Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi
T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň 400 müň
tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany
üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de öndürijilikli
zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
ýetişdirilen bugdaý hasylyny doly ýygnap almak hem-de galla oragyny tamamlamak
boýunça işler batly depginde alnyp barylýar. Ýerleri indiki ekiş möwsümine
taýýarlamak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri
ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasylyna bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri
alnyp barylýar. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary
öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny
ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli
işler geçirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý
etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet
üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda galan
bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça
meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini häzirki
wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň esasy ugurlarynyň
hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen
birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda
ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow
welaýatdaky oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda sebitde bugdaý meýdanlaryndaky hasyly soňky dänesine çenli ýitgisiz
ýygnap almak, orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak,
geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça
degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin
hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we
bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň geljekde
bol we ýokary hilli hasyl almagyň esasy şertidigini belledi hem-de ekerançylyk
meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda
birnäçe görkezmeleri berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý
hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin
bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla hasylyndan boşan ýerleri
sürmek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý
öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk
tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek
üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe
anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy hem tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý oragyndan boşan meýdanlary
indiki ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba
hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem
ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Önüm
öndürijileriň döwlete tabşyran bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda
geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara
bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri
utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da,
gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň
möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly
Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň
hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan
meýdanlary sürmek, bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý
öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar geçirilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen
hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Welaýatda gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap
almagyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde
geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime
birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ösdürilip
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam
edýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin
hasaplaşyklar geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin
meýdanlary, tohumlyk bugdaýy ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly
ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda
ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de
olary ilata ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy
döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek üçin oba hojalyk
önümçiligine ekinleriň hasyllylygyny, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän
döwrebap usullaryň we tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribäniň giňden
ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda
ideg işlerini talabalaýyk geçirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni
tutmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu ugurda alnyp barylýan
işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov