şeýle-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy
işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklaryň
hukuk esaslaryny kämilleşdirmek baradaky teklip beýan edildi. Şundan ugur alyp,
şu ýylyň fewralynda degişli meseleler boýunça pudagara iş duşuşygyny geçirmek
teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň esasy wezipesiniň dünýä döwletleri we halkara
guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny, şoňa görä,
onuň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň
şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri
geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu ugurda taýýarlanylan teklipleri makullap,
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna
ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä poçta
birleşiginiň agzasy bolup durýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş
amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan
“International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamyň ulanylmagy göz öňünde
tutulan. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga
mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň
bellenen poçta operatorlarynyň ulgama birikdirilmegi onuň halkara derejede
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we elektron söwdany ösdürmäge ýardam
eder. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýändigini,
bu ugurda halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä poçta birleşigi bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Poçta hyzmatlaryny
halkara talaplara laýyk getirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak möhüm bolup durýar diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta”
poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly
ulgamyna birikdirmek baradaky teklibi makullady hem-de agentligiň ýolbaşçysyna
bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov