Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri
jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir
ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary
diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we
wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi. Hökümetiň giňişleýin
mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary
we beýlekiler çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini
yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz
berdi. Wise-premýer
2024-nji ýylda milli ykdysadyýetimizde gazanylan makroykdysady görkezijiler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň
durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün
edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime,
gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1
göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň
boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim
artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen
ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,1 göterim artdy. Ýurdumyzyň
iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly
ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada
hasabat berildi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany
2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň»
taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler,
pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň
häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ýedi ýyllyk Prezident
Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu
resminamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler,
ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi.
Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça ýerine
ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri
bellenildi. Şeýle hem ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew
geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar,
Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň
girdeji bölegi 105,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi
bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda
balans toparlarynyň jemi 104 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans
toparlarynyň 88 mejlisi geçirildi. Olaryň dowamynda ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk
işleriniň netijelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz S.Joraýewi maliýe we
ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä
M.Astanagulowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary
wezipesinden boşatdy.
M.Astanagulow bildirilen uly ynam üçin
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu jogapkärli
wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan
beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji
ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň ykdysady
kuwwatyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda bank ulgamynyň
durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe ykdysadyýete karzlary gönükdirmek boýunça
degişli işler alnyp baryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda
hususy ulgama, şahsy taraplara, kiçi we orta telekeçilige banklar tarapyndan
berlen karzlaryň möçberi artdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk önümlerini
öndürijilere berlen karzlaryň görkezijileri ýokarlandyryldy. Bu görkeziji 30,7
göterime barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä,
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen
karzlaryň möçberi 16,2 göterim artdy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy
D.Amanmuhammedow geçen ýylda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary
tarapyndan bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, 2024-nji ýylyň netijeleri
boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 77 milliard
623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279,7 müň tonna nebit çykaryldy.
2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim,
benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel
ýangyjynyňky 0,6 göterim, plastmassadan taýýarlanan we aýna süýümli
turbalaryňky 2,2 göterim, sementiňki 3,5 göterim, balykçylygyňky 20,1 göterim,
süýji-köke önümleriniňki 2,1 göterim, süýt önümleriniňki 4,7 göterim, mesge
ýagynyňky 3 göterim, mineral suwlaryň, alkogolsyz içgileriňki 11,5 göterim,
gaplanan miweleriň we gök önümleriňki 7,2 göterim artdy. Hasabat döwründe
senagat önümçiliginiň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 46,7 göterim, nah
matalar boýunça 27,1 göterim ýokarlandy.
Ulag-aragatnaşyk pudagynda hem oňyn
görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük dolanyşygynyň 2 göterim,
ýolagçy dolanyşygynyň 5,2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk
hyzmatlarynyň möçberi 16,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilen
gök önümler, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim, azyklyk bakja 6
göterim, ýeralma 4,6 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,5 göterim, süýt 2,1
göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 7 göterim ýokarlandy. Geçen ýylda
ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde-de oňyn görkezijiler gazanyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň
ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda
statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek
boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek
maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we
maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi.
Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3
göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini
durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini
gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny
döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna
ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki
önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini
10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş
derejesini gowulandyrmak meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine
maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak
maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we
maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer
H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny
nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, ykdysadyýetimize
innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek,
ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam
etdirmek möhümdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwlet býujetiniň
girdejilerini artdyrmagyň, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak boýunça
degişli işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bank edaralary
tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary
maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz hususy kärhanalaryň we
telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz
serişdelerini bermegi, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin
ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmegi, bank ulgamynda
hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini, elektron tölegleriň gerimlerini
yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe
goldawyny bermek, milli pulumyzyň hümmetini durnukly saklamak boýunça netijeli
çäreleri görmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işler
barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet
konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine
ýetirildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti
gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy
103,3 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 224,4 göterim, çalgy
ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim berjaý edildi. Şeýle hem dizel
ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi, tebigy we ugurdaş
gazyň çykarylyşy barada maglumatlar aýdyldy. Hasabatyň dowamynda wise-premýer
döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, guramalary nebit önümleri bilen bökdençsiz
üpjün etmek hem-de bu önümleri has rejeli paýlamak we peýdalanmak boýunça
geçirilýän işler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz pudagynyň
yzygiderli ösdürilýändigini belläp, 2025-nji ýylda-da bu pudagy döwrebap
derejede ilerletmek babatda zerur işleri geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly
sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp
barmagyň, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin
döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny,
aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat
— Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý ýataklary,
geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek möhümdir diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň
önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, uglewodorod
serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklary gözlemek we barlamak boýunça alnyp
barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň,
seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag,
nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam
etdirmegi, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli
ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky
döwlet agentliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2024-nji ýylda alyp baran
işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, toplum boýunça öndürilen
önümlerdir işleriň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň
ýanwar — dekabr aýlarynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň
meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi
1 milliard 708 million manat boldy. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri
öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,6 göterim berjaý edildi.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 114,6 göterime barabar
boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi
boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça
meýilnama 115,8 göterim ýerine ýetirildi.
2024-nji ýylda iri önümçilik we durmuş
maksatly binalardyr desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň, Aşgabat şäher
häkimliginiň toplumynyň binasy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we
medeni-seýilgäh toplumy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa
ylmy-kliniki merkezleri, Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry,
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi,
“Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik
bekedi, Aşgabat şäherinde “Bagtyýarlyk” suw arassalaýjy desgasy, “Parahat — 7”
ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly, Daşoguz şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş
jaýy we desgalar toplumy, ýurdumyz boýunça jemi 5 sany orta mekdebiň, 2 sany
çagalar bagynyň binalary bar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak
üçin zerur çäreleri geçirmegiň, ylmyň, tehnologiýalaryň iň täze gazananlary
esasynda senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalary
döretmegiň möhümdigini belledi. Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri elektrik
energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini
yzygiderli artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň
tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Himiýa senagatynyň kärhanalaryny
doly kuwwatyna çykarmak, täze kärhanalary gurmak işlerini-de güýçlendirmek
wajypdyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze
awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, ýollaryň dünýä standartlaryna
gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda işleri
dowam etdirmegi, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň
bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2023-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini
hem 103,1 göterime barabar boldy. Geçen ýylda Dokma senagaty ministrligi
boýunça 117,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi, şol sanda, 2023-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 149,3 göterime, nah
matalaryňky 129,7 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy
102,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan birža söwdalarynyň 302-si geçirilip, olarda 29 müň 317 şertnama
hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2024-nji ýylda amala aşyrylan
işleriň ösüş depgini 111,8 göterime barabar boldy. Sergileriň 27-si,
maslahatlaryň 131-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça
geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 110
göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar
boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma
senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, dokma önümleriniň daşarky bazarlarda
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň,
halyçylyk pudagyny ösdürmegiň, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini
köpeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Içerki bazaryň
azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda
toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini netijeli guramak möhümdir diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň
durnukly ösmeginiň hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýandygyny
nygtap, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri üns
merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
düzümlerinde 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş
depgini 102,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime barabar
boldy. Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary
ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,1 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi
boýunça 114,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 140 göterime,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 128 göterime, «Türkmenaragatnaşyk»
agentligi boýunça 116,2 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 —
2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan
wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle
hem ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň
gurluşygy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda ýerine
ýetirilen işler hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ulag-kommunikasiýa toplumynyň möhüm pudaklaryň biri bolup durýandygyny, şoňa
görä-de, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, üstaşyr hem
halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň,
ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary yzygiderli
ösdürmegiň, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini giň gerimde
dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň
geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça
işleri alyp barmak, awtoulag kärhanalarynyň parkynyň maddy-tehniki
üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň
medeniýetini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň
bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny
täzelemegi, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işleri
geçirmegi, täze ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmaga, ýük daşalýan
ugurlary giňeltmäge möhüm ähmiýet bermegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly
güýjünde ulanmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda,
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň
2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi
mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat
duşuşyklary, aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Ozal yglan edilen
döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenip, medeni-durmuş maksatly binalaryň
açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli çäreler guraldy. Hormatly Prezidentimiziň
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy», “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”,
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň
umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze
kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Aşgabadyň günorta künjeginde
“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik şahyryň ýadygärliginiň
açylyş dabarasynda medeni çykyşlar guraldy.
Geçen ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda
Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherinde
VI Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa bilelikdäki simfoniki orkestriniň
konserti, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we onuň çäklerinde
beýleki ugurdaş çäreler, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly ýokary derejede
geçirildi. Täjigistanda, Ýaponiýada, Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet
günleri, ýurdumyzda bolsa Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň,
Özbegistanyň Medeniýet günleri, Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi
guraldy. Hasabat döwründe teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert
merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň,
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň
ýerine ýetiren işleri barada-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Mämmedowany
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden
boşadyp, bu wezipä Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky
komitetiniň başlygy wezipesinde işleýän B.Seýidowany bellemek barada karara
gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
B.Seýidowa bildirilen uly ynam üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet
çekjekdigine ynandyrdy we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür,
il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Seýidowa
ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli
çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmagyň,
türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan
düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri
dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagy,
ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini gözegçilikde
saklamagy, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen
tanyşdyrýan syýahatçylyk pudagyny ösdürmegi, teleradioýaýlymlarda ýaş
nesilleriň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri köpräk
taýýarlamagy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde
okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw
kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi.
“Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Ýokary okuw
mekdepleri halkara reýting sanawlaryna girizildi. Bäsleşikler, ylmy-amaly
maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Şu döwürde okuwçylardyr
talyplar halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandylar.
Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliligi
ýokarlandyryldy. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji
ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek
boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan
çagalaryň kadaly ösüşini, abadan durmuşyny, saglygy goraýyş edaralaryny
döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işler dowam
etdirildi. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň,
Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Aşgabat
şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçen ýylyň möhüm wakalaryna öwrüldi.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty,
Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak babatda işler dowam
etdirildi. Hokkeý boýunça halkara ýaryş, 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň
arasynda tennis boýunça “Ashgabat Open 2024” atly halkara ýaryş guramaçylykly
geçirildi. Geçen ýylda türgenlerimiz medallaryň 752-sini gazanmagy başardylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri
döretmek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin bilim edaralarynyň
işini kämilleşdirmek, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny
halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam
etdirmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini
ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň, bilim ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri alyp barmagyň
zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin
ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini
giňeltmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz
adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň
öňüni almakda we olary ýok etmekde, derman senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan
işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda sporty
ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda
Türkmenistany dünýä tanatmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp
barmagy tabşyrdy.
Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen
çykyş etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow
sebitde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi. Ol Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary
özleşdirmegiň bellenen ýyllyk meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Geçen ýylda welaýatda iri önümçilik,
medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi, şol sanda Ak bugdaý etrabynyň
Bokurdak şäherçesinde döwrebap umumybilim berýän mekdep, Ýaşlyk şäherçesinde,
Tejen etrabynyň Tejen şäherinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar, Gökdepe, Ak
bugdaý etraplarynda lagym suwuny arassalaýjy desgalar, Bäherden sement
zawodynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil
ýolunyň Tejen — Mary bölegi we beýleki desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup
ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda
degişli ideg işleriniň alnyp barylýandygy, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň
ýazky ekişine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, S.Soltanmyradowy
Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä T.Nurmyradowy bellemek
barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
T.Nurmyradow özüne bildirilen uly ynam üçin
hoşallygyny beýan edip, welaýaty mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin
gujur-gaýratyny, bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň
abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow
2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda sebitde
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga
berildi. Häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba
hojalyk işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew 2024-nji
ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2024-nji ýylda
sebitde “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz”
elektrik bekedi, Daşoguz şäherinde 1 müň 496 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý we
desgalar toplumy ulanmaga berildi. 2025-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek maksady bilen, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda degişli
ideg işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda,
gowaçanyň we azyklyk ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow
2024-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen ýyl sebitde
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary, inženerçilik ulgamlaryny gurmak
boýunça degişli işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaçanyň,
ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow
2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda,
sebitde 5 sany medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar ulanmaga berildi.
Şeýle-de häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça
ekiljek meýdanlary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky möwsüme doly taýýar etmek boýunça
zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak, gaýtadan işlemek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat
we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş
jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk
gözegçilik etmegiň, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz
bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça işleri alyp barmagyň, arassaçylygy
berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri
görmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda
bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny
ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalar esasynda geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň
netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we möwsümleýin işleriň
alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda
önümçiligiň ösüş depgini 126,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 101,8 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
120,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 141,1 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,3 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 233,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 138,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 253,1 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg
etmek, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny, oba hojalyk
tehnikalaryny, tohumlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, ýetip
gelýän owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk işleri dowam etdirilýär.
Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, oba
hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk ekinleriniň, çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk
önümleri bilen doly üpjün etmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen
üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Ýokary hasyl berýän ekinleriň, miweli baglaryň täze görnüşlerini
döretmek, tohumçylyk işini kämilleşdirmek işlerini netijeli alyp barmak,
öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda
maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek, azyk senagatyna degişli kärhanalary
döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk
önümçiliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda degişli işleri
geçirmegiň, oba hojalyk önümlerini öndürijilere edilýän tehniki hyzmatlaryň öz
wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň, ýüpekçiligi
ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek, suw tygşytlaýjy
tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek
işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ylmy edaralar oba hojalyk ekinleriniň
hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek boýunça has netijeli
işlemelidir, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek,
ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler dowam etdirilmelidir,
Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak babatda
degişli işleri alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň
bilen baglylykda, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak,
ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy önümçilige
giňden ornaşdyrmak işlerini netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan
alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Öňde goýlan wezipeleri, döwlet Baştutanymyzyň
ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat
döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara
resmi we iş saparlary guraldy. Geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlaryň döwlet we
Hökümet Baştutanlarynyň 15-si Türkmenistanda döwlet, resmi, iş saparlary bilen
boldular. Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary,
halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary derejedäki wekilleriniň
39-sy ýurdumyza sapar bilen geldi. Bu saparlaryň dowamynda ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi.
BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek
döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler
Guramasyna agza ýurtlar we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde
ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly halkara parahatçylygy, howpsuzlygy,
durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyryldy.
Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 4 sany Kararnamasy kabul edildi. Şolaryň biri 2025-nji ýyly
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda bu resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda degişli işler
alnyp barylýar.
2024-nji ýylyň dowamynda beýleki abraýly
halkara guramalar we döwletara bileleşikler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
babatda-da degişli işler amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk
we Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Ýewropa Bileleşigini, Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny
görkezmek bolar. Geçen ýylda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle
hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary halkara
gatnaşyklaryň okgunly ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylda dürli
derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi
geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti
resminamalaryň 238-si bilen ýetirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça
ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Hasabat döwründe
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birnäçesi
geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly
ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen
ilçileriniň 30-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň
daşary ýurtlardaky 9 ilçisi, 2 konsuly resmi taýdan öz işine başlady.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady
gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri
bolup durýar. Şu maksat bilen, geçen ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara toparlaryň mejlisleriniň 14-si, işewürlik maslahatlarynyň,
duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem Türkmenistanyň
halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp ugry bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň 180-e golaýy geçirildi. Şunuň bilen
baglylykda, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda guralan «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara forumyň ähmiýeti bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi
pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, bu ugurda netijeli işleri durmuşa
geçirýändigini, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we
halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilendigini belledi.
Türkmenistan dünýä hem sebit döwletleri bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda
ýygjam gatnaşyklary, ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa
ugurlary boýunça netijeli işleri alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birnäçe iri
halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, wise-premýer,
daşary işler ministrine göz öňünde tutulan çärelere gowy taýýarlyk görmegi we
olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2024-nji ýylda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu döwürde milli parlamentiň
3 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň
26-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň
medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli
peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň
2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, ýurdumyzyň
halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny tassyklamak we olara goşulyşmak
baradaky başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça kanunlaryň
birnäçesi bar. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesi döwrüň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirildi. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen ýyl dürli
döwletleriň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň
wekilleri bilen duşuşyklaryň 53-si geçirildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda
täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 15-sinden ynanç
hatlary kabul edildi.
Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen,
Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 37-si amala aşyryldy.
Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň
abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 123-sine
gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň wekilleri Türkmenistanda
hem-de daşary ýurtlarda geçirilen dürli halkara forumlara gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk
binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, 2024-nji ýylda milli
kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara
üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Kabul edilen bu kanunlar
Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we
bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň
esasyna öwrülendigini, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly
baýramynyň halkara derejede giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny hem-de
ýadygärlik nyşany döretmek boýunça kanunçylyk tarapdan degişli işleri
geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli
görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly
şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda
ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu
bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň
başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek
baradaky asylly ýörelge hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli
dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, degişli
topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň
netijeleri boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen
2024-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şunlukda, durmuş,
ykdysady, medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Mary
welaýatynyň Sakarçäge etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji
bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan
dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2025-nji
ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan
etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen
meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de
durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi.
Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap
galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim,
söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy. Maýa goýumlar
9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi.
Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan
dollaryndan gowrak boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1
million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika
toplumyna degişli iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan
Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna
badalga berlendigini belledi. Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden, Lebap
sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly
asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz
suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli,
şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze
binalar toplumy, saglygy goraýyş maksatly halkara merkezler we beýleki desgalar
ulanmaga berildi.
Döwlet Baştutanymyz daýhanlarymyzyň ekinlerden
bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edendiklerini belledi.
2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,
döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki
dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara
çäreler guraldy. Ýurdumyzda söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Bitarap döwletimiziň halkara
giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen
hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy
esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe
Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň öňe sürýän
umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw
tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Bitarap Türkmenistan beýleki iri
halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Hormatly Prezidentimiz her ýylyň belli bir
şygar boýunça geçirilýändigini, şu ýylyň hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga,
ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala
aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär.
Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet
çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňde duran
wezipeler barada durup geçip, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy
meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk
umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup
ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde
welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler.
Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden
geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa
menzili toplumyny gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler
diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz,
elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň
gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.
Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary
hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagyň, ýylyň aýratyn
möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary
derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl üçin kabul edilen
maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ata Watanymyzy mundan
beýläk-de gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny aýdyp, halkymyz
bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere,
maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov