PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

27.01.2024
Card image cap
  Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, amala aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak, energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen bagly Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär, birnäçe kanunlaryň kadalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär.
  Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şonuň ýaly-da, Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň doly ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, 2024-nji ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmek boýunça geçirilýän duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýandyklary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri aýdyldy.
  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.  Hasabatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, maliýe-ykdysady topluma girýän guramalaryň, bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işlere üns çekildi.
  Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny özgertmek işini dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
  Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda nebithimiýa senagatyny ösdürmek, halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak hem-de önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir. Şeýle-de zawodlar toplumynda “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtoulaglarda hem-de beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.
  Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny öwrenmegiň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň, has ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleridigini belledi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Täze önümler ýurdumyzda bu ugurda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
  Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew obasenagat toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişine taýýarlyk görülýär, sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri dowam edýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, suwaryş hem-de şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada-da aýdyldy.
  Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary ylmy taýdan öwrenmek hem-de dikeltmek, geljek nesillerimize ýetirmek babatda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň döwlet tebigy goraghanalarynda türkmen arçasy, dagdan, pisse agaçlarynyň, aýratyn goralýan tebigy ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň seýrek we gymmatly görnüşlerini köpeltmek, olary tebigy ösýän ýerlerinde ýaýratmak boýunça goraghanalaryň ylmy-synag meýdançalarynda ylmy-tejribe işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet tebigy we çäkli goraghanalarynda ýabany haýwanlary, ýurdumyzda gyşlaýan, göçýän guşlary goramak hem-de seýrek duş gelýän ýabany haýwanlaryň sanyny hasaba almak babatda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
  Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere suw serişdelerimiziň tygşytly we maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi, goşmaça suw gorlaryny döretmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere ýurdumyzyň özboluşly ekologik ulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Aşgabadyň şähergurluşyk, binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, paýtagtymyzy ýaşamak, zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin amatly şähere öwürmek babatda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, seýilgähleriň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir.
  Paýtagtymyzdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek, abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
  Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu günki gün Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşýändigini belledi. Paýtagtymyzda ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bag-bossanly künjekde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, onuň ak şäherimiziň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanda öndürildi” milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
“Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna” hem-de “Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna” laýyklykda, türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek babatda işler alnyp barylýar. Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda pudagara iş topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar tarapyndan “Türkmenistanda öndürildi” milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt nyşany hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektron söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşany bilen öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşini has-da artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmakda mahabat işlerini yzygiderli guramagyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geljek aýda dürli döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, sanly ulgam arkaly ylmy-usuly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, çeper okaýyşlary guramak, dürli bäsleşikleri yglan etmek, ozal yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şanly seneler we täze desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
  Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini, birnäçe dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere fewral aýynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.
  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topara hödürlenen teklipler barada hasabat berdi.
  Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýerli çig mallar esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, milli önümçilikleri giňeltmek boýunça tehnologiýalar işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar tarapyndan seljerilen we döwletimiziň innowasion ösüşine ýardam berjek ykdysady bähbitli teklipler hödürlenildi.
  Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary, hususan-da, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň, bu babatda degişli ylmy-barlaglary geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 21 — 24-nji ýanwarda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň çäklerinde Tokioda Ýaponiýanyň Hökümetiniň, Parlamentiniň, iri maliýe-söwda guramalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.
Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşyk guraldy. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meselelere garaldy. Hususan-da, şu ýylda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň ilkinji sammitini geçirmek bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.
  Saparyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjyny bilelikde amala aşyrmak hakyndaky teklibi beýan edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere aýratyn ornuň degişlidigi nygtaldy.
  Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine, onuň anyk ugurlaryna, şol sanda wodorod öndürmegiň we daşamagyň tehnologiýalary, söwda-täjirçilik, energetika ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine garaldy. Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri ministri Taro Kono bilen geçirilen gepleşikleriň gün tertibine sanlylaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, telelukmançylyk, saglygy goraýyş, “akylly” şäherleri gurmak, durnukly ösüş ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri girizildi.
  Şeýle hem Ýaponiýanyň Eksporty we importy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) başlygy, ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda, Daşary söwda işleri guramasynyň (JETRO) başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory Işiguro Norihiko bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda söwda we maýa goýum ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek, ugurdaş okuw maslahatlaryny guramak, halkara maliýe düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanda JETRO-nyň wekilhanasyny açmagyň, ýurtlaryň ikisinde-de söwda öýleriniň işini ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
  Saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Komitetiň düzümine dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleriniň birnäçesi girýär.    Duşuşykda gazhimiýa senagatyna degişli täze kärhanalary gurmak, birnäçe desgalaryň durkuny täzelemek, ýapon tehnikalaryny we awtoulag serişdelerini satyn almak, wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
  Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke hem-de Soka uniwersitetiniň prezidenti Masaşi Suzuki bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine garaldy. Bu ulgamda birnäçe geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýaş mugallymlary taýýarlamagyň, talyplary alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Sukuba uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.
Iş saparynyň jemleri boýunça umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.
  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, ol ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär.
  Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň golaýda Tokio amala aşyran iş saparynyň hem döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini, saparyň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň ýaponiýaly kärdeşleri bilen geçiren gepleşikleriniň, barşynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ençeme meselelerine garalmagynyň, ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
  Döwlet Baştutanymyz saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
  Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we gämileriň gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, halkara standartlara laýyklykda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi barada hasabat berdi.
  Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýä standartlaryna laýyklykda deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça zerur işler alnyp barylýar.
  Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, deňiz-derýa pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
  Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
                                                                                                                                                                                                                                                                                                                             tdh.gov
                                                                                                                                                                                                                                                                                                                           

Bulary hem okaň