Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

05.07.2025
27
Card image cap

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

 Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Häzirki wagtda ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

 Mejlisiň wekiliýeti Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri” atly ugurdaş çäre geçirildi. Şeýle hem saparyň dowamynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili we Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirildi.

 Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalary, institutlary, daşary ýurt döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu babatda Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi barada aýdyldy. Taslamanyň esasy maksady sebitde söwdany giňeltmekden, sanlylaşdyrmak, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem onuň çäklerinde “Söwda syýasaty”, “Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek” atly taslamalara goşulmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalarydyr institutlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň degişli taslamasyna ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

 Wise-premýer hasabatyny dowam edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri, hususan-da, bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görülýän çäreler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

 Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjek bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek, nebitgaz ýataklaryny gözlemek, ýüze çykarmak hem-de netijeli özleşdirmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunda önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi takyk maglumatlary almaga, guýularyň gurluşyny öwrenip, oňyn çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer pudagy geofiziki enjamlaryň döwrebap görnüşleri bilen üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan degişli teklibi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

 Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny gözlemek, gaz geçiriji ulgamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmek babatda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da gowulandyrmak boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýetişdirilen galla hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi geçirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ilaty bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda olaryň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, ilata ýetirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek we ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegi, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirmegi tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda awtomobil ýollarynyň ösen ulgamyny döretmek, ýolgurluşyk işini ösdürmek, döwrebap, dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň awtomobil ýollarynda gurluşyk we abatlaýyş işleri dowam edýär. Şeýle hem agentligiň iş meýilnamasy boýunça awtomobil köprüleriň gurluşyk-gurnama işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi barada aýdyldy.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän ýolgurluşyk işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew milli halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zerur bolan çig mallar bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

 Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligini berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Şunda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýän myhmanlaryň mobil telefonlarynyň üsti bilen gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin döwrebap QR-kodlaryň ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, arheologlar tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilýän gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýüze çykarylýan tapyndylar doly öwrenilenden soň, döwlet muzeýlerine yzygiderli tabşyrylýar.

 Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki birinji sammitde Italiýanyň Rim şäherinde “Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar” atly arheologik sergini guramak barada beýan eden başlangyjyndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu sergini ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere halkymyzyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, olary ylmy esasda öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzda şypahana dynç alşyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” laýyklykda, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şypahanalarda öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şeýle hem innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Bagabat”, “Farap», “Baýramaly”, “Mollagara”, “Awaza”, “Daşoguz” şypahanalarynda raýatlaryň ýokary hilli bejergi almaklary, saglygyny dikeltmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada aýdyldy.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň häzirki zaman şypahanalarynda adamlaryň döwrebap dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şypahana hyzmatlaryny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara guramalar bilen sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Bu işleriň çäklerinde halkara derejede tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Estoniýa Respublikasynyň degişli akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

 Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

tdh.gov


Bulary hem okaň