Şu gün
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat –
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş
dabarasy geçirildi.
Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça
başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Munuň özi Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny,
ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalandyrylmagyny
şertlendirýär.
Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat –
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji
ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203
kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda
amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli
awtomobil ýolunyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň
oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli
awtomobil ýolunyň birinji tapgyry täze düzüm desgasynyň degişli güwänamalara –
awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany
düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol
gurluşygyny taslamak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini,
şeýle hem bu awtomobil ýolunyň ýokary derejede howpsuzlygyny we onuň
gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan
güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil
ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere we täze
tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli
awtomobil ýurdumyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa
geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitine çenli
uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder.
Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan
daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.
Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy
ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna
hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy
tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm
orny eýeleýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2014-nji,
2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag
ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli
Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini bellemeli.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji
plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen we Milletler Bileleşigine
agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi, oňa laýyklykda
26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan edildi. 2016-njy
ýylda hut şol gün Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy
maslahaty geçirilipdi.
Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
öňe sürlen we döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa
geçirýän halkara başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar
edilýändiginiň, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişligindäki
abraýynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan
netijeli peýdalanmaga çalşyp, döwletimiz hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ulagyň ähli görnüşleriniň – awtomobil, demir ýol, howa, deňiz
ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça
milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze howa menzilleri
döredilýär, polat ýollar çekilýär, Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen
birleşdirýän awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag parkynyň üsti döwrebap
tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýär.
Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli
goşulyşmak bilen, Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça
wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy ulag-üstaşyr geçelgeleriniň
düzümini berkidýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu
ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny
gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek
maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi
Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn
Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag
ulgamyna goşulmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.
Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garagum
sährasynyň çäginden geçýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň
başlangyçlary bilen eziz Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge,
şeýle hem tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli
işler amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýar we täze taslamalar bilen üsti ýetirilýär.
Ine, şeýle taslamalaryň biri hem uzynlygy
600 km bolan “Aşgabat –Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýoly sebitde
ykdysady-söwda gatnaşyklarynda täze başlangyçlara itergi berýär.
“Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar
jemgyýeti tarapyndan gurluşygy amala aşyrylýan bu taslamanyň Aşgabat-Tejen
bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde
ulanylyşa girizildi.
Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli
awtomobil ýolunyň Mary-Tejen bölegi “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan
ýerine ýetirildi. Şunda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem
ýolagçylar üçin döwrebap dynç alyş we hyzmat ediş zolaklary bina edildi.
Halkara derejeli bu ýol 6 sany hereket
zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.
Täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler
döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary
bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary,
wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler we beýlekiler oturdyldy.
Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary
ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket
zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Ýol
örtügi birinji derejeli täze awtoban döwrebap serişdelerden — ýokary hilli
asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil
ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat
bolup olar ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny
artdyrmak üçin ulanylýar.
Ýol düzümi iň ýokary ülňüleri hasaba almak
bilen abadanlaşdyryldy. Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjiler we ýolagçylar
üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, kafeler, ýangyç guýujy beketler we beýleki
desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň düzüminde gözegçilik kameralary bilen üpjün
edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat
gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulypdyr.
Ulag akymy barada ähli maglumatlary
toplaýan, ýatda saklaýan we ýol gözegçilik gullugyna geçirýän bökdençsiz ýörite
wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar. Bu ýere meteorologiýa bekedinden
ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar hem iberilýär.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoluň ugrunda
gaýragoýulmasyz jaňlar we tiz kömek merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon
aragatnaşygyň ýörite nokatlary oturdylypdyr.
tdh.gov