Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli
birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Onda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyna seretmek
we kabul etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem maslahatyň gün tertibine
“Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine
goşmaçalar girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna
goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda”
Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň
taslamalary giriziler.
Daşary
ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Ikitaraplaýyn
parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak
maksady bilen, Mejlisde Fransiýa Respublikasynyň Parlamentiniň senatory bilen
duşuşyk geçirildi. Mejlisiň wekilleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli
döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamagyň we bu ugurda netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow eýeçiligiň döwlete dahylsyz
görnüşindäki ýokary okuw mekdepleriniň işini düzgünleşdirmek we
ygtyýarlylandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, Bilim ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan
Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda
ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň sanawyna “Ýokary hünär bilimi”
hem-de “Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi” iş ugurlaryny girizmek
maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge
uly üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki hünär bilimi edaralaryny
ygtyýarlylandyrmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy,
hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gazylyp
alynýan gaty magdanlaryň we seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Şunda kuwwatly göçme buraw desgalaryndan,
tehnikalardan netijeli peýdalanylýar. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi
metal önümçiliginde, elektronika ulgamlarynda ulanylýan çig mal serişdelerini
üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy
tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň
möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýetişdirilen galla hasylyny ýygnap almak we döwlete tabşyrylan bugdaý
hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli
işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm
işlerini geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak çäreleri dowam edýär.
Geljek ýylyň hasyly üçin tohumlyk bugdaýlary arassalamak işleri alnyp barylýar.
Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara
bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
geçirilýär. Lebap welaýatynda şaly ekiş möwsümi dowam edip, Mary welaýatynda
gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş çekmek, ekiş işleri
alnyp barylýar. Şeýle-de ýetişdirilen ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleriniň hasylyny
ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler dowam edýär.
Welaýatlaryň
maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny
artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin
ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça zerur işler geçirilýär.
Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin welaýatlarda
suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak
babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla hasylyny gysga
möhletde ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerini
berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini
agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga
öwürmek we onuň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin has amatly şertleri döretmek,
baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur
işler alnyp barylýar. Hususan-da, medeni-durmuş maksatly binalarda we
desgalarda, gök zolaklarda, seýilgählerde abadanlaşdyryş, dürli bezeg güllerini
ekmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda giňden
bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň
şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak medeni çäreler barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň halkara ähmiýetli çäreleriň
geçirilýän merkezine öwrülendigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
hem köp sanly halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Aşgabadyň binagärlik keşbini
gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegi,
abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew telekeçilik ulgamynda ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bu ugurda bar bolan kuwwatyň pugtalandyrylmagy, ýokary bilimli hünärmenleriň
taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşine, täze sepgitlere ýetmegine ýardam
berýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda hem-de hususy
pudagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek, telekeçilik we işewürlik gurşawy üçin hünärmenleri
taýýarlamak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini döretmek hakynda degişli resminamanyň
taslamalaryny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de ýokary bilimli
işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana,
täze döredilýän uniwersitetiň ýolbaşçylaryny bellemek bilen bagly degişli
resminamalara gol çekdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.
Wise-premýer,
ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda
giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň
şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem ol
pursatdan peýdalanyp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen
Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge
döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
medeniýet ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra wise-premýer Balkan welaýatynda Medeniýet
hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Nobatdaky
Medeniýet hepdeligini 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçirmek göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň
giňden bellenilýändigini, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we medeniýet ulgamyny
mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda
Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp,
hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Medeniýet we
sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary hünär
bilimi edaralarynyň hil görkezijilerini dünýä standartlaryna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bu ugurda netijeli we ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň ykrar edilen abraýly reýting
sanawlarynda mynasyp orun eýelemegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Öňde goýlan
wezipelere laýyklykda, öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, ýurdumyzda ýokary okuw
mekdepleriniň Milli reýting ulgamy hem-de Milli reýtingiň sanly portaly işe
girizildi. Munuň özi ýokary hünär bilimi ulgamynyň hil görkezijileri boýunça
oňyn ösüşleri gazanmaga ýardam etdi. Bu babatda alnyp barylýan işler bäsleşikli
gurşawy döredip, her bir professor-mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary
hünär bilimi edarasynyň hil görkezijilerini seljermek arkaly geljek üçin ösüş
ugurlaryny aýratynlykda kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleri terbiýelemek, olara
döwrebap bilim bermek boýunça giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, bu ugurda
ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy
hem-de wise-premýere ýokary okuw mekdepleriniň hil görkezijilerini dünýä
standartlary esasynda kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy
yzygiderli ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Häzirki
günde Türkmenistan 54 sany halkara gurama we ynsanperwer häsiýetli
maksatnamalara, şol sanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn
resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Bu resminamalaryň esasynda alnyp
barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri
ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde dürli ugurlar,
esasan-da, durmuş meseleleri boýunça 333 sany milli hem-de sebit taslamalary,
maksatnamalar durmuşa geçirildi.
Goňşy
sebitlerde bolup geçýän syýasy-strategik ýagdaýlary nazara almak bilen,
döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermeginde,
Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa
döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli
ynsanperwer işleri durmuşa geçirýär. Şu maksatlar bilen, hormatly
Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur
bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň
Halkara howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran
serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini
üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şeýlelikde, Türkmenistan
daşary ýurtlaryň müňlerçe raýatynyň ýurdumyzyň üsti bilen öz döwletlerine
gitmekleri üçin ynsanperwer geçelgäni döretdi.
Häzirki
wagta çenli şol geçelgeden 4 müň 640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň,
Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Amerika yklymynyň 50-den
gowrak ýurdunyň raýatlary bar. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk
ýörelgelerine, ynsanperwer ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk
ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ynsanperwer
işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli döwletler we
halkara guramalar bilen utgaşykly işländigi bellenildi. Bu babatda hormatly
Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik
gulluklaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli
duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.
Döwlet
Baştutanymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala
aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler
taýýarlanyldy. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen
utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 28-nji iýunda
Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça
sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň
edarasy bilen bilelikde “tegelek stol” maslahatyny geçirmek teklip edilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara
alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 29-njy iýunda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda
işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek baradaky
teklip beýan edildi. Şeýle-de BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç
we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri bilen
ynsanperwerlik işini has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalaryny düzmek
we olary tassyklamak teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goňşy
döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge, zerur bolan
ýagdaýynda, ynsanperwerlik kömegini bermäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary
işler ministrine ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer
gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri
taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu
ýylyň aprelinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini
taýýarlaýan mekdebine Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan
«Trainair Plus» maksatnamasy boýunça degişli güwänama berildi. Munuň özi diňe
bir ýurdumyzyň hünärmenlerini taýýarlamak bilen çäklenmän, daşary ýurtlaryň
hünärmenlerini hem taýýarlamaga we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
bilen, mekdebiň halkara ülňülere laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge
mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy ICAO
tarapyndan bu mekdebiň binýadynda 2025-nji ýylyň dowamynda birnäçe ugurlar
boýunça tapgyrlaýyn okuwlary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara
derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen
ýola goýlan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan
mekdebiniň binýadynda okuwlary ýola goýmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi
makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov