Düýn Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine
Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa
geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek maksady bilen görlen çäreler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga çagyrmak çäresiniň
netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby
doktrinasy hem-de häzirki zaman talaplary esasynda ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy
mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk
görmegiň wajypdygyny nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri
geçirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ähli ulgamlarda kanunlaryň
ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren
tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hukuk
bozulmalaryna getirýän sebäpleri öz wagtynda aradan aýyrmak maksady bilen
görlen anyk çäreler, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň,
hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri yzygiderli dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi
B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň
müdiri wezipesinden boşatmak we bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi
M.Sapargulyýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory
wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow
ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak,
paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ilatyň arasynda,
edaralarda we guramalarda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek
boýunça düşündiriş işleriniň geçirilişine uly üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmek, hukuk hem-de düzgün
bozulmalarynyň öňüni almak boýunça içeri işler edaralary tarapyndan alnyp
barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn
hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işleri
yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhüm ähmiýetini nygtap, ministre bu ugurda
anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew
ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly kazyýet işini
kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen
çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň ýerine
ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemekleri we göwnejaý
ýaşamaklary üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de Ýokary kazyýetiň başlygyna raýatlaryň
hukuklarynyň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, kazyýet
kararlarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, döwlet
bähbitlerini goramak, jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmek boýunça amala
aşyrylan toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän ministrligini ösdürmegiň 2022 —
2028-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli howpsuzlygymyzy ygtybarly üpjün etmek
boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi
we ministre birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew
ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler,
Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak,
olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli
gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleri döretmek babatda görlen
çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz,
baky Bitarap döwletimiziň serhediniň goňşy ýurtlar bilen dostlukly
gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny nygtap, gullugyň ýolbaşçysyna
Türkmenistanyň döwlet serhedinde asudalygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow ýurdumyzyň
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamak boýunça
ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde
sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan milli kanunçylyk ulgamyny
halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we ministre bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda amala aşyrylan işleriň
netijeleri, gullugyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde döwrebap iş
usullaryny, iň täze tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça görülýän çäreler,
harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük
nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän
işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, gümrük işinde halkara hyzmatdaşlygy dowam
etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler, degişli ösüş
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu
düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we gullugyň ýolbaşçysyna
ýurdumyzda migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini, gullugyň işini
kämilleşdirmek, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan
Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek,
ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli
işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň geljekde-de
dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de
bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov