Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering”
korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly
Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin
uly hormatdygyny belledi. Işewür ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik
keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp,
döwlet Baştutanymyzy “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag
şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, myhmanyň saparynyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän
korporasiýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gepleşikleri
geçirjekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, bu saparyň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň
arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup,
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli
ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini
netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi. “Toyo
Engineering” korporasiýasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa pudaklarynda
netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz bu hyzmatdaşlygy
geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip,
ýurdumyzyň korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering” korporasiýasynyň
dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuwa işinde üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov